G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования



Download 0.66 Mb.
bet1/13
Sana21.01.2017
Hajmi0.66 Mb.
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty

Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasy



G. Gutlyýew



Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary

Системы Автоматизированного проектирования

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw

GOLLANMASY



Aşgabat –2008ý.


TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty

Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasy




G. Gutlyýew



Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw

GOLLANMASY

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk


institutynyň okuw –usulyýet toparynyň
maslahatynda tassyklandy: 24.06.2004ý.
Aşgabat –2004ý.


Mazmuny


sahypasy



Giriş


4

1. Taslama düzmegiň prinsipleri we derejeleri

4

1.1. Taslama düzmegiň derejeleri

4

1.2. Taslama düzmegiñ beýanynyñ aspektleri

5

1.3. Taslama düzmek prosesiniň düzüm bölekleri

6

1.4. Ulgamdan elementlere ýa-da elementlerden ulgama taslama düzmek

7

1.5. Taşlanýan obýektleriň beýan edilmeleriniň görnüşleri we olaryň toparlara bölünmesi

7

1.6. Taslama düzmegiň tipli meseleleriniň toparlara bölünmegi

10

1.7. Taslama meselelerinin tipli yzygiderligi

11

1.8. Tehniki obýektleri taslamagyň marşrutlarynyň mysallary

14

1.9. ATDU - da taslama düzmegiň režimleri

16

2. Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň matematiki üpjünçiligi

17

2.1. Matematiki modellere talaplar

17

2.2. Matematiki modelleriň toparlara bölünişi

18

2.3. Elementleriň matematiki modellerini döretmegiň usullary

21

2.4. Analiz meselelerini goýmak we ony çözmegiň ýollary

23

2.5. Metaderejede analiz meselelerini goýmagyň we çözmegiň aýratynlyklary

25

2.6. Sintez meseleleriniň goýuluşy we olary çözmek üçin çemeleşmeler

27

2.6.1. Parametrik sintez meseleleriniň toparlara bölünmegi

27

2.6.2.Parametrleri we yolbermeleri optimizirlemegin esasy meselesinin matematiki formulirlenisi

29

2.7. Strukturlaýyn sinter meseleleriniň toparlara bölünmegi

32

2.8. Strukturalaýyn sintez meselelerini çözmeklige çemeleşmeler

33

3. Awtomatlaşdyrylan taslama düzmek ulgamlaryny gurmak

34

3.1. Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň üpjünçilikleri

35

3.2. Maksatnamalaryň we maglymatlar bankynyň informasion baglanşyklary

35

4. Tejribe işleri

38

4.1. Ýönekeý matematiki modelleri kompýuterde amala aşyrmak

38

4.2. Kärhananyň ýönekeý hasaplaşyk-töleg aýannamasyny Excel-de tasa getirmek

43

4.3. Tora programmasynda çyzykly maksatnamalamagyň umumy meselesini simpleks usulynda çözmek

50


4.4. Tora programmasynda çyzykly maksatnamalamagyň ulag meselesini çözmek

57

4.5. KedrWin programmasynda ýönekeý çyzgylary ýerine ýetirmek

67

Edebiýatlar

73


Giriş

Biziň Altyn zamanamyzda ylmy-tehniki progresiň ösüşini ilerletmegiň ugurlarynyň biri önümçiligi awtomatlaşdyrmakdyr. Bu ugur bolsa awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlaryny (ATDU) ulaga, aragatnaşyga, onuň pudaklaryna, önümçilige ornaşdyrmak bilen üznüksiz baglanyşyklydyr.


ATDU-ny ulanmak, taslama çözgütleriniň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde taslama işiniň bahasyny arzanladýar hem-de taslama işiniň dowam etme möhledini kemeldýär.

ATDU-ny ulag pudagyna we aragatnaşyga ornaşdyrmak üçin, ATDU-ny işläp taýýarlamagy hem-de önümçilikde ulanmagy başarýan, şeýlelikde, umumy ykdysadyýetimiziň ösüşine özleriniň degerli goşantlaryny goşýan, ezber hünärmenler zerurdyr.

Umuman berlen pudagyň önümçiligine ATDU-ny ornaşdyrmak, aşakdaky tapgyrlardan ybarat bolýar:


  1. ATDU-ny önümçilige ornaşdyrmagyň meselelerini we prinsiplerini kesgitlemek(meseläni goýmak);

  2. ATDU-ny önümçilige ornaşdyrmagyň tehniki ýumşuny taýýarlamak;

  3. ATDU-ny önümçilige ornaşdyrmagyň maksatnama üpjünçiligini kesgitlemek;

  4. ATDU-nyň maglumatlar bazalarynyň taslamasyny düzmek;

  5. ATDU-nyň maksatnama – tehniki taýdan zerur düzümlerini kesgitlemek;

  6. ATDU-nyň grafiki ulgamlarynyň düzümini kesgitlemek;

  7. ATDU-nyň öndürijiliginiň we ygtybarlylygyny seljermegiň matematiki usullaryny düzmek;

  8. Awtomatlaşdyrlan ulgam boýunça prosesi imitasion modelirlemek - meseläni çözmek.

Şu tapgyrlar esasynda taslanýan ulgamyň : umumy sudury kesgitlenýär; taslanýan obýektleriň parametrlerine degişli talaplar formirlenýär; tehniki ýumşuň amala aşyrylmak derejesi bahalandyrylýar; ulgamyň funksionirlenmeginiň hil görkezjileri seljerilýär.

Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamy arkaly tapylan netijeler, derňelýän obýekt üçin ulanylyp, ykdysady we hil görkezjili partametrleriň bahalary kesgilenýär.


1. Taslama düzmegiň prinsipleri we derejeleri.


    1. Taslama düzmegiň derejeleri.

Tehniki obýekte taslama düzmek - obýektiň obrazy bilen bagly bolup, islendik ýagdaýda, taslama düzmek taslama ýumşy bar bolan ýagdaýda ýerine ýetirilýär. Taslama ýumşy ol ýa-da beýleki resminamalar görnüşinde aňladylyp, obýektiň başlangyç beýan edilmesidir. Düzgün boýunça, taslama düzmegiň netijesinde, berlen şertlerde obýekti döretmek üçin ýeterlik maglumatlary saklaýan resminamalaryň doly toplumy alynýar. Bu resminamalar özünde obýektiň gutarnykly beýan edilmesini jemleýär.



Taslama düzmek - derňew, hasaplama we konstruktorçylyk işleriniň toplumlarynyň ýerine ýetirilmegi netijesinde, obýektiň başlangyç beýan edilmegini gutarnykly beýan edilmä öwürýän prosesdir.

Başlangyç beýan edilmegi gutarnykly beýan edilmä öwürmek, aralyk beýan edilmeleri döredýär. Şeýle beýan edilmelere taslama çözgütleri diýlip, olar boýunça taslama işleriniň tamamlanandygy ýa-da dowam etme ýollary görkezilýär.

Taslama düzmek tutuşlygyna ýa-da bölekleýin kompýuterde ýerine ýetirilse, onda oňa awtomatlaşdyrylan diýilýär.

Çylşyrymly obýektler beýan edilende, olary aýratyn toparlara bölüp basgançaklaýyn beýan edip, iýerarhik derejelerini hem-de aspektlerini gorkezmeli bolýar(sur.1.1). Iýerarhik derejeleriň her birinde ulgamlaryň we elementleriň özlerine mahsus düşünjeleri ulanylýar.




S
urat 1.1.
Iýerarhik derejeler we olaryň elementleri.
Elementler funksional nyşanlary boýunça tabyn bölek elementlere bölünip, bu proses, tä nobatdaky element bölünmeýänçä dowam etdirilýär. Şeýle bölünmeýän elementlere, S obýekte görä-baza elementleri (düzüji elementler) diýilýär.

Kesgitleme: S obýektiň funksional nyşan boýunça derejelere bölünmegine iýerarhiklik ýa-da kompozisiýa prinsipi, her derejäniň öz gezeginde, düzüji bloklara-böleklere bölünmegine bolsa dekompozisiýa prinsipi diýilýär.

Senagat obýektleri arhitektura-gurluşyk taýdan taslananda, aýratyn jaýlaryñ, ýollaryñ toplumynyñ, şäherleriñ we ş.m. iýerarhik derejeleri bölünip, olaryñ her biri özlerinden aşakdaky derejedäki elementler üçin ulgam bolup çykyş edýär.


1.2. Taslama düzmegiñ beýanynyñ aspektleri.
Obýektleriñ teswirlenýän häsýetlerine görä, beýan etmeleriň dekompozisiýasyny - berlen derejede elementlere bölmekligi ulanýarlar. Şeyle dekompozisiya beyan etmeleriñ birnäce aspektleriniñ döremegine sebäp bolyar. Olardan; funksional, konstruktorçylyk we tehnologik aspektler esasylary hasaplanyarlar.

Beýan etmegiň funksional aspekti funksionirlenmegiň esasy prinsipleriniň, obýektde bolup geçýän fiziki we informasion prosesleriň häsiýetleriniň görkezilmegi bilen baglydyr we prinsipial, funksional, strukturalaýyn, kinematik shemalarda hem-de olary goldaýan resminamalarda öz beýanyny tapýar.

Beýan etmegiň konstruktorçylyk aspekti funksional taslamanyň netijeleriniň amala aşyrylmagy bilen, ýagny, obýektiň geometrik formalarynyň kesgitlenmegi hem-de olaryň giňişlikde özara ýerleşmegi bilen baglydyr.

Beyan etmegiň tehnologik aspekti konstruktorçylyk taslamanyň netijeleriniň amala aşyrylmagyna degişlidir, ýagny, obýektleriň taýyn edilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň beýany bilen baglydyr.


Obýektiň häsiýetleriniň beýany, ondaky bölek ulgamlaryň hem-de degişli sandaky aspektleriniň tapawutlandyrylmagy bilen, has jikme-jik gorkezilip bilner. Meselem, beýan edilýän hadysalaryň fiziki esaslary boýunça, funksional aspekti: elektrik, mehaniki, gidrawlik, himiki we ş.m. aspektlere bölýärler. Şeýlelikde, elektromehaniki ulgamyň beýanynda elektrik we mehaniki bölek ulgamlaryň beýany, ýader reaktorynyň beýanlarynda-gazodinamik, ýylylyk, fiziko-neýtron bölek ulgamlar we ş.m.bolup bilerler.




1.3. Taslama düzmek prosesiniň düzüm bölekleri.
Taslama düzmek, proses hökmünde, stadiýalara, tapgyrlara, taslama proseduralaryna we amallara bölünýär.

Çylşyrymly ulgamlar taslanan döwründe taslamadan öňki barlaglar, tehniki ýumuş we tehniki teklip, eskiz, tehniki, işçi taslamalar, synag we amala aşyrylma stadiýalaryny tapawutlandyrýarlar.



Taslamadan öňki barlaglar, tehniki ýumuş we tehniki teklip stadiýalarynda: täze önümleri almak, senagatyň berlen ýa-da gatyşyk pudaklaryndaky ylmy-tehniki ösüşler, bar bolan resurslar boýunça maglumatlaryň öwrenilmegi esasynda, tehniki obyektiň niýetlenmesini, ony gurmagyň esasy prinsiplerini kesgitleýärler we obýekte taslama duzmek üçin tehniki ýumşy (TÝ) formulirleýärler. Bu stadiýalary, başgaça, ylmy-barlag işleriniň stadiýalary diýip hem atlandyrýarlar.

Eskiz taslama stadiyasynda (başgaça, tejribe konstruktorçylyk işleriniň

(TKI) stadiyasy ) geljekdäki obyektiň funksionirlenmeginiň korrektligi (boljak zatdygy), esasy prinsipleriniň hem-de yagdaylarynyň amala aşjakdygy barlanyar we onuň taslamasy döredilyär.



Tehniki taslama stadiyasynda tehniki çözgütler hemme taraplaýyn anyklanylýar hem-de detallaşdyrylýar we önüm döredilýär.

Işçi taslama stadiýasynda önümi taýýarlamak üçin hemme zerur resmileşdirmeler ýerine ýetirilip, önümiň ýa-da onuň barlag partiýasynyň synag nusgasy barlanýar. Synag edilmegiň netijeleri boýunça, taslama resminamalaryna zerur düzedişler girizilýär, ondan soň, önüm saýlanan kärhanada önümçilige göýberilýär, ýagny, önümiň taslamasy amala aşyrylýar.

Taslama düzmegiň tapgyry-taslama düzmek prosesiniň bölegi bolmak bilen, bir ýa-da birnäçe uyerarhik derejelere we aspektlere degişli obýektiň beýan edilmesini öz içine alýar. Köplenç, tapgyrlaryň atlary degişli uýerarhik derejeleriň we aspektleriň atlary bilen gabat gelýärler. Meselem, tehnologik proseslere taslama düzmekligi - bu prosesiň prinsipiýal shemasyny işläp taýýarlamak, marşrutlaýyn tilsimatlar, operasion tilsimatlar hem-de programmalaýyn dolandyrylýan tehnologik enjamlar üçin dolandyryjy informasiýalary magnit disklerinde almak ýaly tapgyrlara bölýärler.

Taslama düzmegiň tapgyrynyň düzüm böleklerini taslama proseduralary diýip atlandyrýarlar. Taslama prosedurasy-ýerine ýetmesi taslama çözgüdini almak bilen tamamlanýan tapgyryň bölegidir. Her bir taslama prosedurasyna, şu proseduranyň çäginde çözülýän käbir taslama meselesi degişlidir. Taslama prosedurasynyň düzümine girýän, taslama prosesiniň has ownuk böleklerine- taslama amallary diýilýär.

Taslama proseduralaryna mysallar: önümiň çyzgysyny resmileşdirmek; güýçlendirijiniň parametrlerini hasaplamak; hereketlendirijiniň tipli konstruksiýasyny saýlamak we ş.m.

Taslama amallaryna mysallar: çyzgynyň çarçuwasyny çyzmak; güýçlendirijiniň statik ýagdaýyny beýan edýän algebraik deňlemeler ulgamyny çözmek we ş.m.


1.4. Ulgamdan elementlere ýa-da elementlerden ulgama taslama düzmek.
Eger ýokarky iýerarhik derejeleriň meseleleriniň çözüwi aşaky derejeleriň meseleleriniň çözüwinden öňürdýän bolsa, onda taslama düzmeklige ýokardan - aşak (ulgamdan - elementlere), tersine bolan ýagdaýlarda, aşakdan - ýokary (elementlerden - ulgama) taslama düzmek diýilýär.

Taslama düzmekligiň bu görnüsleriniň her biriniň artykmaç hem-de kem taraplary bardyr. Ýokardan asak taslama düzülende, ulgam, haçanda, onuň elementleri entek kesgitlenmedik ýagdaýynda işlenip düzülýär. Diymek, munda elementleriń mümkinçilikleri we hasiýetleri baradaky maglumatlar çaklama häsiyetlidir. Aşakdan ýokary taslama düzülende, tersine, elementler ulgamdan öň taslanýarlar, diýmek, bu ýerde, ulgam baradaky maglumatlar çaklama häsiýetlidir.

Iki ýagdaýda hem, gutarnykly başlangyç informasiýalaryň ýetmezçiligi sebäpli, mümkin bolan optimal tehniki netijelerden gyşarmalar bardyr. Taslama duzmeklige bloklaýyn - iýerarhik çemeleşmelerde şeýle gyşarmalar gutulgysyzdyr. Şol sebapli, alynýan netijeleriň optimallygyny, taslama duzmekligiň material hem-de wagt boýunça harajatlaryny özune girizýan tehniki ykdysady görkezijileriň usti bilen kesgitleýärler.

Adatça, ýokardan - aşak we aşakdan - ýokary taslama duzmek işleri utgaşdyrylyp ýerine ýetirilýär. Kabul edilen çaklamalar ýerine ýetmedik ýagdaýynda, öň ýanyndaky taslama proseduralaryny parametrleriň uýtgedilen bahalarynda täzeden gaýtalap ýerine ýetuirmeli bolýar. Şeýle gaýtalanmalar optimal netijelere yzygider ýakynlaşmalary upjun edip, taslama duzmekligiň iterasiýon häsiýetliligini şertlendirýär. Diýmek, çylşyrymly obýektlere taslama düzülende, iterasionlyk hem zerur prinsipleriň biridir.


1.5. Taşlanýan obýektleriň beýan edilmeleriniň görnüşleri we olaryň toparlara bölünmesi.
Taşlanýan obýektleriň gutarnykly beýan edilmesi, konstruktorçylyk remileşdirmeleriň umumylaşdyrylan ulgamy (KRUU) boýunça resmileşdirilen hem-de bu obýekti taýyn etmek we ulanmak prosesinde peýdalanmak üçin niýetlenen shemalaýyn, konstruktorçylyk we tilsimat resminamalarynyň doly toplumydyr. Şeýle hem KRUU boýunça käbir aralyk taslama çözgütleri resmileşdirilýär. Ýöne, taslama döwründe ulanmak üçin niýetlenen aralyk çözgütler üçin, häzirki taslama düzmek ulgamynda kabul edilen aňladylmalaryň ýörite ýönekeýleşdirilen görnüşleri peýdalanylýar. Hususan-da, beýan edilmeler dürli dil formasyny kabul edip bilerler we ATDU-nyň dürli ýatda saklaýjy gurluşlarynda ýerleşerler. Bu beýan edilmelerde taslanýan obýektleriň matematiki modelleri uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, awtomatlaşdyrylan taslama düzmekde taslama proseduralaryny ýerine ýetirmeklik matematiki modellere esaslanýar.

Tehniki obýektiň matematiki modeli(MM) - obýektiň käbir häsiýetlerini aňladýan matematiki ululyklaryň (sanlaryň, üýtgeýänleriň, massiwleriň, köplükleriň we ş.m.) we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamydyr. Taslama döwründe inženeriň nukdaý nazaryndan ähmiýetli bolan, obýektiň esasy häsiýetlerini aňladýan matematiki modeller ulanylýar.

Berlen iyerarhik derejäniň, şol san-da MM-iň, beýan edilmelerinde aňladylýan obýektiň häsiýetleriniň arasynda ulgamyň, ulgamyň elementleriniň we obýektiň ýerleşýän daşky sredasynyň häsiýetlerini tapawutlandyrýarlar. Bu häsiýetleriň mukdar taýdan aňladylmasyny-parametrler diýlip atlandyrylýan ululyklar arkaly belleýärler. Ulgamyň, onuň elementleriniň we daşky sredanyň häsiýetlerini aňladýan ululyklara, degişlilikde, çykyş, içki we daşky parametrler diýip at berýärler.

Mysallar:

a)Porşenli kompressorlar üçin:



çykyş parametrleri-kompressoryň öndürijiligi, hereketlendirijiiň kuwwaty, ýangyjyň harç edilmesi we ş.m.-dir;

içki parametrleri- sürtülme koeffisiýentleri, klapanlaryň ýozulma(истечения) koeffisiýentleri we ş.m.-dir;

daşky parametrler: daşky sredanyň temperaturasy, tüsse çykmagyna garşylyklar we ş.m.-dir.

b)Elektron güýçlendirijiler üçin:



çykyş parametrleri- goýberiş zolagy, giriş garşylygy, ýaýramaklyk kuwwaty we ş.m;

içki parametrleri: kondensatorlaryň göwrümleri, tranzistorlaryň parametrleri we ş.m;

daşky parametrler: iýmitlendirme çeşmeleriniň bady(naprýaženiýesi), zor salmanyň (нагрузкаnyň) garşylygy, möçberi we ş.m.-dir.

Çykyş, içki we daşky parametrleriň mukdarlaryny, degişlilikde, m,n,l harplary bilen, bu parametrleriň wektorlaryny bolsa:



Y= (y1,y2,…,ym ) - çykyş parametrleri;

X= (x1,x2,…,xn ) - içki parametrleri;

Q= (q1,q2,…,ql ) - daşky parametrleri
yaly belläliň.

Bilşimiz yaly, ulgamyň häsýetleri-çykyş parametrleri, onuň içki we daşky parametrlerine baglydyr. Diýmek




Y= F (X,Q) (1.1)

ýazyp bileris.

(1.1) gatnaşyklaryň ulgamy obýektiň ýönekeý matematiki mobeliniň mysalydyr. Eger şeýle model anyk görnüşde bar bolsa, onda çykyş parametrleri içki we daşky parametrleriň üsti bilen ýeňil hasaplanýarlar.

Ýöne (1) görnüşdäki matematiki modeli, diňe, örän ýönekeý we az sanly obýektler üçin alyp bolýar. Adatça taslanýan obýektdäki prosesleriň matematiki beýany çylşyrymly deňlemeler ulgamy görnüşdäki model arkaly:


LV (Z) = f (Z) ; Z=Z (X,T) (1.2)


görnüşde berilýär. Bu ýerde :



V- faza ütgeýänleriň wektor-funksiýasy;

L-käbir operator;



Z-umumy ýagdaýda, giňişlik we wagt koopginatalaryny aňladýan, bagly däl ütgeýänleriň wektorydyr, başgaça, faza ütgeýänlerdir;
f (Z)- bagly däl ütgeýänlerden berlen funksiýa.


Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling

    Bosh sahifa