G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования



Download 0.66 Mb.
bet8/13
Sana21.01.2017
Hajmi0.66 Mb.
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   13

30 x=(d-b)/(a-c)



40 PRINT a, b, c, d, x


50 END

Goý, 4x – 2,3 = 2x + 8,5 anyk mysal berilsin. Onda Basic-programmada a = 4; b = -2,3; c = 2; d = 8,5 girizip, x çykyş parametriniň x=5,4 san bahasyny alarys.

Bu meseläni M S Excel goşmaçasynda çözmek üçin, jezweliñ 1-nji setirinde:

A1=4; B1 = -2,3; C1=2; D1=8,5

bahalary gizireliñ. E1 öýjigiñ bahasy üçin, formulalar setirinde:
=(d1-b1) / (a1-c1)
ýygnalyñ. Onda E1 öýjükde 5,4-gözlenýän san bahany alarys. E1 öýjügiñ aşaky sag burçundaky “ + ” nyşanjygyny – doldurma markerini aşak çekip alyp gaýtmak bilen, E1 öýjüge degişli formulany E2, E3, …öýjükler üçin nusgalalyň. Indi, seredilen modeliñ beýleki wariantlary üçin, meselem:

A3=3,5; B3=6,7; C3=1,3; d3=-2,1


bahalary gizirip, E3 öýjükde –4 bahany alarys.

Eger (2) modelde a, b, c, d, -koeffisiýenleriň - parametrleriň islendik bahalaryna seretsek, onda algoritmde a≠c şerti barlamaly bolarys we şert ýerine ýetmedik ýagdaýynda, meseläniñ ”çözüwi ýok” netijesini almalydyrys. Şeýlelikde, biz, şahalanýan hasaplaýyş modeliniñ mysalyny aldyk. Onuñ çözüwiniň algoritmini we Basic- programmasyny şeýle añlatmak bolar:




66


10 rem --- Şahalanýan modele mysal

20 input a,b,c,d

30 if a <> c then 50

40 print “Ģözüwi ýok”

50 x=(d-b)/(a-c)

60 print a,b,c,d,x

70 end
Bu meseläni MS Excel goşmaçasynda çözmek üçin, öñki jezwelde E1 öýjügiñ formulasyny:
=ECЛИ (a1<>c1, (d1-b1) / (a1-c1) “Çözüwi ýok”)
görnüsde ýazarys we aşaklygyna nusgalarys.
Işi ýerine ýetirmegiñ tertibi.


a) Zerur maglumatlary öwrenmeli we depderiňize gysgaça ýazgy etmeli.
b) Barlag soraglaryna jogap bermeli.
ç) Degişli wariant boýunça barlag ýumuşlaryny ýerine ýetirip, hasabaty tabşyrmaly.
Barlag soraglary
1) Awtomatlaşdyrylan taslama düzmek näme?

2) Tehniki obýektiň matematiki modeli diýlip nämä düşünilýär?



3) Berlen obýektiñ matematiki modeliniñ çykyş, içki we daşky parametrlerini aýdyp beriň.

Wariantlar boýunça ýumuşlar
I ýumyş. Berlen çyzykly modeliñ algoritmini, Beýsik programmasyny we Excel jezwelini düzmeli



Wariant №

Anyk formulasy-usuly

bellik

1

Y=ax2 + bx + c

a, b, c, t, R.

2

Y=2 sinx+cosx




3

Y= - 3|x-8c|+c*d




4

Y=2,3x2-5x+a-3b




5

Y=3,25a2+4b2




6

Y=-2,4x2-6,7c+8,1d




7

Y=2*log2 (7+b)-ea




8

Y=4,9.22x-3x+eb




9

Y=6,6 * tg x -2,7c+2d




10

Y=5,4a2+2,7b2-3c




11

Y=8,7a4-5bx-ln(c+d).




12

Y=4,89*c3 – 12,298*ln 45




13

Y=2.58log3(c+d2-b)+a3




14

Y=tg(2x3-7a+2.36b)-|c-5d|




15

Y=sin(tg(a-3b)+x4)- ln(4,56a2)






II ýumuş. Berlen şahalanýan modeliň algoritmini, Beýsik programmasyny we Excel jezwelini düzmeli.


Wariant №

Anyk formulasy-usuly

Bellik

1.

Y=




2.


Y=




3.

Y=




4.

Y=




5.

Y=




6.

Y=




7.

Y=




8.

Y=




9.

Y=




10.

Y=



11.



Y=




12.

Y=




13.

Y=




14.

Y=




15.

Y=





4.2. Kärhananyň ýönekeý hasaplaşyk -- töleg aýannamasyny Excel-de tasa getirmek.
Işiň maksady: Talyplary kärhananyň ýönekeý hasaplaşyk - töleg aýannamasyny Excel-de tasa getirmeklige türgenlemek.

Gerekli enjamlar: personal kompýuterler.
Zerur maglumatlar.

Giriş düşünjeleri. MS Excel - elektron tablisalaryny işläp taýýarlaýan kuwwatly hem-de öndürijilikli maksatnamalaryň biridir. Ony hasabatyň ýönekeý meselelerini çözmekde, şeýle hem dokumentleriň dürli formalaryny düzmekde, maliýe-analitik hasaplary geçirmekde we ş.m.-lerde ulanmak bolar. San, tekst we beýleki görnüşlerdäki maglumatlary işlemeklik, çylşyrymly hasaplary ýerine ýetirmeklik -- matematiki, statistiki, maliýe we beýleki funksiýalary ulanmak, grafiki obýektleri döretmek, Microsoft Office-iň beýleki goşmaçalarynyň funksional mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly has ýeňilleşýär.

MS Excel goşmaçanyň penjiresi: penjiräniň adynyň setiri; penjiräniň ölçeglerini dolandyrýan basgyçlar; baş menýunyň setiri; instrumentler paneli we ş.m.-ler ýaly Windows penjireleriniň hemme elementlerini saklaýandyr.

Baş menýuda (Файл,Правка, Вид…) elektron tablisalary bilen işlemekde zerur bolan hemme komandalar getirilendir. Baş menýunyň Вид punkty ekranyň daşky görnüşini kesgitleýän komandalaryň sanawyny saklaýar. Вид - Панели инструментов komandasy standart, formatirleme we ş.m. instrumentler panellerini ekrana çykarmaga / aýyrmaga mümkinçilik berýär. Строки формул (formulalaryň setirleri) we Строки состояния (ýagdaý setirleri) görnüşleri ekrana çykarmak hem Вид menýusyndan dolandyrylýar.

MS Excel-iň penjiresiniň iş oblasty setirleriň we sütünleriň kesişmeleri gönüburçly öýjüklerden durýan jezweldir. At setirleri A,B,C… sütünleriň we 1,2,3,… setirleriň atlaryny saklaýarlar. Elektron tablisada setirleriň we sütünleriň mukdary juda ýeterlik bolup, diňe kompýuteriň resurslary arkaly çäklenýärler. Tablisany gözden geçirmek üçin wertikal (dik) we gorizontal (kese) geçirme zolaklary peýdalanylýar. Geçirme zolaklaryň, gözenekleriň barlygy ýa-da ýoklugy Сервис menýusynyň Параметры komandasy arkaly berilýärler.

MS Excel-de döredilýän dokumentler iş kitabynyň faýly ýaly tasa geçirilýärler. Iş kitaby, ekranda ýarlyklarynyň -- nyşanlarynyň mukdary dymma boýunça berlen (Сервис - Параметры - Общие) 255 sany listlerden ybaratdyr. Listler boýunça geçmek syçan arkaly amala aşyrylýar. Listler goşulyp (Вставка - Лист), ýok edilip (Правка - Удалить лист), täzeden atlandyrylyp (Формат - Лист - Переименовать) bilnerler. Listleri berlen iş kitabynyň möçberinde ýa-da başga kitaba geçirip/göçürip (Правка - Вырезать/Копировать) bolar. Формат - Лист - Скрыть / Отобразить komandasy arkaly iş listini ekranda gizläp ýa-da görkezip bolar.

Faýllar üstünde berjaý edilýän komandalar Файл menýusynda ýerleşýärler. Создать komandasy boýunça täze iş kitaby açylýar. Öňden döredilen iş kitabyny gözden geçirmek we redaktirlemek üçin Открыть komandasy ulanylýar. Сохранить we Сохранить как… komandalary faýllary diske ýazmak üçin ulanylýarlar. Сохранить komandasy öňden döredilen faýlyň täze redaksiýasyny şol bir at bilen öňki diskine ýazýar. Сохранить как… - täze ýa-da bar bolan faýly täze atly we (ýa-da) başga diske hem-de kataloga ýazýar.

Elektron tablisasynda ekranyň kursory göniburçluk formasynda bolup, aktiw - tapawutlandyrylan öýjügi görkezýär. Kähalatlarda diňe bir öýjük däl-de, öýjükleriň diapazony we bloklary bilen iş salyşmaly bolýar. Iş listiniň islendik bölegini tapawutlandyrmagy, esasan, syçan enjamy arkaly ýerine ýetirýärler (şunlukda ilkinji öýjügiň reňki üýtgeýän däldir). Ýanaşyk däl öýjükleri tapawutlandyrmagy Ctrl klawişini basylgy saklap ýerine ýetirýärler.

Maglumatlary girizmek üçin kursory degişli öýjüge eltmek, maglumatlary klawiaturanyň kömegi bilen girizmek we girizmäni Enter klawişini basmak bilen soňlamak bolar. 1-nji tablisada maglumatlary girizmek üçin ulanylýan klawişleriň utgaşmalary getirilendir.



4.1 -nji tablisa

Girizmegiň tertibi

Klawişler

Ýokardan -aşak

Enter

Aşakdan - ýokary

Shift + Enter

Çepden - saga

Tab

Sagdan - çepe

Shift + Tab

Öýjükleriň diapazonyna birmeňzeş maglumatlary ýa-da formulalary çalt girizmek üçin doldurma markeri (tapawutlandyrylan öýjügiň aşaky sag burçundaky +) ulanylýar. Doldurma markeriniň kömegi bilen, aktiw öýjügiň bahasyny artdyryp, hatary ýa-da sütüni döretmek mümkin. Elektron tablisanyň öýjügine hemişelik bahalary (san, sene we wagt, tekst maglumatlarynyň dürli formatlary) ýa-da formulalary (operandlary öýjükleriň adresleri, funksiýalar we ş.m.-ler bolan matematiki aňlatmalar) girizmek mümkindir.

Täze iş listiniň hemme öýjükleri san formatynda kesgitlenýärler. Sanlar :maksimal –mümkin takyklykda bitin sanlar (426) ; onluk droblar (4,26) ; 4,26 E+12 ýaly eksponensial sanlar görnüşinde aňladylyp bilinerler.

MS Excel girizilen maglumatlara dogry formaty awtomatiki kabul etdirýär. Meselem , eger 15% girizilen bolsa, onda öýjügiň formaty göterimli bolar.

Senäniň we wagtyň birnäçe formatlary bardyr, emma hemme seneler sanlaryň yzygiderligi , wagtlar bolsa – onluk droblar görnüşinde saklanýarlar. Senäniň we wagtyň üstünde arifmetiki amallary ýerine ýetirmek bolýar.

Tekst islendik simwollar ýa-da sanlaryň we simwollaryň erkin utgaşmalary arkaly aňladylyp bilner. Öýjüge 255-e çenli simwollary girizmek bolar.

Formulalaryň kömegi bilen maglumatlaryň we funksýalaryň üstünde goşmak , köpeltmek , deňeşdirme ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek bolar. Formulalary girizmek elmidama “=” belgisi bilen başlanýar . Formulalara mysallar:


  1. =(B12+C5)/2-15,25 - B12 we C5 öýjüklerdäki bahalaryň jeminiň ýarsyndan 15,25 san aýrylýar ;

  2. =СУММ (А2: A8;B9;СРЗНАЧ (В2:C5)) - A2 :A8 öýjükleriň diapazonyndaky, B9 öýjükdäki, şeýle hem, B2:C5 öýjükleriň diapazonyndaky bahalaryň orta arifmetiki sany bahalaryň jemi hasaplanýar;

3.=ЕСЛИ (А4<0;-1;ЕСЛИ (А4=0;0;+1)) - käbir, meselem, D4 öýjügiň bahasy, A4 öýjügiň bahasynyň alamaty ýaly kesgitlenýär.

Formulalarda öýjüklere salgylanmagyň üç sany: otnositel, absolýut we garyşyk görnüşleri ulanylýär. Meselem: A6- öýjüge: A6- otnositel salgylanma; $A$6- absolýut (üýtgewsiz) salgylanma;A$6 ýa-da $A6- bolsa garyşyk salgylanmadyr.



Meseläniň goýluşy. Goý, käbir Auditor firmasy üçin ýylyň aýlary boýunça hasaplaşyk- töleg aýannamasyny düzmek talap edilsin. Mundan bu ýana beýan etmegiň amatlylygy üçin, aýannamanyň gutarnykly şertli wariantyny getireliň (tabl. 2) we şol boýunça dokumentiň düzüliş yzygiderligini teswirläliň.

Meseläniň çözülişi. Excel-de ''Aýlyk'' täze iş kitabyny, Лист1 iş listini açalyň we dokumentiň başky bölegini girizeliň. Şunlukda, aýratyn çalardylan C3, E3, E4 öýjüklerde ''2004'', ''nowruz'' ýazgylary we 22 sifri ýerleşdireliň.

Wezipesi, Bellenen aýlyk, Hassalyk listi boýunça, Goşmaça hasaplanma,Awans,Şäheri abadanlaşdyrmak üçin, Aliment,Bankdan ssuda üçin meýdanlaryň bahalary başlangyç maglumatlar hökmünde bada girizilýärler. Beýleki meýdanlaryň birinji hatarynyň (setiriniň) bahalary üçin doldurylyş we hasaplanyş formulalary aşakdaky ýalydyr (tabl.4.3).

Bu sütünleriň galan bahalarynyň doldurylyşy, 8-nji hataryň tapawutlandyrylan öýjükleri üçin, doldurma markerini aşaklygyna çekip äkitmek usulynda geçirilýär. Meselem, Işlenen günleriň sany meýdany üçin D8 öýjügi täzeden tapawutlandyryp, syçanyň görkezgijini (+)-doldurma markerinde goýup, syçanyň çep basgyjyny basyp, goýbermän, D8:D12 öýjükler boýunça aşaklygyna çekip äkidýäris. Eger bahalaryň biri birmeňzeş (22 gün) bahalardan tapawutlanýan bolsa, onda bu öýjügi tapawutlandyryp, degişli bahasyny (meselem, D10 öýjük üçin 20) girizýäris.

13-nji hatar tablisada jemleýji hatardyr. Bu hataryň meýdanlarynyň bahalaryny doldurmak üçin, C13 öýjügi tapawutlandyryp, syçanyň çep basgyjyny enjamlar paneliniň Awtosumma (jem belgisi) elementinde iki gezek şyrkyldadalyň. Öýjükde C8:C12 öýjükleriň bahalarynyň jemi görner. Indi täzeden C13 öýjügini tapawutlandyryp we syçanyň basgyjyny bu öýjügiň doldurma markerinde saklap, C13:S13 öýjükler boýunça saga çekip äkideliň.

Dokumentiň soňlaýjy bölegi ýolbaşçynyň we baş hasapçynyň gollary bilen doldurylýar.



Iş listini täzeden atlandyralyň. Onuň üçin, syçanyň basgyjyny Лист1 ýarlygyň üstünde iki gezek şyrkyldatmak we "Nowruz-2004" ýygnamak ýeterlikdir. Nowruz aýy üçin hasaplasyk - töleg aýannamasy taýyn boldy. Dokumenti çap edeliň we iş kitabyny saklalyň.

Netije. Bu dokumentiň baş amatlylygy, haçan-da indiki aýlaryň hasaplaşyk-töleg aýannamalary düzlen wagtynda äşgär bolýar. Adatça, firma boýunça ştatlaryň raspisaniýesi, işgärleriň sany we düzümi, olaryň bellenen aýlyklary we ş.m-ler örän seýrek üýtgeýärler, onda, meselem, aýannamany şu ýylyň Gurbansoltan aýyna düzmek üçin, Aýlyk kitabyny we Nowruz-2004 listini açalyň. Dokumenti tapawutlandyralyň. Instrumentler panelinde Копировать elementinde syçany şyrkyldadalyň. Лист2 açalyň we Вставить elementinde syçany şyrkyldadalyň. Alnan kopiýada aýyň adyny (E3 öýjügi) we aýdaky iş günleriň sanyny (E4) üýtgedeliň. Işlenen günleriň sany meýdanyna üns bereliň we eger üýtgeşmeler bar bolsa, onda degişli öýjügiň bahasyny düzedeliň hem-de hassalyk listi boýunça degişli hasaplamalary girizeliň. Eger bar bolsa, onda işgärlere goşmaça hasaplamalary (sylaglary), awansdaky üýtgeşmeleri we ş.m-leri girizeliň. Aýannama eýýäm taýyn boldy. Saklamak hem-de dokumente has aňsat ýüzlenmek üçin Лист2-ni Gurbansoltan-2004 adyna üýtgedeliň we kitaby ýapalyň.
























4.2 - nji tablisa




Auditor –

firmasy

2004

-nji ýylyň

nowruz

aýy üçin

Hasaplaşyk - töleg aýannamasy № _




aýdaky iş

günleriň sany

22








































Wezipesi

Bellenen

Işlenen

Esasy

Goşmaça

Hassalyk

Jemi

Hassalyk listsiz

Girdeji




aýlyk

günler sany

hasaplanma

hasaplanma

listi boýunça

hasaplanma

jemi hasaplanma

salgydy

Ýolbaşcy

1900000

22

1900000







1900000

1900000

228000

Baş hasapçy

1600000

22

1600000







1600000

1600000

176000

Kassir

1000000

20

909091




69564

978655

909091

81818

Hasapçy-audit

1500000

22

1500000







1500000

1500000

157500

Hasapçy-audit

1400000

22

1400000







1400000

1400000

147000




7400000

108

7309091

0

69564

7378655

7309091

790318



























Ýolbaşçy

___________ Amanow B. G.

Baş hasapçy ___________ Rusanowa Ý. A.











































































































































Awans

Medisina

Pensiýa

Şäheri

Aliment

Bankdan




Jemi

Ele

Familiýa

Alanlygy




ätiýaçland.

fondy

abadanlaşd.




ssuda üçin




tutulma

berilýän

atlary

Barada gol

150000

76000




5000










459000

1441000

Amanow B. G.




150000

64000

64000

5000










459000

1141000

Rusanowa Ý.A.




150000

36364

36364

5000










309545

669109

Myradowa G. M.







60000

60000

5000




150000




432500

1067500

Dönmezowa S. A.




200000

56000

56000

5000

413490







877490

522510

Hummaýew B. K.




650000

292364

216364

25000

413490

150000

0

2537535

4841119











































































4.3 - nji tablisa

Meýdan

Tapawutlandyrylan
öýjük


Degişli formula aňlatmasy

Işlenen günleriň sany

C8

=$E$4

Esasy hasaplanma

D8

=B8/$E$4*C8

Jemi hasaplanma

G8

=D8+E8+F8

Hassalyk listsiz jemi hasaplanma

H8

=G8-F8

Girdeji salgydy

I8

=ЕСЛИ(H8<=1500000;H8*.08;
ЕСЛИ(H8<=1700000;H8*.085;…


Medisina ätiýaçlandyrmasy

K8

=D8*0.04

Pensiýa fondy

L8

=E8*0.04

Jemi tutulma

Q8

=I8+J8+K8+L8+M8+N8+O8+P8

Ele berilýän

R8

=G8-Q8


Işi ýerine ýetirmegiñ tertibi


a) Zerur maglumatlary öwrenmeli we depderiňize gysgaça ýazgy etmeli.
b) Barlag soraglaryna jogap bermeli.
ç) Degişli wariant boýunça barlag ýumuşlaryny ýerine ýetirip, hasabaty tabşyrmaly.
Barlag soraglary
1) MS Excel penjiresiniň görnüşini, baş menýunyň komandalaryny aýdyp beriň.

  1. MS Excel faýly-kitaby, listler boýunça maglumatlar beýan ediň.

  2. Öýjüklere salgylanmalaryň görnüşlerini, olara maglmatlary we formulalary girizmekligi düşündiriň.

  3. Hasaplaşyk-töleg aýannamasyny hasaplamak meselesiniň goýluşynyň aýratynlyklary gürrüň beriň.

Wariantlar boýunça ýumuşlar.
I ýumuş. Her talyp özi bilen 5 talybyň talyp haklarynyň hasaplaşyk-töleg aýannamasyny düzmeli.

II ýumuş. Önümçilik edarasynyň ya-da firmasynyň 6-dan az bolmadyk işgärleri üçin hasaplaşyk-töleg aýannamasyny düzmeli.


4.3. Tora programmasynda çyzykly maksatnamalamagyň umumy meselesini simpleks usulynda çözmek.
Işiň maksady: Amaly maksatnamalary ulanyp, önümçilik meselelerini çözmeklige talyplary türgenleşdirmek.

Gerekli enjamlar: personal kompýuterler.

Zerur maglumatlar.

Çyzykly maksatnamalama (ÇM) – matematika ylmynda üýtgeýänleriň arasynda çyzykly baglanşygy we çyzykly nyşany (kriteriýäny) häsiýetlendirýän ekstremal meseleleri çözmegiň usullaryny öwrenýän ugurdyr.

Umumy ýagdaýda, ÇM meselesi şeýle formulirlenýär:


C(x)=c1x1+c2x2+…+cnxn (1)
maksat funksiýasynyň





şertlerde maksimal (minimal) bahasyny tapmaly, bu ýerde * simwoly =, >, < gatnaşyklaryň biridir. Gysga ýagdaýda meseläni aşakdaky ýaly ýazýarlar:

max (min) C(x)= (4)

* (i=1,2,...,k) (5)
(j=1,2,...,n) (6)
(1) funksiýa (1)-(3) meseläniň maksat – nyşan funksiýasy, (2), (3) –şertlere bolsa berlen meseläniň çäklendirmeleri diýilýär.

Eger (1)-(3) meselede (2) çäklendirmeler “=” görnüşinde bolsalar, onda (1) – (3) meselä kanonik-ýönekeý diýilýär.

Eger (1)-(3) meselede (2) çäklendirmeler “>” ýa-da “<” görnüşde bolsalar, onda (1)-(3) meselä standart ýa-da simmetrik diýilýär.

Eger (1)–(3) meselede (2) çäklendirmeler “=”, “>” we “<” görnüşleriň gatyşygy bolsalar, onda (1)-(3) meselä umumy diýilýär.

(2)-(3) şertleri kanagatlandyrýan, üýtgeýänleriň islendik x=(x1, x2,…, xn) ýygyndysyna - wektoryna ýol berilýän çözüw (meýilnama) diýilýär.

(2)–(3) şertlerleri kanagatlandyrýan hem-de (1) maksat funksiýasynyň maksimal (minimal) bahasyny üpjün edýän x=(x1, x2,…, xn) çözüwe optimal çözüw ýa-da optimal meýilnama diýilýär.

Meselelere seredeliň:

Mesele 1. Tikinçilik çehinde 840m mata bar eken. 1 halat üçin 4m, 1 kurtka üçin 3m mata gerek. Eger 1 halat satylyp görülýän girdeji 6 manat, kurtkadan 3 manat bolsa, onda ýokary peýda görmek üçin jemi näçe halat we kurtka tikmeli?

Isleglere görä, halatlaryň sany 150-den, kurtkalaryň sany bolsa 200-den geçmeli däldir. Meseläniň matematiki modelini gurmaly.



Gurluşy: Goý, x1 - halatlaryň sany; x2 – kurtkalaryň sany bolsun. Eger 1 halada 4m mata, 1 kurtka bolsa 3m mata gidýän bolsa, onda
4x1 + 3x2 < 840 deňlemäni dűzeris.

Isleglere görä: x1< 150; x2 < 200. Onda meseläniň matematiki modeli:

max C(x)=6x1 +3x2




4x1+3x2 < 840

x1< 150 (M1)


x2 < 200

x 1 > 0; x2 > 0


görnüşde bolar.

Mesele 2. Konditer sehi iki görnüşli önüm çykaryp, şunlukda, önümler üçin 4 görnüşli çig mallary (ýarymfabrikatlary) ulanýarlar (tablisa seret):



Çig mal görnüşi

1kg önüme çig mallaryň sarp edilişi

Çig mallaryň bary, kg

B1 önüm

B2 önüm

A1

A2

A3

A4



0,3

0,9


0,4

0


0,2

1,1


0

0,3


120

495


140

105


Girdeji, manat

3

4,5



Tablisadan görşümiz ýaly, konditer önümleriniň birliginiň 1-nji görnüşini satmakdan görülýän peýda 3 manada, 2-nji görnüşinden 4,5 manada barabardyr. Ulanylýan çig mallaryň ammarda bar bolan mukdarlary soňky sütünde ýerleşdirilipdir. Konditer önümlerinden alynýan girdeji iň köp bolar ýaly, öptimal önüm göýbermegiň matematiki modelini gurmaly.



Gurlyşy: B1 we B2 önümleriň öndürülmeli näbelli mukdarlaryny, degişlilikde, x1 we x2 bilen belläliň. Onda tablisa maglumatlaryna dörä, şeýle model alarys:

max C(x)=3x1+4,5x2



0,3x1 + 0,2x2 < 120
0,9x1 + 1,1x2 < 495 (M2)
0,4x1 < 140
0,3x2 < 105

x1>0, x2 > 0


M1 we M2 ýaly matematiki modelleri Tora programmasynda işlemek üçin, Tora horjunyndan Tora.exe faýlyny tapyp, ony işe goýbereliň. Ekrana Tora programmasynyň başlangyç maglumatlary çykyp, dowam etdirmek üçin islendik düwmäni basýarys. Ekrana:

iş režimleri çykarlar. Linearprogramming saýlap, Enter basalyň. Ekrana goşmaça:




Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   13


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling

    Bosh sahifa