G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования



Download 0.66 Mb.
bet2/13
Sana21.01.2017
Hajmi0.66 Mb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13

Faza üýtgeýänleri obýektiň fiziki ýa-da informasion ýagdaýyny
häsiyetlendirýär, olaryň wagta görä üýtgemeleri bolsa, obýektdäki geçiş proseslerini aňladýar.

Faza üytgeýänlere mysallar: mehaniki ulgamlaryň beýan edilmesinde güýçler we tizlikler; gidrawlik we pnewmatik ulgamlarda basyşlar we sarp edilişler we ş.m..

Taslanýan obýektleriň aşakdaky aýratynlyklaryny bellemek gerekdir:

  1. k-njy iýerarhik derejedäki modelleriň içki parametrleri aşakdaky (k+1)-nji derejedäki modeller üçin çykyş parametrleridir. Meselem: elektron güýçlendirijiniň içki parametrleri transistor taşlananda çýkyş parametri bolar.


  2. Bir bölek ulgamyň çykyş parametrleri ýa-da faza üýtgeyänleri, köplenç, başga bölek ulgamlaryň daşky parametrleri bolup hyzmat edýär. Meselem:elektrik modellerinde elektron enjamlaryň korpuslarynyň maksimal temperaturalary - daşky parametrleridir, şol obýektiň ýylylyk modellerinde bolsa, çykyş parametrleridir.

  3. Obýektiň çykyş parametrleriniň aglabasy V(Z) baglanyşykdan funksionaldyrlar, ýagny, olary kesgitlemek üçin, berlen X we Q wektorlar üçin, (1.2) deňlemeler ulgamyny çözmelidir we alnan netijeler boyunça Y wektory hasaplamalydyr.

Çykyş parametrleriñ –funksionallaryn mysallary hökmünde ýaýramaklygyñ kuwwaty, yrgyldylaryñ amplitudasy, signallaryñ ýaýramagynyñ saklanmagynyň dowamlylygy ýaly ululyklary görkezmek bolar.

Taslanýan obýektleriñ başlangyç beyan edilmeleri, köplenç, taslamagyñ tehniki ýumşundan ybarat bolyar. Bu beyan edilmelerde çykyş yj parametrlerine tehniki talaplar, başgaça, çykyş parametrleriniñ normalary diylip at berilyän ululyklar hem duş gelyärler.Bu ululyklar TT=( TT1, TT2, TT3 .,TTm ) wektoryny emele getirip, yj –çykyş parametrleriniñ üytgemelerine yol berilyän bahalaryň diapozonlaryny özünde saklaýar.

yj we TTj ululyklaryñ arasyndaky talap edilyän gatnaşyklara işe ukyplylyk şertleri diylip, olar, esasan,

yj j (1.3)


ya-da
yj>TTj (1.4)


deñsizlikler görnüşinde añladylyar. Käbir parametrler üçin bu şertler :


TTjjj (1.5)


görnüşde hem bolup biler.

Işe ukyplylyk şertlerine mysallar:



(1.3) deñsizlige - turbolarda basyşyñ yitmegi, hereketlendirijilerde yangyjyñ sarp edilmegi we ş.m.

(1.4) deñsizlige - PTK(peýdaly täsir koeffisiyenti), hereketlendirijiniň kuwwaty we ş.m.

(1.5) deñsizlige - optiki ulgamyñ fokus aralygy, taslanýan güýçlendirijiniñ rezonans ýygylygy we ş.m.
1.6. Taslama düzmegiň tipli meseleleriniň toparlara bölünmesi.

Eger taslama düzmegiň meselesi, meňzeş tipli obýektler taslananda, köp gezek ulanmak üçin niýetlenen bolsa, onda oňa tipli mesele diýilýär. Taslama düzmegiň tipli meselelerini aşakdaky ýaly toparlara bölýärler(sur. 1.2):

Görşümiz ýaly, taslama düzmegiň analiz we sintez meselelerini tapawutlandyrýarlar. Sintez meseleleri - obýekti beýan etmekdir. Analiz meseleleri - obýektiň häsiýetlerini kesgitlemekdir we beýan etme boýunça işukyplylygyny derňemekdir, ýagny, munda obýektiň taslamasy bahalandyrylýar.

Sintez meseleleri strukturalaýyn we parametrik görnuşlere bölunip, strukturalaýyn sinteziň maksady obýektiň strukturasyny, ýagny, obýekti düzýän elementleri hem-de olaryň özara baglanşygyny kesgitlemekdir. Parametrik sintezde berlen strukturadaky we obýektiň çykyş parametrleriniň berlen iş ukyplylygyndaky elementleriň parametrleriniň san bahalary kesgitlenýär. Başgaça, parametrik sintezde, berlen şertlere görä, içki parametrleriň giňişligindäki nokat ýa-da käbir oblast gözlenýär.

Analiz meseleleri bir we köp wariantly meselelere bölunýär. Bir wariantly analizde, içki we daşky parametrleriň berlen bahalarynda obyektiň çykyş parametrleriniň bahalaryny tapmak talap edilýär .Bu mesele, başgaça, obýektiň matematiki modelini emele getirýän deňlemeler ulgamyny bir gezek çözmeklige getirýär.

Köpwariantly analizde içki parametrleriň bahalarynyň käbir oblastynda obýektiň häsiýetleri derňelýär, başgaça, matematiki modeli emele getirýän deňlemeler ulgamy berlen oblastyň durli nokatlary - wariantlary uçin köp gezek gaytalanyp çözulýär.





Taslama düzmegiň meseleleri




Surat 1.2. Taslama düzmegiň tipli meseleleriniň toparlary

1.7. Taslama meselelerinin tipli yzygiderligi.
Ýokardan asak taslama duzmekligin tapgyrlarynyn birinde, taslama meseleleriniň aşakdaky tipli yzygiderligine seredeliň (sur. 1.3). Görşümiz ýaly, k-njy iýerarhik dereläniň meseleleri çözlüp, onuň netijeleriniň biri hökmünde (k+1) – nji derejäniň elementleri üçin tehniki ýumuş alynýar.

Ulgamy taslamak onuň strukturasynyň başlangyç wariantynyň sintezinden başlanýar. Bu warianty bahalandyrmak üçin model döredilýär. Bu ýerde, eger awtomatlaşdyrylan taslama düzmeli bolsa, matematiki model, ýogsa-da, fizikiýa-da eksperimental model döredilýär. Model boýunça elementleriň parametrleriniň başlangyç bahalary saýlanandan soň, wariantyň analizi geçirilýär hem-de netijeleri boýunça wariant bahalandyrylýar.

Adatça, bahalandyrma - tehniki ýumuşda formulirlenen iş ukyplylygynyň şertleriniň ýerine ýetýändigini barlamakdyr. Eger obýektiň işukyplylygynyň şertleri bolmalysy ýaly ýerine ýetýän bolsa, onda (k+1)-nji derejedäki ulgam kabul edilen görnüşde beýan edilýär we bu derejäniň elementlerini taslamak üçin tehniki ýumuş tasa getirilýär. Eger alnan taslama çözgüdi şertleri kanagatlandyrmasa, onda taslamany gowylandyrmagyň mümkin bolan ýollarynyň biri saýlanýar.

Şu işlerde, iň aňsady, X wektory emele getirýän elementleriň parametrleriniň san bahalaryny üýtgetmekdir. X wektoryň bahalaryny üýtgetmegiň meseleleriniň toplumy bolsa parametrik sinteziň meselesidir.






Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   13


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling

    Bosh sahifa