Y= (y1,y2,…,ym ) - çykyş parametrleri;
X= (x1,x2,…,xn ) - içki parametrleri;
Q= (q1,q2,…,ql ) - daşky parametrleri
yaly belläliň.
Bilşimiz yaly, ulgamyň häsýetleri-çykyş parametrleri, onuň içki we daşky parametrlerine baglydyr. Diýmek
Y= F (X,Q) (1.1)
ýazyp bileris.
(1.1) gatnaşyklaryň ulgamy obýektiň ýönekeý matematiki mobeliniň mysalydyr. Eger şeýle model anyk görnüşde bar bolsa, onda çykyş parametrleri içki we daşky parametrleriň üsti bilen ýeňil hasaplanýarlar.
Ýöne (1) görnüşdäki matematiki modeli, diňe, örän ýönekeý we az sanly obýektler üçin alyp bolýar. Adatça taslanýan obýektdäki prosesleriň matematiki beýany çylşyrymly deňlemeler ulgamy görnüşdäki model arkaly:
LV (Z) = f (Z) ; Z=Z (X,T) (1.2)
görnüşde berilýär. Bu ýerde :
V- faza ütgeýänleriň wektor-funksiýasy;
L-käbir operator;
Z-umumy ýagdaýda, giňişlik we wagt koopginatalaryny aňladýan, bagly däl ütgeýänleriň wektorydyr, başgaça, faza ütgeýänlerdir;
f (Z)- bagly däl ütgeýänlerden berlen funksiýa.
Do'stlaringiz bilan baham: |