G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования



Download 0.66 Mb.
bet7/13
Sana21.01.2017
Hajmi0.66 Mb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   13

Yzygider algoritmler sintez meselesiniň tapgyrlaýyn çözülýändigi hem-de aralyk strukturalaryň bahalandyrylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Gutarnykly strukturany almak üçin ösdürme we bölüp aýyrma usullaryny ulanýarlar.


Ösdürme usulynda her tapgyrda başdaky struktura (meselem, haýsydyr bir elemente) elementler goşulyp durulýar.

Bölüp aýyrma usulynda, tersine, käbir artykmaç umumylaşdyrylan strukturadan, kem-kemden, artyk elementler aýrylyp durulýar.Meselem, detaly işläp bejermekdäki prosesde artykmaç amallaryň aýrylmagy ýa-da tersine.

Dürli aspektleriň beýanlarynyň geçirilmesi algoritmleri şahalanýan-çylşyrymly tehnologik proseslerde ulanylyp, struktura birlikleri boýunça gabat gelmeleri şol bir beýanlar bilen çalşyrýarlar (kompýuter maksatnamalarynda bölek maksatnamalary köp gezek ulanýarlar).

Strukturalaýyn sinteziň real algoritmleri, adatça, kombinirlenen bolup, onda dürli çemeleşmeler ulanylýar. Mundan hem başga, sintez proseduralryny formulalaşdyrmak mümkinçilikleriniň çäklidigi sebäpli, ATDU-da sinteziň dualog ulgamlary giňden ulanylyp başlandy. Munda proseduranyň bahalandyrylmasyny kompýuter ýerine ýetirip,çözgüdi adam kabul edýär.



3. Awtomatlaşdyrylan taslama düzmek ulgamlaryny gurmak.

Döwlet çelgilerinde awtomatlaşdyrylan taslama düzmek ulgamlaryny (ATDU) taslama düzüji guramalaryň bölümleri bilen ysnyşykly işleýän awtomatlaşdyrylan taslama düzmek serişdeleriniň toplumyndan ybarat we awtomatlaşdyrylan taslama düzmekligi ýerine ýetirýän guramaçylykly - tehniki ulgamdyr diýip kesgitleýärler.



3.1. Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň üpjünçilikleri
Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň serişdelerini üpjünçilikleriniň görnüşleri boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar.

ATDU-nyň tilsim üpjünçiligi awtomatlaşdyrylan taslama düzmek üçin niýetlenen, özara baglanyşykly we bilelikde işleýän tilsim serişdeleriniň toplumydyr. Tilsim üpjünçiligi maglumatlary taýýarlama, girizme, maksatnamalaýyn işleme, şekillendirme, resmilesdirme serişdelerinden, taslama çözgütleriniň arhiwinden hem-de maglumatlary iýberme serişdelerinden ybaratdyr. Başgaça, tilsim üpjinçiligi kompýuterden, onuň kömekçi we set gurluşlaryndan ybaratdyr.

ATDU-nyň matematiki üpjünçiligi taslanyan obyektleriň matematiki modellerini, awtomatlaşdyrylan taslama düzmekde ulanylýan taslama proseduralaryny ýerine ýetirýän usullary we algoritimleri özüňe birleşdirýär.

ATDU-nyň maksatnama üpjünçiligi maglumatlary işläp taýýarlamak üçin niyetlenip düzülen maksatnamalardan we maksatnamalary ulanmak üçin zerur bolan maksatnama resminamalaryndan ybaratdyr. Bu ýerde, esasan, matematiki üpjünçiligi amala aşyrýan amaly maksatnama üpjünçiligi göz öňünde tutulýar.

ATDU-nyň informasion üpjünçiligi awtomatlaşdyrylan taslama düzmegi yerine yetirmek üçin zerur bolan ähli maglumatlary öz içine alyar. Bu maglumatlar dürli informasiya göterijilerinde ol ya-da beyleki resminamalar gornüşinde aňladylyp, materiallar, tipli taslaama çözgütleri, elementleriň parametrleri we ş.m. baradaky informasiýalary saklaýar.


Informasion üpjünçiliginiň esasy düzüm bölegi ATDU – maglumatlar bankydyr. Maglumatlar banky maglumatlar bazasyndan (MB) we maglumatlar bazasyny dolandyryjy ulgamdan (MBDU) ybaratdyr.MB – kompýuteriň daşky ýadynda ýerleşdirilen we kesgitli düzgünlerde strukturalanan taslama düzmeklige degişli maglumatlardyr. MBDU – maglumatlar bankyny goldaýjy hem-de funksionirlenmegini üpjün edýän maksatnama serişdeleriniň toplumydyr (meselem, MS Access, SQL we ş. m.).


    1. Maksatnamalaryň we maglymatlar bankynyň informasion baglanşyklary

Awtomatlaşdyrylan taslama düzmek prosesinde özara bilelikde işleýän köp sanly maksatnama modullarynyň kömegi bilen, taslama düzmekligiň maşruty ýerine ýetirilýär. Maksatnama modullarynyň özara işlemegi maksatnamany hem-de informasiýalary dolandyrmakdaky baglanyşyklar esasynda ýüze çykýar. Maksatnama dolandyrylandaky baglanyşyklarda, kesgitli maşruta –algoritme görä, bir maksatnama modulyndan beýlekisine geçilýär. Informasiýalar boýunça baglanyşyklar, şol bir maglumatlaryň, maşruta girýän dürli modullar tarapyndan ulanylýandygy bilen düşündirilýär. Ol baglanyşyklar , esasan, üç usulda amala aşyrylýar:



  • parametrleriň bahalarynyň esasy maksatnamadan çagyrylýan bölek maksatnamalara berilmegi (sur. 3.1a );

  • parametrleriň bahalarynyň umumy oblastl arkaly özara bilelikde işleýän maksatnama modullaryna berilmegi (sur . 3.1 b);

  • parametrleriň bahalarynyň maglumatlar banky arkaly berilmegi ( sur. 3.1 ç).

Goý, mysaly marşruta bäş sany maksatnama modullary girsin. Maksatnama modullary grafyň depelerini, dolandyryş boýunça baglanyşyklar bolsa grafyň dugalaryny emele getirsin. Onda birinji usul boýunça ( sur. 3.1a ), meselem, 1-4 modullar yzygider ýerine ýetirilerler, 4-nji moduldan bolsa 2-nji ýa-da 5-nji modullara geçişler mümkindir.





Goý, marşrutyň islendik indiki moduly öň ýanyndaky yerine yetirilen modul tarapyndan alnan maglumatlary ulanýan bolsun (surat 3.1.b). Onda maglumatlar umumy oblast-çalşyk zonasy arkaly berlip, 1 modul öz alan maglumatlaryny 2-5 modullar ulanar yaly umumy oblastda täzeleýär. 2 modulyn yerine yetmegi ücin çalşyk zonasynda 1-4 modullar arkaly gönderilýän maglumatlar bolmalydyr;


2 modulyn yerine yetmegi netijesinde alnan maglumatlar, 3-5 modullar ulanyp biler yaly, çalşyk zonasyna iberilýär we.s.m.

Birinji we ikinji usullar, haçanda, informasion baglanşyklar durnukly hem-de az sanly bolanda ulanylýar. Eger şol bir modullar dürli marşrutlara girip, köp sanly modullar bilen özara işleşýän bolsalar, onda informasiýa çalşygy maglumatlar bazasy we banky arkaly amala aşyrylýar.

MB-de saklanýan informasiýalaryň esasy aýratynlygy-olaryň strukturalanandygydyr. Struktura baradaky informasiýalar, diňe maglumatlaryň tertipleşdirilip ýerleşdirilmegi arkaly däl-de, massiwleriň görkezgiçleri, indeksleri, açarlaryň atlary we beýleki düzgünlerde aňladylýarlar. Strukturaly maglumatlary dolandyrmak üçin ýörite algoritmleri ulanmak mümkindir. Ol algoritmler hem MBDU-laryň esasyny düzýär. Indi informasion baglanyşyklar MBDU üsti bilen amala aşyrylýar ( sur. 3.1 ç ). Bu usulyň artykmaç taraplaryny sanap geçeliň:


  1. hyzmat edilýan taslama marşrutlarynyň sanyna hem-de modullaryň dürli marşrutlara girme sanyna bolan çäklendirmeler aradan aýrylýar;

  2. öňki döredilen modullar üytgedilmezden täze modullaryň we marşrutlaryň goşulmak mümkinçiligi sebäpli, maksatnama kämilleşdirilýär;

  3. amaly maksatnamalar üýtgedilmezden has kämil kompýuterlerde işler ýerine ýetirilip bilinýär;

  4. maglumatlaryň bütewiligi saklanýar.

Maglumatlaryň bitewiligi – olaryň ygtybarlylygy, arttykmaç ýa-da garşylykly däldigi hem-de rugsat edilmedik ýetmelerden MBDU tarapyndan goralýandygy bilen düşündirilýar.
4. Tejribe işleri
4.1.Ýönekeý matematiki modelleri kompýuterde amala aşyrmak.
Işiň maksady: Talyplary ýönekeý matematiki modelleriň kompýuterde amala aşyrylyşy bilen tanyşdyrmak.

Gerekli enjamlar: personal komputerler.

Zerur maglumatlar.

Taslama düzmek - derňew, hasaplama we konstruktorçylyk işleriniň toplumlarynyň ýerine ýetirilmegi netijesinde, obýektiň başlangyç beýan edilmegini gutarnykly beýan edilmä öwürýän prosesdir.

Başlangyç beýan edilmegi gutarnykly beýan edilmä öwürmek, aralyk beýan edilmeleri döredýär. Şeýle beýan edilmelere taslama çözgütleri diýlip, olar boýunça taslama işleriniň gutarandygy ýa-da dowam etme ýollary görkezilýär.

Taslama düzmek tutuşlygyna ýa-da bölekleýin kompýuterde ýerine ýetirilse, onda oňa awtomatlaşdyrylan diýilýär.

Taşlanýan obýektleriň gutarnykly beýan edilmesi, konstruktorçylyk remileşdirmeleriň umumylaşdyrylan ulgamy (KRUU) boýunça resmileşdirilen hem-de bu obýekti taýyn etmek we ulanmak prosesinde peýdalanmak üçin niýetlenen shemalaýyn, konstruktorçylyk we tilsimat resminamalarynyň doly toplumydyr. Şeýle hem KRUU boýunça käbir aralyk taslama çözgütleri resmileşdirilýär.

Bu beýan edilmelerde taslanýan obýektleriň matematiki modelleri uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, awtomatlaşdyrylan taslama düzmekde taslama proseduralaryny ýerine ýetirmeklik matematiki modellere esaslanýar.

Tehniki obýektiň matematiki modeli(MM) - obýektiň käbir häsiýetlerini aňladýan matematiki ululyklaryň (sanlaryň, üýtgeýänleriň, matrisalaryň, köplükleriň we ş.m.) we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamydyr. Taslama döwründe inženeriň nukdaý nazaryndan ähmiýetli bolan, obýektiň esasy häsiýetlerini aňladýan matematiki modeller ulanylýar.

Berlen iyerarhik derejäniň, şol san-da MM-iň, beýan edilmelerinde aňladylýan obýektiň häsiýetleriniň arasynda ulgamyň, ulgamyň elementleriniň we obýektiň ýerleşýän daşky sredasynyň häsiýetlerini tapawutlandyrýarlar. Bu häsiýetleriň mukdar taýdan aňladylmasyny-parametrler diýlip atlandyrylýan ululyklar arkaly belleýärler. Ulgamyň, onuň elementleriniň we daşky sredanyň häsiýetlerini aňladýan ululyklara, degişlilikde, çykyş, içki we daşky parametrler diýip at berýärler.

Çykyş, içki we daşky parametrleriň mukdarlaryny, degişlilikde, m,n,l harplary bilen, bu parametrleriň wektorlaryny bolsa:


Y= (y1,y2,…,ym ) - çykyş parametrleri;

X= (x1,x2,…,xn ) - içki parametrleri;

D= (d1,d2,…,dl ) - daşky parametrleri


yaly belläliň.

Bilşimiz yaly, ulgamyň häsýetleri-çykyş parametrleri, onuň içki we daşky parametrlerine baglydyr. Diýmek


Y= F (X,D) (1)
ýazyp bileris.

(1) gatnaşyklaryň ulgamy obýektiň matematiki mobeliniň mysalydyr. Eger şeýle model anyk görnüşde bar bolsa, onda çykyş parametrleri içki we daşky parametrleriň üsti bilen ýeňil hasaplanýarlar.

Matematiki modelleri kompýuterde amala aşyrmak üçin, ilki bilen, ony çözüji usul saýlanylýar.Soňundan, şol usul-formulalar boýunça çözüwiň algoritmi hem-de kompýuter programmasy düzülýär.

Aşakdaky ýönekeý matematiki modele (çyzykly algebraik deňlemä) seredeliň:

аx + в = сх +d (a ≠ с)- matematiki model. (2)
Ony çözmek üçin aşakdaky amallary ýerine ýetireriş:

ах – сх = d –в

(а – с ) х = d – в

х = (d – в) / (а – с ) - çözüji usul. (3)

Bu usul, boýunça çözüwiň algoritmini we Basic-programmasyny şeýle

döretmek bolar :



10 REM-Gyzykly model çözülýär


20 INPUT a, b, c, d




Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   13


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling

    Bosh sahifa