Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet8/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   33
Bog'liq
Suray

Bagröýkeniň görünmek — 1. Gaty iglemek, horlanmak. 2. Garyp bolmak, garyplygy mälim bolup durmak.



Bazar gurmak — 1. Köp bolup üýşmek, ýygnanyşmak. Maslygyň üstünde garaguşlar bazar gurandyr. 2. Jedel, dawa döretmek, gykylyk turuzmak. Belki, başga biri sapak berýändir, Belki, bu bazary ýigit gurýandyr (G. Gurbansähedow).

Baly goýalmak — 1. Gowy bişmek, öte bişmek. Kolhozyň bag-bakjalaryndaky ir iýmişleriň baly goýaldy (A. Gowşudow). 2. Akyly durlanmak, akyly ýetjek derejesine ýetmek.

Barmagyňy dişlemek — 1. Geň galmak, haýran galmak. Ülkämizi görmänmidiň sen heniz, Haýran galyp, barmagyňy dişleýäň (M. Seýidow). Patyşa ol bilbiliň jogabyna haýran galyp, barmagyny dişläp, pikire batypdyr (A. Soltanmyradow). 2. Eden işiňe ökünmek, gynanmak. Bilen bilenin işlär, Bilinmedik barmagyn dişlär (“Nakyllar we atalar sözi”).

Baş agyrtmak — 1. Azar bermek, azara goýmak, ýürege düşmek, irizmek. Çaky, menden başga-da suw hakynda onuň başyny agyrdan gyt bolmadyk bolara çemeli. Belki, okalga gelýän adamlar dürli sowallar bilen munuň başyny agyrdandyrlar diýip oýlandym (B. Kerbabaýew). 2. Gürrüň etmek, agzamak. Uzynly gijeler onuň bilen çaý başynda örän köp gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Ol başarsabaşarmasa-da iki sany aýdymyň başyny hem agyrtdy (A. Geldiýew). Şofýor köp gürrüňleriň başyny agyrdyp, ahyrym dymdy (B. Pürliýew). 3. Azara galmak, ünji edinmek. Aý keýgim, onuň sebäbini biljek bolup, başyňy agyrdyp oturma (O. Gadamow).

Baş galdyrmak — 1. Üns bermek, pikirlenmek, oýlanmak. Oglanlykda ýeri dören daýhanlar, Baş galdyryp, dünýä bir nazar eýle (G. Burunow). Baş galdyryp, Göz güldürip, Jemagata seredýär (R. Seýidow). Her kim öz işi bilen gümra bolup, gelen-gidene baş galdyrýan ýok diýen ýalydy (“Zähmet gahrymanlary”).— Doktora äkidiň — diýsemem, hiç kim baş galdyrmady (B. Gulow). 2. ser. Baş götermek. Hawa, Polina Iwanowna, tebipler baş galdyryp ugrapdyrlar (B. Pürliýew). Türküstanda kontrrewolýusiýa baş galdyrýardy (B. Kerbabaýew).

Baş goşmak — 1. Biri bilen goş birikdirmek, durmuş gurmak, birikmek.— Men durmuşa çykjak däl — diýen bolup, asyl ol deýýus bilen baş goşup ýören ekeniň. Ol irde-giçde Perman bilen baş goşup, onuň bagtyna şärik bolaryn öýdüp pikir edenokdy (T. Taganow). 2. Biri ýada bir zat bilen iş salyşmak, bir işe girişmek, bir iş bilen meşgullanyp başlamak. Onuň adyny dakynyp bet işlere baş goşsaň, bowrüň müňküldemän durup bilmese gerek (A. Geldiýew). Ol indi bäş ýyl bäri sporta baş goşaly bäri ir oýangyçdy (A. Durdyýew).— Siziň bilen baş goşsam, hemişe öz wyždanymyň öňünde gyjalat çekip ýörmeli bolaryn (T. Taganow).

Başyny aýlamak — 1. Aldawa salmak, aldamak. Meniň hem başymy aýlap, Çaňly bilen tersleşdirdiler (T. Taganow). Näme üçin ol meniň başymy aýlaýar (B. Kerbabaýew). 2. Alada goýmak, aljyratmak. Artykmaç mirasa eýe bolmak nebsi onuň başyny aýlady (B. Kerbabaýew). Bu aýylganç zatlar Jemalyň başyny aýlady (B. Seýtäkow). Agyr pikirler ýaş gelniň başyny aýlady (H. Çaryýew).

Baş atmak — 1. Razylyk bildirmek, makullamak, tassyklamak.— Dogrudyr — diýip, başlaryny atdylar. Bekmyrat baý başyny atyp, razyçylygyny bildirdi (H. Derýaýew). 2. Salam bermek ýa-da salam almak.

Baş öwretmek — 1. Münüş öwretmek, işe endik etdirmek (mal hakda). Hem daýymlara barýaryn, hem taýyma baş öwredýän (“Nakyllar we atalar sözi”). 2. Tälim, terbiýe bermek, ýol görkezmek. Oňa baş öw-retmek, owsarlamak, islän ugruňa bakan gitmek bolmazmy? (B. Kerbabaýew). Häzir oňa men şeýle bir baş öwrederdim welin, haýyp ýeri däl (“Sowet edebiýaty”).

Başy birikmek — 1. Bir ýere ýygnanmak, toplanmak, jem bolmak. Az salymdan oglanlaryň barysynyň başy birikdi. Diňe baýramda-toýda, patada-ýasda doganlaryň başlary birigerdi (B. Seýtäkow). 2. Maşgala durmuşyny gurmak, är-aýal bolup ýaşap başlamak. Bu biçäreleriň başyny birikdirmek, toýuny tutmak biziň maňlaýymyza ýazylan eken (B. Seýtäkow).


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish