At gaýtarym meýdan (ýer) — 1. At çapyşygy geçirilýän aralyk, at çapym aralyk. ...Iki çopan tirkeşip, tokaýyň ortasyndaky at gaýtarym meýdanyň gyrasynda baryp oturdylar (A. Durdyýew). Tamyň gündogaryndaky at gantarym meýdanda hem bäş-alty adam toýa gelenleriň ulaglary üçin gazyk kakýardy (B. Sentäkow). 2. Ep-esli ýer, ep-esli aralyk. At gaýtarym ýere düşýär, Zyňýan gumly kesekleri (A. Atajanow).
Aşa düşmek — 1. Gereginden artyk iýmek, hetdenaşa köp iýmek, köp iýip syrkawlamak.— Mysal şol, eger... doýur diýilse, aşa düşürmeli (“Görogly”). Aşa düşen göle ýaly gymyldanogam! (“Geliň gülşeliň”). 2. Halys bolmak, bez bolmak, irmek, ýadamak. Birnäçe adamlar bu ýagyşdan doýup, halys aşa düşdüler (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |