Ekilmedik ýerde gögermek — 1. Barmasyz ýere barmak, oturjak-turjak ýeriňi seljermezlik. Munuň ýaly ekilmedik ýerde gögerip, etme diýlen işi edip ýören çagany asla gören däldiris (J. Akyýew). Hemişe ekilmedik ýerde gögerip ýör (“Sowet edebiýaty”). 2. Ara goşulmak, ýuwnuksyzlyk etmek.—Seniň ýaly oglan ekilmedik ýerde gögermez, gürrüňe diň salar (B. Kerbabaýew).
El garmak — 1. Aýal maşgalany masgaralamak, namysyna degmek, zorlamak. Olaryň käbirleri akgwardiýaçylaryň serhoş bolup gelip, özlerine el garýandyklaryndan ýaňa bagyrýardylar (B. Soltannyýazow). Beý diýsem, saňa el garyp, soňundan öldürer öýtme (N. Pomma). 2. El urmak, ogurlyk etmek, eli egrilik etmek. Agasynyň malyna el garyp, bäş-alty goýny iýdi (“Görogly)
Do'stlaringiz bilan baham: |