Beýläňe geçirmek — 1. Aýal edinmek, öýlenmek. Indi ony özüň beýläňe geçirensoň okadarlar (A. Durdyýew). 2. Eýelik etmek, eýe bolmak (zat-emläk hakda).
Bendi bolmak — 1. Bütinleý berilmek, ýüregiňi bermek, aşyk bolmak, Men onuň gara gözleriniň bendisi boldum. 2. Bagly, garaşly bolmak, ýesir bolmak. Ol eýranly bir hanyň ýerzemininde bendi bolupdyr.
Bent bolmak — 1. Daňylmak, baglanmak. 2. Böwediň agzynda üýşen çöp-çalamdan ýaňa suw bent bolupdyr. Aşyk bolmak. Ol Nabadyň owadanlygyna bent bolupdyr.
Berç bolmak — 1. Düwün galmak, gatap galmak. Keljäniň ady Çaşçyň ýüreginde bir tike berç bolup galdy (A. Gowşudow). 2. Halys irmek, bizar bolmak, Gurt şu jenaýatly kärinden halys berç bolan bolmaga çemeli (A. Gowşudow)
Bije başy — 1. Gowusy, iň oňady. 2. Derege ýaraýany, ýüze tutar ýalysy, çorba çykary (adam, zat we ş. m. hakda). Hiç haýsynyň oňly eti-gany ýok. Birin bije başy eder ýaly däl (A. Atajanow).
Do'stlaringiz bilan baham: |