Aýagy ýer tutmak — 1. Bir ýerde ýerlemek, mekan tutmak ornaşmak. Ýaňy bir aýagymyz ýer tutup, arkaýyn ýaşap başladykmykak diýdigem welin, içigar galmyş uruş başlandy (A. Gurban). Daşdan, gelenler saňa söýenmeseler — aýaklary aňsat ýer tutmaz (B. Kerbabaýew). 2. Maddy ýagdaýy gowulanmak, gurplanmak. Eziz öz ýanyndan “Jüneýit han matadan pul çykarsa, aýagym ýer tutandan soň, men halydan çykaryn” diýen karara geldi. “Onuň sähel aýagy ýer tutsa, belki bize-de dalaş eder” diýen hem tapyldy. Aýagym ýer tutýança, men olardan peýdalanaryn (B. Kerbabaýew).
B
Do'stlaringiz bilan baham: |