Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet15/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   33
Bog'liq
Suray

El gatmak — 1. ser. El garmak 1, 2. Galyň gurrumsaklaryň duluňyzdaky çuwal gyzlaryňyza el gatyp, ar-namysyňyzy aýak astynda depeländikleri haýsyňyzyň ýadyňyzdan çykdy? (G. Kulyýew). Bir wagt onuň maşgalasyndan birine biri el gatan bolara çemeli (B. Kerbabaýew). “El gatylan” diýip, ony ile masgara edip, bir içimi sowadaýsammykam? (G. Seýitmädow). Men Allaýar han ýaly, çarwa malyna el gatyp bilmen. Ol onuň bilen hem kanagatlanman, döwletiň baýlygyna-da el gatdy. Köpüň malyna el gatan adam meniň öz perzendim bolsa-da, menden oňa rehim bolmaz! (B. Kerbabaýew), 2. Tanyşlyk, garyndaşlyk açmak. Asyl bolmanda, Meretleriň Halnazarlara el gatyp bilseler näme armanlary bar? (B. Kerbabaýew).

Eliň gijemek — 1. Bir iş edesiň gelmek, döwtalaplyk etmek. Dogrusyny aýtsam, meniňem, Remezanyňam elimiz gijeýär. Şu wagt elim gijäp durka, näme ýumşuň bolsa aýdyber (B. Seýtäkow). 2. Ýumruklaşmak, uruşmak islemek. Şer gözleýär, yrsaraýar, sojaýar, Jeň isleýär, ganly eli gijeýär (Ý. Pirgulyýew).

El götermek — 1. Umyt üzmek, el çekmek, terk etmek; bes etmek, taşlamak, daşlaşmak. Men seni söýermen jan bilen tenden, Ölsem, el götermen dönmenem senden (Mollanepes}. Köp çekdim jepaňy, jebriňi dilber! El göterdim indi istemen seni (Zelili). Indi obadan çykmalydy, indi täleýe boýun egip, başyňy aşak salyp ýörmekden el götermelidi.—Kaka, ýa sen şu käriňdeň el göter, ýa-da maňa indi gep getirme (G. Seýitmädow). 2. Urmak, jeza bermek. Ýa özüň el götermeli bolar, ýa-da bu ýurtdan göçmeli bolar. Bolmasa, hiç wagt perzendine el götermedik kakasy ony beýle rehimsiz urmazdy ahyry. Kakasynyň-da, ejesiniň-de, iki agasynyňda, özünden iki ýaş uly gyz doganynyň-da oňa el göteren wagty ýokdy (B. Seýtäkow).

Ele almak — 1. Tilsimini bilmek, türgen bolmak. bir işiň abyny-tabyny kemsiz öwrenmek. Öz hünärini berk ele almak işine ýürek bilen berlen ýaş şägirdi halypasy-da söýdi (A. Gowşudow). Kesellileri bejermegiň has kämilleşen täze-täze metodlaryny ele almak ugrundaky tutanýerli göreşini ýekeje minut hem gowşatmady. Nurmämmet teplowozy işletmegiň tärlerini ele aldy (“Sowet edebiýaty”) 2. Eýe bolmak, öz ygtyýaryňa geçirmek, eýelemek. Bu gün biz öz erkimizi öz elimize alýas! Türkmenler ortada ýagly lukmadyr, Şony ele alsaň, üstün çykmadyr (B. Kerbabaýew). Belkide şu adamynyň baý mirasyny ele almak üçin, bir dünýäparazyň eden hile-mekiridir (A. Gowşudow). Ýurduň ele aldy asyl eýesi (A. Atajanow).

Ele düşürmek — 1. Bir zady almak, tapmak. — Şahyryň şygyr diwanlaryny hem ele düşürdik, hökümdarym — diýip, Gulamaly han sözüni dowam etdi (“Sowet edebiýaty”). 2. Tutmak, ýesir etmek... Ol bu işi bilen bir erbet duşmany

ýanynyň nökerleri bilen ele düşürdi (A. Gowşudow). Nagdaw serdar gaçyp gutulyp barýan bagşyny tötänden ele düşürip bilenine gaty begenipdir (T. Taganow).



Eli giň — 1. Sahy, jomart. Aslynda eliň giňdir weli, şu gün has hem eçiljek günüňdir (B. Kerbabaýew). 2. Baý, döwletli. Eli giň hem jomart adamlary ol gowy görýän ekeni we olara aýratyn hormat goýýan ekeni (A. Geldiýew).

Eli ýeňil — 1. Edeni em bolýan, ökde: Ynha, eli ýeňil tebip taparys (B. Kerbabaýew). Biziň elimizem hudaýa şükür, biçak ýeňildir (“Geliň gülşeliň”). 2. Öldürýän malyny gynamaýan, eden işi şowuna düşýän, kynçylyksyz ýerine ýetýän. Goýun öldürmäge Berdi agany çagyryň, onuň eli ýeňildir. 3. Söwdada eli haýyr berýän, peýda getirýän. Meniň elim ýeňildir. Söwdaň şowly bolar.

El ýok — 1. Gatnaşygy, täsiri bolmadyk. Storož Mämmet aganyň öldürilmeginde elim ýok diýip, nadaralyk eden bolýarsyň (A. Geldiýew). 2. Gaýtargy bermeýän, el gaýtarmaýan, ýakalaşmagy oňarmaýan. Ol daýawam bolsa, eli ýokdur. Oglumyzyň eli ýok, biri degse yzlap dur.


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish