Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet13/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   33
Bog'liq
Suray

Çym-pytrak bolmak — 1. Kül-uşak bolmak, dyr-pytrak, owram-owram bolmak, döwülmek. Yzyna baka zyňlan suwluk torbadaky süýt kädi bolsa, töňňä degip, çym-pytrak boldy (B. Kerbabaýew). Me saňa enesiniň gyzyna—diýip, ýeňsesine ýapdy, dutar çym-pytrak boldy (“Görogly”). 2. Duran-duran ýerinden dargamak, hersi bir ýana gitmek. Bu ýere üýşen adamlar birden-de çym-pytrak boldy.

D

Dag basmak (goýmak) — 1. Çykgynsyz güne düşürmek, aýralyga sezewar etmek, unudylmajak agyr täsir galdyrmak, örän gynandyrmak. Şol uruşda öldi uly agamyz, Çydap geldik köp basylan daga biz (T. Esenowa). Ötdi meger ýar pyragy, gahba pelek goýdy dagy (“Şasenem—Garyp”). Ölsem-de hiç gitmez ýar goýan dagy (Zelili). 2. Nyşan galdyrmak, jeza bermek, bedeniň agyrýan ýerini bejermek we ş. m. maksady bilen tagma salmak. Tebip ejäň saçy sary, Dag basmakdyr ökde käri (“Tokmak”). Soňabaka Gurduň endamyna dag basmaga başladylar (A. Gowşudow).



Dem almak — 1. Ýaşamak, ömür sürmek. Binalaryň belent başy ýaýkanyp, Şäherim hesretli dem alýardy (M. Seýidow). 2. Dynç almak. Watanda dem alyp hem duzun iýip, zähmet çekýän ak ýürekli edermen (H. Gurbanow).

Dem bermek — 1. Biriniň dynjyny bermek, dynç aldyrmak. Şoňa akylyň ýetýän bolsa, ryçagy al-da burawça dem ber (“Sowet edebiýaty”). 2. Bir zada ýel berip çişirmek. 3. Gowy bişmek üçin buga goýmak, buglamak. Çaýçy uly rahatlyk bilen ýag salyp, palawa dem berýärdi (M. Ibragimow).

Dil bermek — 1. Razy bolmak, söz bermek. Gaşyn çytýar ýalbarsaňyz, Gulak salmaz, dil berseňiz (A. Haýydow). 2. Ýüregiňi bermek, göwün bermek. Belki, Zöhre bu wagta çenli başga birine dil berendir (H. Çaryýew). Sebäbi, men birine dil berdim, soňra ol näkes bolsa meni taşlap gitdi (“Gunça”).

Dil bolmak — 1. Ile gürrüň bolmak, köpçüligiň agzyna düşmek. Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup (Magtymguly). 2. Il agzyna düşenligi üçin şowsuzlyga uçramak, göz degmek. Göz boldumy, dil boldumy, bilmedim, Lal açan dek dymdy söýgi liramyz (A. Gurtgeddiýew).

Dona sygmazlyk — 1. Gopbamsylyk, ulumsylyk etmeklik, hondan bärsi bolmaklyk. Öň-ä tumşugyny ýele berip, zalywat, donuna sygmaýardy welin, ind-ä ütülen torgaýa dönüpdir (“Sowet edebiýaty”). 2. Begenjinden monça bolmak, öwünmek. Men saňa guwanyp donuma sygmaýaryn, şägirdim (T. Esenowa).

Dyz epmek — 1. Sähel wagt oturmak, azajyk dynç almak. Dyzlaryny epdi-de, Gele-gelmän dessine, Atany ol öpdi-de, Goýdy başyn üstüne (“Sowet edebiýaty”). Onuň bolşuny aňan Rozum aga çilimini otlamak bahanasy bilen brigadiriň ýanyna baryp dyzyny epende, Alekseý oňa sorag berdi (H. Garabaýew). 2. Boýun egmek, boýun bolmak. Tora düşdi duşman, epdi dyzyny, Gaçyp gutulmaga tapman yzyna (A. Kekilow). Gul bolmak, dyz epmek uly günämiz, Ganhor ganymlary şoň üçin gyrýas (H. Gurbanow). Bahargülüň ejesi garry aýallaryň hüjümini birnäçe gezek mertlik bilen yzyna gaýtarsa-da, ahyry biriniň öňünde dyz epmeli bolupdyr (“Sowet edebiýaty”).

E

Ebtiňi agdyrmak — 1. Üsti-başyňy oňarmazlyk, hopul-sopul geýinmek, ezenegiňi agdyrmak. Ýola saljak bolana dürli töhmet toslagyn, Ebtiň agyp, düýbüräp, iç ýenede, iç ýene (B. Kerbabaýew). Ebtini agdyryp oturan gara öýleriň arasyny syryp gitmelidi (N. Pomma). 2. Lellerip ýörmek, pisiňi aşyrmak, özüňi oňarmazlyk. Heý, ilde seniň ýaly ebtini agdyryp, işe günortan gelýän barmy? (A. Durdyýew). Hut öten agşam şu mahallar şol meýdançada ebtini agdyryp ýören birki sany polişeýden başga adam-gara ýokdy (G. Kulyýew).



Egniňi gysmak — 1. Belli bir netijä gelip bilmeýänligiňi yşarat etmek, alasarmyklygy hereket bilen düşündirmek. Gülälek egnini gysdy. Men düşünmän, egnimi gysdym (H. Ysmaýylow). Ýüzlerini sallaşyp, Eginlerin gysýarlar (O. Täçnazarow). 2. Nalajedeýin bolmak, özüňe basalyk bermek, biriniň kejine gaýtmazlyk, çydam edip gelmek. Şu wagta çenli egnimi gysyp gezenim besdir!—...Bilmeýän bolsaň, iki jahan owarrasy bolup, egniňi gysyp ýörmezdiň? (B. Kerbabaýew).


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish