Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet4/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   33
Bog'liq
Suray

Ant içip, awy ýalamak — 1. Janyň-teniň bilen ynandyrjak bolup çalyşmak, söz bermek, wada etmek. Goşa çagamdan bolaýyn, töhmet — diýip, Ata pyçakly ant içip, awy ýalady (B. Öwezow). Togta şäher milisiýasynda günäsini boýnuna alyp, indi şeýle biweç işi gaýtalamajakdygyna ant içip, awy ýalady (“Edebiýat we sungat”). 2. Jögülik edip ynandyrjak bolmak, synjyklyk etmek. Onuň ynanmagy üçin ant içip, awy ýalamadan hem gaýtmaýyn (B. Seýtäkow).

Aňryň bärik gelmek — 1. Ýüregiň bulanmak, gusjak bolmak. Erňegi gyzyl stakana seredeniňde, aňryň bäriňe gelýärdi (B. Seýtäkow). — Goranmasaň, siňegem agzyňaburnuňa girip, aňryňy bärik getirýär, keýgim (P. Körpäýew). 2. Janyň ýanyp käýinmek, gaharlanmak. Ol günler ýadyma düşende, edil aňrym bärime gelýär (“Edebiýat we sungat”). Remezanyň aňyrsy bärsine geldi, emma ol dişini gysdy (B. Seýtäkow)

Ara düşmek — 1. Ylalaşdyrmak maksady bilen aralamak, ýaraşdyrmak, oňuşdyrmak. Ol märekäni böwsüp, ýaňky ýigidiň üstüne topuldy we onuň depesinden ýumrugyny inderjek bolanda, Çemen hem-de adamlar ara düşdüler (O. Gadamow). Emma olaryň aralaryna düşdüler, biraz köşeşdirdiler (B. Kerbabaýew). 2. Gürrüňi bölmek, bir gürrüňiň, işiň arasyna goşulmak. Şonuň üçin ol ara düşüp, gürrüňi başga ýana sowan eken (“Edebiýat we sungat”). Gürrüň şu ýere ýetende Ta-wus ara düşüp, Berdiýewe ýüzlendi (N. Pomma).

Arany açmak — 1. Uzaga gitmek, daşlaşmak, uzaklaşmak. 2. Gatnaşygy kesmek, aýrylyşmak. Bibigözelden arany açanymy kem görmedim (“Edebiýat we sungat”). Arman, onuň ýöne maşgalasyndan arasyny açany galdy (B. Kerbabaýew).



Arka atmak — 1. Işläp gutarmak, ýerine ýetirip bolmak, dynmak. Eger ol ugruny tapyp, Magtymguly şahyry yryp bilänse, bu işiň uly bölegini arka atdygy hasap edip biljekdi (“Edebiýat we sungat”). 2. Owarram etmek, näme bolsaň şol bol etmek. Ýaňrap otyr, keýpi ýeten, Namys-aryn arka atan (“Edebiýat we sungat”). Dini arkasyna atdy Meňli han (Mollamurt).

Arka bermek — 1. Ýan bermek, gowşamak, haýallamak. Goç ýigit söweşse, serinden geçer, Gorkak gaçar arka bermek biläni (Baýly şahyr). 2. Goldaw gözlemek, hossar aňtamak. Kime arka berjegiňi bilmek kyn (B. Seýtäkow).


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish