1.Tema: Giriş . Dersiň maksady we wezipeleri . Türkmen halk döredijiliginde öwrenilýän meseleler. Meýilnama:
Dersiň maksady we wezipesi barada maglumat.
Türkmen halk döredijiligi barada maglumat.
Halk döredijiliginiň öwrenilişi.
Asyrlaryň dowamynda dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylyp, biziň günlerimize gelip ýeten şahyrana döredijilige halk döredijiligi diýilýär.Halk döredijiliginiň eserlerinde adamlar özüniň ynançlaryny, durmuşyny, däp-dessurlaryny beýan edýärler. Edebi eserleriň bu görnüşi hakykaty çeper beýan edişi, obrazlarynyň dogruçyllygy, aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Aýry-aýry adamlar tarapyndan döredilen ol eserleri halkymyz asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Olar çeperçilik däplerine durnuklylygy bilen ýatda galýarlar. Dürli milletleriň halky eserlerinde meňzeşlikleriň ýüze çykmagy tebigydyr. Şonuň bilen bilelikde bu eserler asyrlaryň dowamynda her halkyň mahsus bolan milli aýratynlygyny, medeniýetini, ýaşaýyş durmuşyny dolulygy bilen özüne siňdiripdir.
Çeper söz döredijiligi adamzadyň gepleýiş diliniň kämilleşmegi bilen döräp başlapdyr.Muňa zähmetkeş halk öz täsirini ýetiripdir. Zehinli söz ussatlary diňe bir halky eserleriň döremegine däl, eýsem, olaryň halk arasyna ýaýramagyna hem ýardam beripdirler. Halk döredijiliginiň özboluşly aýratynlyklary bolup, olar, esasan, şulardan ybaratdyr:
1. Eseri döreden adamyň adynyň ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan çykmagy.
2. Her bir aýdyjynyň tekste öz dilewarlygy bilen özgerişler girizmegi, ýagny tekstde durnuklylygyň bolmazlygy.
3. Halky eserler öz üstünden köp döwürleri geçirse-de, dörän döwründäki taryhy wakalary özünde saklaýar.
4. Folklor eserleriniň mazmuny öz döwrüniň syýasy, ykdysady talaplaryna, ahlak ýörelgelerine laýyklykda üýtgäp durýar.
5. Halk döredijiliginiň eserleriniň araçägi bolmaýar. Jahankeşdeler, derwüşler, söwdagärler ol eserleri ýaýradypdyrlar. Diňlenilen eserler halkyň arasyna ýaýrap, şol halkyň milli eserine öwrülipdir hem-de ony kabul eden halkyň gepleşik dilinde bolup, degişli çeperçilik serişdeler bilen bezelip, dürli görnüşde beýan edilendir.
Türkmen folklor eserlerinde hem gadymy arap, grek, pars, hindi halklarynyň edebi mirasyna meňzeşligiň bolmagy-da, şular ýaly gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
6. Folklor eserleriniň täzeden döräp durmak we ýitip gitmek häsiýetleri bar.
7. Biziň halk döredijiligimiziň eserlerinde azerbaýjan, özbek halklarynyň medeniýetiniň täsiri uly bolupdyr. Soltansöýün (Soltan Hüseýin Baýkara), Myraly (Alyşir Nowaýy) bilen baglanyşykly döredilen ertekiler, şorta sözler az däl.
8. Ýazuwly edebiýat halky eserleriň esasynda döreýär (“Müň bir gije”, “Seýpelmelek-Methaljemal”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber”). Andalyp, Magtymguly, Şabende, Magrupy, Seýdi, Kemine, Mollanepes ýaly şahyrlaryň-da halypasy halk döredijiligidir.
Do'stlaringiz bilan baham: |