Aýagy agyr (agralmak) — 1. Göwreli, ikigat. Ejemem ejem welin, gep Ýazgülde-le. Onuň aýagy agyr (N. Pomma). Şeýle agyr günde hasratly çagy, Düýpli agralypdyr ýene aýagy (A. Kekilow). 2. Aýagy düşmeýän; baran ýerinde şowsuzlyk bolýan.— Bitäýmeli iş hem wagtynda bolman dur, täze başlygyň aýagy agyr boldy öýdýän.
Aýagy baglanmak — 1. Biri ýa-da bir zat sebäpli etjek işiňi edip bilmezlik, mümkinçilik bolmazlyk; öz agtyklaryny öýüne getirip, onuň aýagy baglandy, awçy dag sökmesini goýdy (B. Soltannyýazow). Men kesel aýalym bilen üç çagamy yzyma tirkäp, nirä gaçyp gideýin? Meniň aýagym bagly (B. Seýtäkow). 2. Öýliişikli bolmak, öýlenmek. Uly oglumyzyňam indi aýagy baglanandyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |