Halkyň Arkadagly zamaasy



Download 14,63 Kb.
Sana24.09.2022
Hajmi14,63 Kb.
#850079
Bog'liq
Gymmaty esgilmejek eser


Gymmaty esgilmejek eser
Berkarar döwletiň täze eýýanynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamaasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ýene bir aýaýyp kitaby – “Ömrümiň manysy” türkmen halkyna gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabyny halkymyza peşgeş bermegi ylma-bilime, kitaba aýratyn hormat-sarpa goýýan türkmen halkyny has-da begendirdi, buýsandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby 8 bölümden ybarat bolup, onda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, medeni-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlar, urp-adatlar, halkymyzyň mukaddes ýörelgeleri, taryhda ýaşap geçen keramatly şahsyýetler... dogrusynda gürrüň edilip, olar hakynda birnäçe rowaýatlara ýüzlenilýär.
Kitabyň “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýörelge” atly bölüminde türkmen halkynyň şöhratly taryhy, öz gözbaşyny miladydan öňki döwürlerden alyp gaýdýan, taryhy-edebi eserlerimiz bolan Oguznamalar, olaryň nusgalary, Oguz han atamyzyň çeper keşbi, otparazlyk dininiň mukaddes kitaby hasaplanýan “Awesta”, otparazlygyň pygamberi Zaratuştra barada hem gyzykly maglumatlar getirilýär. Geçmiş taryhymyz, edebi eserlerimiz hakynda şeýle gymmatly maglumatlaryň getirilmegi Türkmenistan döwletimiziň siwilizasiýanyň, ylym-bilimiň, medeniýetiň irki ojaklarynyň biri bolandygyny aýdyň subut edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitabynyň “Gadymyýete nazar” atly bölüminde mukaddes yslam dini, onuň kada-kanunlary, sopuçylyk taglymaty hakynda aýdylýar. Orta asyrlarda ýaşap geçen Mahmyt Zamahşary, Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne baba, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly meşhur şahsyýetler, olaryň durmuşy, ylym alan ojaklary, halypalary barada gymmatly maglumatlar taryhy wakalaryň üsti bilen berilýär. Kitapda ady agzalýan bu meşhur şahsyýetler öz ýaşan döwrüniň sopuçylyk taglymatynda uly yz galdyrmak bilen, orta asyrlar türkmen edebiýatynyň taryhynda özleriniň döreden mesnewileri, rubagylary, kytgalary bilen hem meşhurdyr.Eserde beýan edilýän rowaýatlara görä, bu şahsyýetler öz döwrüniň ylymda-bilimden ýüki ýetik, sowatly adamlary bolmak bilen, Hakdan halatly – keramatly adamlar bolandygyna göz ýetirmek mümkin.
“Ömrümiň manysy” kitabynyň “Mukaddes Mekge - Medinä zyýarat” bölüminde durmuşda her bir ynsanyň öňündäki haj parzy, ony ýerine ýetirmegiň kadalary, berjaý etmegiň zerurlygy, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň, kakasy Döwletmämmet Azadynyň bu hakynda aýdan gymmatly setirleri getirilýär. Türkmen şygryýetiniň zergäri, edebiýatymyzyň müň öwüşginli almaz täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň belent ynsanperwerlige ýugrulan şeýle setirleri her bir türkmen perzendine nusga alarlyk görelde mekdebi bolup hyzmat eder:
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar, bir garyba don berseň,
Saýa bolar, mähtäçlere nan berseň,
Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar.
Şahyryň şygrynda aýdylyşy ýaly, jany sag, mätäçlik çekmeýän, mümkinçiligi bolan her bir ynsan üçin haç zyýaraty parz hasaplanýar. Ajygana nan bermek, ýalaňaja don bermek, ynsanlara haýyrly, ýagşy işleri etmek adamy adam edýän, ony beýleki ynsanlardan tapawutlandyrýan beýik sypatlar-häsiýetler hökmünde görkezilýär.
Döwletmämmet Azady döwrüniň din we dünýewi ylymlarynyň meşhur alymy bolmak bilen, özüniň “Wagzy – azat” eserinde durmuşda haýyr-sogaply işler etmek, ylym almak, alan ylmyňy özgelere hem öwretmek, ynsanlara kömek edip ýaşamak, ynsanperwer, hoşsözli bolmak dogrusynda hem aýdyp geçipdir. “Ömrümiň manysy” kitabynda Azadynyň şeýle setirleri berilýär:
Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede!
Beýik şahyryň ýokarky setirinde adamkärçilikli bolmak, mylaýym sözli bolup adamlaryň göwünlerini ýykmazlyk, olaryň göwnüni tapmak, köňül abatlygy dogrusynda söz açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby halkymyzyň gadymy taryhyndan, medeni-ruhy gymmatlyklaryndan, geçmiş edebiýatyndan söz açmak bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbilemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolar.
Enegül Şallyýewa
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli
golýazmalar institutynyň aspiranty
Tel: +864124401 Kod:220610450
Abuna tass. Kody : 52311
Download 14,63 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish