Meseläniň çözülişi. Excel-de ''Aýlyk'' täze iş kitabyny, Лист1 iş listini açalyň we dokumentiň başky bölegini girizeliň. Şunlukda, aýratyn çalardylan C3, E3, E4 öýjüklerde ''2004'', ''nowruz'' ýazgylary we 22 sifri ýerleşdireliň.
Wezipesi, Bellenen aýlyk, Hassalyk listi boýunça, Goşmaça hasaplanma,Awans,Şäheri abadanlaşdyrmak üçin, Aliment,Bankdan ssuda üçin meýdanlaryň bahalary başlangyç maglumatlar hökmünde bada girizilýärler. Beýleki meýdanlaryň birinji hatarynyň (setiriniň) bahalary üçin doldurylyş we hasaplanyş formulalary aşakdaky ýalydyr (tabl.4.3).
Bu sütünleriň galan bahalarynyň doldurylyşy, 8-nji hataryň tapawutlandyrylan öýjükleri üçin, doldurma markerini aşaklygyna çekip äkitmek usulynda geçirilýär. Meselem, Işlenen günleriň sany meýdany üçin D8 öýjügi täzeden tapawutlandyryp, syçanyň görkezgijini (+)-doldurma markerinde goýup, syçanyň çep basgyjyny basyp, goýbermän, D8:D12 öýjükler boýunça aşaklygyna çekip äkidýäris. Eger bahalaryň biri birmeňzeş (22 gün) bahalardan tapawutlanýan bolsa, onda bu öýjügi tapawutlandyryp, degişli bahasyny (meselem, D10 öýjük üçin 20) girizýäris.
13-nji hatar tablisada jemleýji hatardyr. Bu hataryň meýdanlarynyň bahalaryny doldurmak üçin, C13 öýjügi tapawutlandyryp, syçanyň çep basgyjyny enjamlar paneliniň Awtosumma (jem belgisi) elementinde iki gezek şyrkyldadalyň. Öýjükde C8:C12 öýjükleriň bahalarynyň jemi görner. Indi täzeden C13 öýjügini tapawutlandyryp we syçanyň basgyjyny bu öýjügiň doldurma markerinde saklap, C13:S13 öýjükler boýunça saga çekip äkideliň.
Dokumentiň soňlaýjy bölegi ýolbaşçynyň we baş hasapçynyň gollary bilen doldurylýar.
Iş listini täzeden atlandyralyň. Onuň üçin, syçanyň basgyjyny Лист1 ýarlygyň üstünde iki gezek şyrkyldatmak we "Nowruz-2004" ýygnamak ýeterlikdir. Nowruz aýy üçin hasaplasyk - töleg aýannamasy taýyn boldy. Dokumenti çap edeliň we iş kitabyny saklalyň.
Netije. Bu dokumentiň baş amatlylygy, haçan-da indiki aýlaryň hasaplaşyk-töleg aýannamalary düzlen wagtynda äşgär bolýar. Adatça, firma boýunça ştatlaryň raspisaniýesi, işgärleriň sany we düzümi, olaryň bellenen aýlyklary we ş.m-ler örän seýrek üýtgeýärler, onda, meselem, aýannamany şu ýylyň Gurbansoltan aýyna düzmek üçin, Aýlyk kitabyny we Nowruz-2004 listini açalyň. Dokumenti tapawutlandyralyň. Instrumentler panelinde Копировать elementinde syçany şyrkyldadalyň. Лист2 açalyň we Вставить elementinde syçany şyrkyldadalyň. Alnan kopiýada aýyň adyny (E3 öýjügi) we aýdaky iş günleriň sanyny (E4) üýtgedeliň. Işlenen günleriň sany meýdanyna üns bereliň we eger üýtgeşmeler bar bolsa, onda degişli öýjügiň bahasyny düzedeliň hem-de hassalyk listi boýunça degişli hasaplamalary girizeliň. Eger bar bolsa, onda işgärlere goşmaça hasaplamalary (sylaglary), awansdaky üýtgeşmeleri we ş.m-leri girizeliň. Aýannama eýýäm taýyn boldy. Saklamak hem-de dokumente has aňsat ýüzlenmek üçin Лист2-ni Gurbansoltan-2004 adyna üýtgedeliň we kitaby ýapalyň.
Do'stlaringiz bilan baham: |