=(B12+C5)/2-15,25 - B12 we C5 öýjüklerdäki bahalaryň jeminiň ýarsyndan 15,25 san aýrylýar ;
=СУММ (А2: A8;B9;СРЗНАЧ (В2:C5)) - A2 :A8 öýjükleriň diapazonyndaky, B9 öýjükdäki, şeýle hem, B2:C5 öýjükleriň diapazonyndaky bahalaryň orta arifmetiki sany bahalaryň jemi hasaplanýar;
3.=ЕСЛИ (А4<0;-1;ЕСЛИ (А4=0;0;+1)) - käbir, meselem, D4 öýjügiň bahasy, A4 öýjügiň bahasynyň alamaty ýaly kesgitlenýär.
Formulalarda öýjüklere salgylanmagyň üç sany: otnositel, absolýut we garyşyk görnüşleri ulanylýär. Meselem: A6- öýjüge: A6- otnositel salgylanma; $A$6- absolýut (üýtgewsiz) salgylanma;A$6 ýa-da $A6- bolsa garyşyk salgylanmadyr.
Meseläniň goýluşy. Goý, käbir Auditor firmasy üçin ýylyň aýlary boýunça hasaplaşyk- töleg aýannamasyny düzmek talap edilsin. Mundan bu ýana beýan etmegiň amatlylygy üçin, aýannamanyň gutarnykly şertli wariantyny getireliň (tabl. 2) we şol boýunça dokumentiň düzüliş yzygiderligini teswirläliň.
Do'stlaringiz bilan baham: |