Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Alp är
toňa
(töňňe?) ýa-da 
Toňa alp ärdir
. Gadymy türki patyşalar 
we serkerdeler 
Alp-Gutlug bilge kagan, Alp-Tarhan, Alp-Tegin, Alp-
Togrul, Alp-Turmuş, Alp-Tutug, Alpagut,
seljuk soltany 
Alp-Arslan 
ýaly atlaryň düzümindäki 
alp
sözleri munuň aýdyň şaýadydyr. Salyrlaryň 
nesilbaşysy Salyr Gazanyň ýörgünli ady hem 
Salyr Gazan alpdyr.
Diýmek, 
alban, alwan, alpan
diýen etnonimler bir kökden döräp, 
olaryň ilkinji görnüşi alpandyr. Bu taýpanyň wekilleri özlerine etnik at 
hökmünde “batyrlar”, “pälwanlar” manysyndaky gowy manyly sözi seçip 
alypdyrlar. Bu ýöne ýerden däl. Etnonimika ylmynda taýpa-tire atlary 
döreýiş aýratynlyklary boýunça iki topara bölünýär: awtoetnonimler 
(halkyň öz-özüne dakýan ady) we alloetnonimler (taýpa-tirelere çetden 
dakylýan at). Alloetnonimlerde erbet manyly, kemsidiji atlara duş 
gelinýär, ýöne awtoetnonimlerde beýle ýagdaýa gabat gelinmeýär, 
sebäbi hiç halk 
Züne erbet at dakmaýar. 
Alpan
diýen gadymy at bilen manydaş 
etnonimler soňky döwürlerde-de döräpdir. Muňa ärsarylardaky 
batyrlar
, (Hojambaz etrabynyň Gultak obasy), 
piller
(şu raýonyň 
Mekan obasy), alili, pamyk (Kaşgaderýa oblasty) salyr, saryk, änewli, 
ärsary taýpalarynyň, şeýle-de kürtleriň şadylly taýpasynyň düzümindäki 
palwanlar, pälwanly
diýen urug-tireleriň atlary hem myasl bolup biler.
Biziň eramyzyň başlarynda we ondan öň häzirki Azerbaýjanyň 
territoriýasynda albanlar diýen halk ýaşapdyr, olar biziň eramyzdan öňki 
I müňýyllygyň ahyryndan tä biziň eramyzyň X asyryna çeni Küri (Kura)
we Araz (Araks) derýalarynyň boýunda güýçli döwlet hem döredipdirler. 


48
Şol döwürde bu ýere Albaniýa diýlipdir. Balkan ýarym adasynda häzir 
Albaniýa Halk Respublikasy bolup, onuň ilatynyň 71 prosentini alban 
diýen musulman halk tutýar (dogry, bu halk özüne şkiptar, ýagny 
“bürgütler” diýip at berýär). Eýsem, bu albanlaryň biziň gürrüňini edýän 
albanlarymyz bilen nähili dahyly bar?
Biziň elimizde bu etnonimleriň şol bir sözden emele gelendigini 
tassyklaýan delil ýok. Albaniýadaky albanlaryň dili türki däl-de Hindi-
Ýewropa diller toparyna degişlidir. Köp alymlaryň pikirine görä, Kawkaz 
albanlarynyň dili hem türki däl, ýöne bu albanlar baryp biziň eramyzyň 
başlarynda türki taýpalar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Şu eramyzyň 
başynda Kawkaz Albaniýasynyň demirgazygynda türki halklar ýaşan 
bolsa, IV—V asyrlarda bu ýere hazarlar, suwarlar, hunlar, basmiller ýaly 
ençeme türki taýpalar aralaşyp, bu albanlaryň diline uly täsir edipdirler. 
Şu zatlardan çen tutsaň, Kawkaz albanlarynyň etnik adynyň hem aslynda 
alpan
sözünden bolaýmagy mümkindir. Soňra bu adyň Balkanda ýaşaýan 
albanlar (şkiptara) hem geçendigini çaklamak bolar.
Şu aýdylanlar esasynda, 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish