1
Soltanşa ATANYÝAZOW
ŞEJERE
Türkmeniň nesil daragty
Aşgabat, «Turan-1»
1994
2
BBK 63.5 (2)
A 91
Atanyýazow S.
ŞEJERE (Türkmeniň nesil daragty), A.: “Turan-1”—1994.
Her bir halkyň tire-taýpasy onuň gönezligi, asyl köki bolup, olaryň
atlary halkyň geçmişini biziň günlerimize mizetmän ýetiren ajaýyp kitapdyr.
Bilesigeliji giň okyjylar köpçüligine, ylaýta-da ýaşlara niýetlenen bu kitapda
türkmen tire-taýpalarynyň gyzykly taryhy, olaryň adynyň döreýiş sebäpleri we
manysy barada gürrüň gidýär, getirilýän maglumatlaryň ygtybarly bolmagy
üçin, awtor gadymy hytaý, grek, orta asyr arap, türk we pars alymlarynyň
işlerinden giňden peýdalanýar, ençeme türkmen tire-taýpalarynyň adynyň
ýüze çykyşy barada gadymy we häzirki zaman alymlarynyň çaklamalaryndan
düýbünden üýtgeşik pikirleri okyjylara hödürleýär.
Halkymyzyň gadymy geçmişine göz ýetirmek isleseňiz, şu kitaby okaň!
A—0505000000 BBK 63.5 (2)
A91
“Turan-1”
3
SÖZBAŞY
Gadymy ata-babalarymyzyň “Ýedi arkaňyzy bilmek—parz” diýen
dana aýtgysy bar. Şu ýörelgeden ugur alyp, olar öz çagalaryna geçmiş
atalarynyň adyny ürç edip ýatladypdyrlar. Gazak halkynda bu däp häzire
çenli ýörgünlidir. Diňe bir türki kowumlara däl, eýsem türki halklaryň
köpüsine mahsus bolan nesil yzarlamak düzgüni türkmenlerde
nesil
daragty
, araplarda
şejere
, käbir türki halklarda
ýedi ata, ýedi arka
,
oruslarda
rodoslownaýa
, ylmy dilde bolsa
genealogiýa
diýen atlar bilen
bellidir.
Geçmişiňi bilmän, geljege göz ýetirmek mümkin däl. Ata-
babalarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp bize ýetiren gowy däplerinden, şol
sanda geçen nesilleri ýatda saklamak we olary hormatlamak endiginden
ýüz döndürsek, biz öz neberelerimizde şu günki we geljekki nesillere
sarpa goýmak ýaly asylly sypaty terbiýeläp bilmeris, çünki geçmiş özüne
aýawly çemeleşmegi talap edýär, edilen hyýanat üçin bolsa dessine ar
alýar. Dagystanyň meşhur şahyry Rasul Gamzatowyň atasy Gamzat
Çadasynyň aýlawly aýdan ajaýyň sözlerinden çen tutsaň, “Geçmişine
sapança atany ol top bilen urýar”.
Ululara hormat goýmazlyk, garrylary sylamazlyk, ýakynlaryň bilen
oňuşmazlyk, gara nebis üçin hallan atmaklyk, gedemlik, tireparazlyk,
ogurlyk ýaly geçmişde ata-babalarymyzyň ýigrenen zatlary häzirki
ýaşlarymyzyň arasynda barha güýjäp, ýoň bolup barýar. Munuň esasy
sebäbini biziň könämizi ýatdan çykaranlygymyzdan, ata-babalaryň
gowy däplerini unudanlygymyzdan, umuman, geçmişimiziň üstüne
atanak çekenligimizden gözlemek dogry bolar. Beýle ýagdaýda ýaşlarda
erbet endikleriň, ýigrenji häsiýetleriň dörejegi şübhesizdir, çünki Yrak
türkmenleriniň nakylynda jaýdar aýdylyşy ýaly, “aslyny unudan atasyny
atar”.
Soňky 50 ýylyň dowamynda içgin öwrenmeklik gadagan edilen
4
temalaryň biri-de türkmen tire-taýpalarynyň gurluşy, gelip çykyşy we
olaryň atlarydyr. Şu döwür içinde rus dilinde bolaýmasa, türkmen dilinde
olar barada ylmy işler neşir edilmedi, ylmy derňewler-de geçirilmedi.
“Tire-taýpalaryň we olaryň atlarynyň öwrenilmegi il içinde tireparazlygy
ösdürer” diýen galp düşünjeden ugur alyndy. Hakykatda weli düýbünden
tersine: öz aslyňy bilmezlik, diňe bir türkmen taýpalarynyň däl,
eýsem, türki halklaryň, şeýle-de goňşulykda ýaşaýan halklaryň gan
garyndaşlygyna, olaryň aglabasynyň asyl köküniň, gelip çykyşynyň şol
bir gözbaşdan gaýdýanlygyna düşünmezlik tireparazlygy we milletçiligi
döredýär.
Etnonimika, umuman, etnografiýa ylmynda dogry bellenilişi ýaly,
dünýäde keseki gany gatyşmadyk, töweregindäki dürli halklar bilen
garylmadyk, ýagny bir ata-eneden (ganybir maşgaladan) dörän ýekeje-
de arassa, ig halk, taýpa, hatda tire-de ýok. Uzak asylaryň dowamynda
bu etnik toparlar öz içine garyndaş we garyndaş däl taýpa-tireleriň,
halklaryň dürli böleklerini kabul edip durýar. Wagtyň geçmegi bilen, soň
goşulan az sanly il uly taýpanyň içine siňip, eräp gidýär. Muňa her bir
okyjy öz obasynyň mysalynda-da göz ýetirip biler: soňky 30—40 ýylyň
içinde onuň obasyna beýleki obalardan birnäçe maşgala göçüp gelendir
ýa-da göçüp gidendir. Ençeme maşgalalar beýleki tire-taýpalardan gyz
alyp, gyz berendirler. Bu ýagdaý uzak asyrlaryň dowamynda gaýtalanyp
duran zat.
Basybalyjykly uruşlary, göçe-göçlükleri, pajygaly sosial-ykdysady
hadysalary hasap etmäniňde-de, ýokarda ýatlanan we ähli tire-taýpalara
mahsus bolan etnik gatnaşyklar ilatyň dürli toparynyň arasynda ganyň
gatyşyp durmagyna getirýär.
Ähli taryhy çeşmeleriň biragyzdan tassyklamagyna görä, türki
halklar iňňän gadymy eýýamda bir kökden, bir topardan dörän il bolup,
soňra olar aýrylyşypdyrlar, aglabasy soňra özbaşdak halk derejesine
çenli ösüp ýetişipdir. Türkmen taýpalary hem bir kökden (gadymy
oguzlardan) gaýdýar, olar bir kökden dörän äpet daragtyň ululy-kiçili
şahalarydyr. Köp asyryň dowamynda türkmen halky goňşy halklarynyň
we taýpalarynyň dürli toparlaryny öz düzümine kabul edipdir. Öz
gezeginde bu halkyň dürli bölekleri hem ýakyn we uzak halklaryň (hatda
oruslaryň, wengrleriň, bolgarlaryň, kürtleriň, parslaryň...) arasyna siňip
gidipdir.
5
Diýmek, türkmen tire-taýpalarynyň biri-birlerini ganybir dogan
hasap edişi ýaly, biz özümizi töweregimizi gurşap alan köp sanly halklar,
halkyýetler bilen hem ganybir garyndaş saýmalydyrys. Ynha, okyjylaryň
dykgatyna hödürlenýän şu kitabyň esasy ideýasy şundan ybarat. Oçerkleri
okap çykan her bir okyjy şundan soň taýpa-tireleriň wekillerini özi bilen
doganlygyna, töweregimizi gurşap alan halklaryň hem biri-birleri bilen
gan garyndaşlygyna göz ýeterse gerek.
1988-nji ýylda “Ylym” neşirýatynda biziň “Slowar turkmenskih
etnonimow” (“Türkmen etnonimleriniň sözlügi”) diýen kitabymyz
orus dilinde çap edildi. Onda türkmen tire-taýpa atlarynyň 2300-den
gowragy ýerleşdirilip, olara düşündiriş berlipdi. Eliňizdäki oçerkler
şol sözlügiň esasynda ýazylan bolsa-da, onuň terjimesi däl, sebäbi bu
kitapdaky oçerkler üçin ýatlanan sözlügiň 2300 makalasyndan diňe
300-den gowragy seçilip alyndy, olar hem sözlük makalasy görnüşinde
berilmän, oçerk häsiýetinde giňişleýin teswir edildi. Galyberse-de, bu
kitaba girizilen etnonimleriň köpüsi täzeden işlenildi, olaryň aňladýan
manylary we gelip çykyşy ýatlanan sözlükdäkiden başgaçarak
düşündirildi. Muňa, bir tarapdan, türkmen etnonimleri barada goşmaça
toplanan maglumatlar sebäp bolsa, ikinji tarapdan, rus dilinde çap
edilen sözlük neşire tabşyrylandan soň, biz türkmen etnonimleriniň
ylmy-teoretiki meseleleri bilen meşgullanyp, bu atlary doganlyk türki
halklaryň tire-taýpa atlary bilen degşirip öwrendik. Bu ýagdaý türkmen
etnonimleriniň ençemesiniň gelip çykyşyna täzeçe çemeleşmäge
mümkinçilik döretdi. Üçünjiden, 1990-njy ýylyň aprel aýyndan başlap,
“Şejere” ýörelgesi bilen “Ýaş kommunist” gazetiniň şenbe güni çykýan
her sanynda türkmen etnonimleri baradaky makalalarymyz çap bolup
ugrandan soň, respublikamyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylardan
onlarça hat aldyk. Ol hatlardaky peýdaly bellikleri we habar berilýän
goşmaça maglumatlary biz nazarda tutduk. Orus dilinde çap edilen
sözlügimiz barada metbugat sahypalarynda aýdylan tankydy bellikler
hem hasaba alyndy. Netijede, bu kitapda ýerleşdirilen ençeme türkmen
etnonimleriniň aňladýan manylary rus dilinde çap edilen sözlükdäkiden
başgaça düşündirildi.
Türkmen etnonimleri we olar baradaky taryhy maglumatlar,
köplenç, gadymy hem-de häzirki döwür alymlarynyň çap edilen
işlerinden alyndy, 1963-nji ýyldan başlap, bular barada biziň il içinden
6
toplan maglumatlarymyz hem işde doly peýdalanyldy.
Ol ýa-da beýleki etnonimiň aňladýan manysyny we onuň gelip
çykyşyny anyklamak aňsat iş däl, çünki bu atlaryň ençemesiniň
döränine birnäçe asyr, käbiriniň ýüze çykan wagtyndan bäri bolsa
2—3 müň ýyl geçipdir, emma olaryň manysy we ýüze çykyş sebäpleri
barada taryhy çeşmelerde anyk we ynançly maglumatlar duş gelmeýär
diýerliklidir. Şeýle ýagdaýda biz deňeşdirme usulyndan peýdalandyk,
ýagny bir etnonimi derňänimizde, ony tutuş sistemany emele getirýän
özüne kybapdaş beýleki türki (türkmen) etnonimleri bilen degşirip,
saldarlap görüp öwrendik we onuň gelip çykyşy barada jaýdar hasaplan
çaklamalarymyzy orta atdyk.
Tire-taýpa atlarynyň manysy barada okyjylaryň dykgatyna
hödürlenen çaklamalar—awtoryň hususy pikiri. Biz ony meseläniň
gutarnykly çözgüdi hasaplamaýarys, çünki geljekki çuň ylmy derňewler,
täze tapylan goşmaça maglumatlar netijesinde ol ýa beýleki etnonimiň
aňladýan manysy başga hili düşündirilip bilner. Biz bu babatda giň
okyjylar köpçüliginiň kömegine bil baglaýarys. Türkmen etnonimleri
baradaky belliklerini, tankydy pikirlerini habar beren okyjylardan biz
gaty hoşal bolardyk. Hatlary awtora şu adrese ibermek bolar: 744000,
Aşgabat, Gogol köçesi,15. Türkmenistan YA-nyň H. Baýlyýew adyndaky
Dil bilimi instituty.
7
GIRIŞ
Tire-taýpa atlarynyň gelip çykyşy baradaky şeýle kitabyň türkmen
okyjyaryna niýetlenen ilkinji gezek neşir edilýändigi üçin, biz onomastika
ylmynyň bir şahasy bolan etnonimikanyň ýörite terminleri, türkmen tire-
taýpa atlarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň beýleki türki halklaryň
etnonimiýasy bilen özara gatnaşygy we ylym üçin ähmiýeti barada
gysgaça düşündiriş bermegi makul bildik.
Do'stlaringiz bilan baham: |