Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


agöýli diýen toparlar bolupdyr, muňa  Ahalda duş gelýän  agöýli



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet14/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

agöýli
diýen toparlar bolupdyr, muňa 
Ahalda duş gelýän 
agöýli
diýen tire atlary şaýatlyk edýärler. Ýöne bu 
ýerde agöýlüler girewi aňlatman, eýsem, taýpanyň, urugyň ýa-da tutuş 
obanyň ýagy çozaýjak ýerlerinde galkan hökmünde goýlan ýaş ýigitleri-
garawullary aňladypdyr. Meselem, çozup gelýän duşmany ilki bolup 
garşy almak üçin, Eýrandan Ahala gelýän dag ýollarynyň agzyna öýlenen 
we öýlenmedik ýaş ýigitleri göçürip getirip, olara gala salyp beripdirler, 
ýaşamaklary üçin bolsa ak öý tutupdyrlar. Bu agöýlüler bir urugdan däl-
de, goraljak uruglaryň her birinden ýygnalypdyr. Ilki şol garawullara 
agöýli diýlip, soňra bu at olaryň neberelerine-de geçipdir. 
ADAK ILI, ADAKLY HYZYR, HYDYRILI
XVI asyrda Sarygamyş etraplarynda ýaşan türkmen taýpalarynyň 
birine 
adak
ýa-da 
adakly hyzyr
diýlip at beripdirler. 
Şol asyryň Uzboýuň
orta akymlarynda dörän bu taýpa alililer we düýejiler bilen birlikde 
üçil
(ýagny “üç taýpa”) diýen taýpalar birleşigini emele getiripdir.
Bu taýpanyň adak, adakly diýlip at almagynyň sebäbi şeýle: 
Amyderýa Sarygamşyň, Üňzüň üsti bilen Kaspi deňzine guýýan 
döwründe Sarygamyş gaty giň eken, şonuň üçin oňa orta asyrlarda 
Gyzdeňzi (has dogrusy, Guz deňzi, ýagny Oguz deňzi) hem diýýän 
ekenler. Onuň uly adalarynyň birinde türkmenleriň bir taýpasy ýaşap, 
olar şäher hem gurupdyrlar. Oňa Adak, soňra Ýaňyşäher diýlipdir.
Daşhowuz oblastynyň ilaty bu şäheriň harabalaryna häzir Akgala 
diýip at berýär. 
Adak
sözi ada diýmekdir. Şeýlelikde, 
adak ili
“adada 
ýaşaýan il”, 
adakly hyzyr
hem “adada ýaşaýan hyzyr taýpasy” diýen 
manyny aňladýar. Bu taýpanyň galyndylary soňra türkmenleriň hydyrili 
taýpasyny emele getiripdir. 1578-nji ýylda Üňzüň suwy kesilýär, 
Sarygamyş kem-kemden guraýar. Bu etrapda ýaşaýan türkmenler hem 
dumly-duşa dagaýar. Hydyrilililer bölek-bölek bolup, häzirki Daşhowuz, 
Horezm, Çärjew, Buhara, Samarkant welaýatlarynyň territoriýalaryna 
siňýärler. Samarkant raýonynyň “Moskwa” kolhozynda, şeýle-de Buhara 
welaýatynyň Garaköl raýonynda ýaşaýan hydyrilileriň arasynda adakly 
diýen etnonim şol gadymy geçmişden galan miras hökmünde şu wagta 
çenli saklanypdyr.
Eýsem, 
hyzyr, hydyr
diýen sözüň manysy näme? Bu at, biziň 


25
pikirimizçe, gadymy 
hazar
diýen etnonimiň biraz üýtgän görnüşidir 
(hazarlara hazyrlar, hyzyrlar hem diýlipdir). Hazar diýen türki halk
VII asyryň ortalarynda Itil (Wolga) boýlaryny, Demirgazyk Kawkazy, 
Azow ýakalaryny, Krymy öz içine alan uly döwleti esaslandyran türki 
dilli halkdyr. Bu döwlet ilki 735-nji ýylda araplaryň, soňra 795-nji ýylda 
peçenegleriň (it beçeneleriň), 960-njy ýyllarda orus knýazy Swýatoslawyň 
uran zarbalary esasynda dagydylyp, ençeme halklaryň arasyna siňip 
gidýär. Hazar döwletiniň Horezm döwleti bilen ýakyn aragatnaşykda 
bolandygyny nazara alsak, onda hazarlaryň bir böleginiň şol döwürlerde 
gadymy Horezme aralaşmagy bolaýjak zatdyr. Hatda türkmenler öňki 
Kaspi deňzine-de Hazar diýipdirler. Ony beýik Magtymguly şahyryň:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň –
diýen setirleri hem tassyklaýar.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish