agary
çäkmen
diýilýär.
AGAÇ ÄRI
Türkmen halkynyň orta asyrlarda dörän taýpalarynyň birine şeýle
at berlipdir. Bu at görnülki Eýran taryhçysy, 1298—1370-nji ýyllar
aralygynda Eýrandaky mongol ilhanylary Gazan hanyň we Oljaýtu
hanyň baş weziri bolup işlän Reşideddiniň (1247—1318) üç tomdan
ybarat “Jami ar tawarih” (“Taryhyň ýygyndysy”) atly meşhur kitabynda
ilkinji gezek duş gelýär. Reşideddin şeýle ýazýar: “Gadym döwürlerde”
agaç äri diýen at ýokdy. Oguz taýpalary bu ülkelere aralaşandan soň, şol
23
taýpalaryň biriniň tokaýlyk ýerde ýerleşendigi üçin, oňa agaç äri (ýagny
“tokaý adamlary”—S.A.) diýip at berýärler. Mongollarda-da tokaýda
ýurt tutunan adamlara hoýin-irgýon, ýagny tokaý taýpasy diýýärler” (I
tom, 1-nji kitap, 85 sah.).
Reşideddiniň sözlerinden bu taýpanyň nirede emele gelendigi belli
bolman galýar. Häzirki döwürde Orta Aziýada ýaşaýan türkmenleriň
arasynda-da bu etnonim saklanmandyr. Ähtimal, bu at soňra şol manydaky
başga söz bilen çalşyrylan bolsa gerek. Şeýle çaklama esasynda hatap
we mukry taýpalarynyň düzümindäki
tokaý
, garadaşlylaryň arasyndaky
orman
diýen urug atlaryny gadymy
agaç äri
diýen taýpa ady bilen bir
hatarda goýmak gyzyklydyr (türki dillerde
orman
“tokaý” diýmekdir).
“Agaç äri ýaly söz düzüminden dörän etnonim başga-da barmy?”
diýen soragyň ýüze çykmagy mümkin. Türk alymy Ibrahim Kafeogly
geçmişdäki türki halklaryň (belki, oguzlaryň) arasynda Kümeri (“gum
äri”) diýen taýpanyň bolandygy barada ýazýar. Belki, seljuklaryň
günbatara ýörişleri döwründe oguz-türkmen taýpalarynyň biriniň gumda,
beýlekisiniň hem tokaýda ýerleşendigi üçin, olara şeýle at berlendir.
AGÖÝLI
Özbegistanyň Horezm oblastynyň Ürgenç raýonynda ýaşaýan
salyr türkmenleriniň arasynda agöýli diýen urug bar. Onuň ady Orta
Aziýa halklarynda, Eýranda gadymdan bäri dowam eden harby-syýasy
däp bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Meselem, Hywa hanlary özlerine
tabyn bolan taýpalaryň ýa-da basyp alan ýerleriniň ilatynyň hana
garşy baş galdyrmazlygy, onuň goşuny paýtagta gidenden soň, yzynda
gozgalaň turuzmazlygy üçin, şol taýpanyň (ýa-da obanyň) abraýly
ýaşulularynyň, aksakgallarynyň ogullaryndan ýa-da ýakynlaryndan
ybarat bolan bir bölek ilaty öz paýtagtyna girew üçin göçürýän ekenler.
Eger taýpa ýa-da oba boýun egmesi (gozgalaň etse), onda şol äkidilen
topar ilkinji nobatda öldürilýän eken. Girew hökmünde äkidilen şeýle
topara
agöýlüler
diýip at beripdirler, çünki olar öz obasyndan berlen täze,
ak öýlerde ýaşapdyrlar. Ýatlanan agöýlüler hem XVIII-XIX asyrlarda
Hywa hanlarynyň Mary türkmenleriniň, şol sanda Saragt we Ýolöten
salyrlarynyň üstüne ençeme gezek talaňçylykky çozuşlary mahaly Hywa
girew üçin äkidilen adamlarynyň nebereleridir. Ilki olara agöýlüler
24
diýlipdir, soňra olaryň bu sosial-syýasy ady tire adyna öwrülip gidipdir.
Türkmenleriň öz içinde-de
Do'stlaringiz bilan baham: |