Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


Etnonimika —grekleriň  etnos



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Etnonimika
—grekleriň 
etnos
(“halk”) we 
onoma
(“at”) sözlerinden 
emele gelip, “tire-taýpa we halk atlaryny öwrenýän ylym” diýen manyny 
aňladýar. Taýpa-tiräniň bölünip alnan bir adyna (meselem, ýomut diýen 
ada) etnonim, belli bir halkyň ýa-da ülkäniň şeýle atlarynyň jemine, 
tutuş sistemasyna bolsa etnonimiýa diýilýär. Eliňizdäki kitapda tire-
taýpa atlary diýen termin bilen bir hatarda etnonimler diýen adalga hem 
giňden ulanyldy.
Etnik atlar dakylyş häsiýetine görä iki uly topara bölünýärler: 
awtoetnonimler, ýagny halkyň ýa-da taýpa-tiräniň özi üçin saýlan (kabul 
eden) ady we alloetnonimler, ýagny halka ýa-da taýpa-tirä töwerekdaki 
iliň dakan ady. Iliň özi üçin saýlan atlary aglaba gowy manyly sözlerden 
hasyl bolýar, emma daş-töweregiň dakan atlarynda (alloetnonimlerde) 
kemsidiji äheňler hem duş gelýär. Meselem, Germaniýanyň esasy ilaty 
özüne doýç diýse, gündogar ýurtlaryň ilaty oňa alman, ruslar bolsa nemes 
diýip at berýärler. Nemes sözi nemoý (“güň, lal”) sözi bilen asyldaşdyr. 
Dili düşnüksiz bolany üçin, ruslar olara şeýle at beripdirler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen taýpalarynyň düzlüşi örän çylşyrymly: 
taýpalaryň köpüsi 2-den 5-e çenli uly bölümlerden ybarat. Meselem: 
teke (bölümleri: utamyş we togtamyş), ýomut (atabaý we jafarbaý), 
ýemreli (dagly we gumly), alili (ýüzbaşy we onbegi) taýpalary 2, salyrlar 


8
garaman, kiçiaga we ýalawaç diýen 3, ärsarylar uludepe, güneş, gara we 
bekewül diýen 4, çowdurlar bolsa garaçowdur, burunjyk, bozajy, abdal 
we igdir diýen 5 uly bölümden ybarat. Öz gezeginde bu bölümler ençeme 
uruglara, uruglar hem onlarça ownuk tirelere bölünýärler. Biri beýlekisine 
tabyn bolan şeýle bölünişik ýokardan aşaklygyna sananda 2-den 10-a 
(ata taýpasynda 13-e) çenli ýetýär. Ylymda-da, halk arasynda-da bu 
çylşyrymly bölünişigiň ähli halkalaryny ýeke-ýekeden (ýokardan aşak) 
atlandyrýan, 1-nji halkany2 (3, 4, 5...)-njiden tapawutlandyrýan ýörite 
termin ýok. Meselem, “taýpa” manysynda ylmy çeşmelerde-de, il içinde-
de “taýpa”, “urug”, “halk”, “il”, hatda “tire” ýaly sözleriň ulanylyşyna 
duş gelýäris. Aşaky halkalar barada-da ýagdaý şeýle. Bu türki halklaryň 
ählisine mahsus zatdyr. Ýöne beýle diýildigi türkmen dili ownukly-irili 
etnik toparlary aňlatmaga ukyply terminlere garyp diýildigi däldir. Bu 
dilde we onuň şiwelerinde şeýle bölekleriň ady hökmünde, ýokarda 
sananlarymyzdan başga-da, oba, kowum, birata (salyr), gandüşer (saryk), 
topar, lakam, depe, tüpe, desde (ärsary), bölüg (Mary), aryş (Astrahan 
türkmenleri), dähe (bujakly), top, tohum, maşgala, aýmak ýaly ençeme 
sözler ulanylýar.
Eliňizdäki ktapda özbaşdak milletleriň ady halk, teke, ýomut... ýaly 
uly taýpalar taýpa, onuň 2-den 5-e çenli uly şahalary bölüm, olardan 
kiçileri urug, urudan soňky bölünişiginiň ähli halkalary hem tire diýen 
terminler bilen aňladyldy.
Türki, şol sanda türkmen etnonimiýasyna mahsus sypat hökmünde 
urug-tireleriň köplenç jübüt-jübütden düzülýändigini, şol jübütleriň 
adynyň we aglaba ýagdaýda ýanaşyk ulanylýandygyny görkezmek 
mümkin. Muňa ak, gara (akgoýunly—garagoýunly, ak daşaýak—gara 
daşaýak, ak goňur—gara goňur), uzyn, gysga, kelte (uzyn ak—gysga ak) 
ýaly tapawutlandyryjy sözler bilen gelýän etnonimler aýdyň mysal bolup 
biler. Beýleki urug-tire atlary hem köplenç goşalandyrylyp ulanylýar 
(beg—wekil, öküz—salak, uludepe—güneş, gara—bekewül we ş.m.). 
Ärsary şiwesinde beýle goşa etnik toparlara jabdak tireler diýilýär, 
ylymda bolsa bu hadysa dualizm (“ikileme”) diýen at bilen bellidir.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish