Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ARABAÇY, KANLY
Arabaçy diýen türkmen taýpasy XV—XVI asyrlarda Balkan
Maňgyşlak etraplarynda dörän bolsa gerek, çünki Mahmyt Kaşgary, 
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba ýaly alymlaryň däl, eýsem 
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda-da onuň ady 
tutulmaýar.
Taýpa hökmünde arabaçy sözi ilkinji gezek Hywa hanlarynyň 
köşk taryhçysy Munisiň “Firdaaus ul-ykbal” diýen işinde ýatlanylýar. 
Ol arabaçylaryň ärsarylar bilen goňşuçylykda, Balkan—Maňgyşlak 
etraplarynda ýaşaýandygyny, olaryň çowdur taýpasynyň bir bölegidigini 
ýazýar. Arabaçylaryň çowdurlara degişlidigi baradaky pikire 
ynanasyň gelmeýär, çünki arabaçy ýaşululary özlerini Ärsarybabanyň 
arabakeşleriniň nesilleri hasaplaýarlar. Galyberse-de, şahyr Mollanepes 
arabaçylary başga taýpalar bilen bir hatarda sanaýar:
Ilbaşy gaýu-baýat, ymykly (bolmalysy: emekli), arap, arabaçy,
Nerezimde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý.
1842-nji ýylda Türkmenistana aýlanan G.I.Danilewskiý hem 
arabaçylaryň ärsarylar we tekeler bilen göçüp-gonup ýörendigini 
belleýär.
XVII asyryň başlarynda-da arabaçylaryň sany köp däl eken. Muny 
olaryň Hywa hany Isfendiýara (höküm süren döwri 1623—1643) tölän 


51
salgydynyň (goýnunyň) sanyndan aňmak mümkin: içki salyrlar 17 müň, 
eseniler 10.600, gökleňlileriň we adaklylaryň hersi 13.200, arabaçylar 
bolsa 4.400 goýun töläpdirler.
Maňgyşlak we Balkan etraplarynda ýaşamak kynlaşansoň, beýleki 
türkmen taýpalary bilen birlikde arabaçylar hem oazise özüni atýar. 
Olaryň uly bölegi Çärjew töweregine gelip, häzirki Dänew, Farap, öňki 
Burdalyk raýonlarynda ornaşýar, bir bölegi hem Hywa etraplaryna göçýär. 
Häzirki döwürde şol arabaçylaryň wekilleri Dänew raýonynyň Biragyz, 
Kelleaýak, Zergömen, Araky obalarynda, Türkmengala, Baýramaly 
raýonlarynda, Buhara welaýatynyň Şafrikan raýonyndaky Arabaçy 
obasynda, Garagalpagystanyň Biruny we Amyderýa raýonlarynda duş 
gelýär. Azerbaýjanyň Barda we Kedebek raýonlarynda-da Arabaçy 
diýen obalar bolup, olar hem bu ýerde arabaçylaryň ýaşaýandygy üçin 
şeýle at alypdyrlar.
Arabaçy diýen etnik at, göräýmäge, öz-özünden düşnükli: “araba 
ýasaýanlar” ýa-da “araba sürýänler”. Eger bu at şu manyda ýüze çykan 
bolsa, onda ony 
kaňly
diýen gadymy türki taýpa bilen deňeşdirmek 
has gyzyklydyr. “Türkmen sowet ensiklopediýasynyň” 4-nji tomunda 
bellenişine görä, kaňlylar XI asyrda Yrtyş derýasynyň boýlaryndan 
göçüp gelen komanlaryň (polowesleriň) ýerli oguzlar (peçenegler) 
bilen gatyşyp gitmegi netijesinde XI—XIII asyrlarda Aral sähralarynda 
ýüze çykan türk taýpalarynyň birleşmesidir. XIII asyryň görnükli 
taryhçysy Reşideddin dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýran we türkmen 
diýip atlandyrylýan oguzlaryň uly taýpalary hökmünde gypjaklaryň, 
halaçlaryň, kaňlylaryň we garlyklaryň atlaryny tutýar (ýeri gelende 
aýtsak, arabaçylaryň 12 urugynyň biri hem garlyklardyr). Bu alym Oguz 
hanyň döwründe kaňlylaryň beýleki taýpalardan tapawutlanyp, araba 
oýlap tapandygyny, ýüklerini hem düýä däl-de, araba ýükleýändigini, 
şonuň üçin hem olara “kaňly” (ýagny “arabaly”) diýlendigini belläýr. 
Şol döwürde türki halklar araba 
kaň
diýipdirler, çünki tigirleni barýan 
araba kaň-kaň edip ses çykarypdyr.
Eger Reşideddiniň pikiri dogry bolsa, onda arabaçy diýen adyň 
göni kalka (terjime) netijesinde kaňlydan emele gelen bolmagy 
mümkindir. Ýöne bu ýerde iňkise goýýan zatlar bar. Birinjiden, gazak 
dilçisi, akademik Abdyaly Kaýdarow kaňly etnoniminiň aslyny altaý 
topar dillerinde “derýa”, “suw” manysynda ulanylan 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish