Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


ETBAŞ Halaç raýonyndaky Etbaş obasyna ady geçen  etbaş



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet225/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   221   222   223   224   225   226   227   228   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ETBAŞ
Halaç raýonyndaky Etbaş obasyna ady geçen 
etbaş
diýen ärsary 
tiresiniň ady, aslynda, 
itbaş
ýa-da 
itbaşy
bolsa gerek, muny 
etbaş
diýen 
etnonimiň il içinde 
itbaş
görnüşinde-de ulanylyşy we etbaş tiresiniň bir 
bölümine 
itakly
(“it akyly”) 
diýilýändigi tassyklaýar. 
Itagyz
diýen tire 
ýemrelileriň düzüminde hem bar.
It
sözi bilen gelýän tire-taýpa atlary türki halklaryň iňňän gadymy 
däbi, ýagny olaryň iti eý görülýän haýwan, taýpanyň howandary (totem) 
hasaplamagy bilen baglanyşyklydyr (bu barada 
Barak, it, köpek, 
ganjyk
diýen makala serediň). Türki halklar ir eýýamda totem hökmünde 
börini birinji, iti ikinji, beýleki haýwanlary bolsa ondan soňky orunlarda 
goýupdyrlar, iň gowy rowaýatlaryny we däp-dessurlaryny möjege, 
ite bagyşlapdyrlar. Meselem, kidanlar atly gadymy türki halkyň güýz 
baýramyna hytaýlar dan-he-mi diýip at beripdirler (türki dilde ol “it başy” 
diýen manyny aňladýar). Şu baýram 8-nji aýyň 8-nji gününde geçirilip, 
şol gün iliň hökümdary ak iti soýduryp, onuň kellesini öz çadyryndan 7 
ädim uzaklykda gömdüripdir, gömlen kelläniň tumşugy (dişleri) görnüp 
durar ýaly edilipdir. 7 günden soň hökümdar öz çadyryny şol kelläniň 
üstünde dikdiripdir.
Şuňa meňzeş rowaýatlar oguzlaryň arasynda-da bolupdyr. 
Meselem, bir dini rowaýatda gürrüň berlişine görä, Hoja Ahmet Ýasawy 
at ogrularyny (başga bir rowaýatda Akmany we Garamany) adam kelleli 
ite öwürýär.
Bu rowaýatlar we itbaş diýen etnonim itiň hem-de onuň kellesiniň 
biziň ata-babalarymyz üçin gadymy geçmişde nähilidir bir mifik gudrata 
eýe bolandygyna, olaryň iňňän irki ynam-düşünjelerine şaýatlyk edýärler. 
ÄRSARY
Uly türkmen taýpalarynyň biri bolan we Çärjew welaýatynyň 
ilatynyň esasy bölegini düzýän ärsarylaryň wekilleri respublikamyzyň 
aglaba raýonlarynda, Buhara welaýatynyň Galasiýa, Alat, Garaköl, 
Kaşgaderýa welaýatynyň Baharystan, Surhanderýa welaýatynyň derýa 
ýakasyndaky ähli raýonlarynda, Täjigistanyň Kolhozabat, Jylyköl, 
Gumsňňir we Şährituz raýonlarynda ýaşaýarlar. Ärsarylaryň uly 


249
bölegi Owganystanyň Balh, Meýmene, Mazaryşerip, Antguýy, Hyrat 
welaýatlarynda ornaşypdyrlar. Olaryň bölek-büçekleri Eýranyň Maşat, 
Büjnürt, kem-käsleýin Kümmethowuz welaýatlarynda we Türkiýede 
hem duş gelýär.
Ähli çeşmeler we rowaýatlar biragyzdan bu taýpa Ärsary diýen 
taryhy şahsyň—taýpabaşynyň adynyň dakylandygyny tassyklaýarlar. 
Dogrudan-da, Balkan etraplarynda ýaşan we salyr ili diýip at alan taýpalar 
birleşginiň ýolbaşçysy Ärsary baý taryhy şahs bolupdyr. Abylgazy ol 
barada: “Salur ilinde, Abulhanda (Balkanda) Ärsary baý tiýgen barçerdi. 
Uzak ömür tapgan döwletli we musulmanlykka kuşeş kylaturgan kişi 
erdi” diýip ýazýar. Şu alymyň maglumatyna görä, Ärsarynyň şejeresi 
şeýle: Oguz—onuň neberesi Dalyr Gazan—onuň neberesi Ňgürjik 
alp—onuň ogly Berdi we Buka diýen ekizler—Berdiniň pgullary Gulmy 
we Gulhajy—Gulhajynyň ogly Ärsary—Ärsarynyň ogullary Inelgazy, 
Zeýnelgazy we Mustapagazy.
Ärsary diýen taryhy şahsyň ömri, uly ile baştutanlyk edişi, onuň 
adynyň döreýşi, Horasanyň hany tarapyndan bu şahsyň wagşylyk bilen 
öldürilişi hakynda “Ärsarybaba baradaky rowaýatlar we hakykat” diýen 
uly makalany ýazanlar: arheolog H.Ýusupow hem-de žurnalist S.Hanow 
dagy (serediň: “Ýaş kommunist”, 1990, 22 awgust) Ärsaryny 1260—70-
nji ýyllarda doglan, 1335-nji ýyl çemesinde-de öldürilen hasap edýärler. 
Bu şahsyň mazary Krasnowodsk raýonynda, Gyzylgaýa posýologyndan 
35—40, Tüwer obasyndan hem hem 12 kilomter uzaklykda, Şagadam—
Hywa kerwen ýolunyň ugrunda, häzirki Ärsarybaba daglarynyň üstünde 
ýerleşýär. 1961-nji ýylda moskwaly arheolog S.P. Polýakow ol mazary 
gazyp gördi, bu babatda ýazan işinde mazardan çykan kelle süňküniň 
iki ýerinden ýaý peýkamynyň (belki, naýzanyň) deşendigini, sag eliniň 
süňküniň mazarda ýokdugyny, onuň gylyç bilen çapylandygyny, gursak, 
oňurga we çep äňiniň süňkleriniň döwlendigini, süňklerde gylyç yzynyň 
bardygyny belleýär.
Mälim bolşy ýaly, mongollarynyň çozuşyndan soňky döwürde Alyşir 
Nowaýy türki halklaryň içinde ilkinji magaryfçy, ylmy-bilimi ýaýradyjy 
hasap edilýär. Arapşynas alym Nazar Halymow öz makalasynda 
Ärsarynyň Nowaýydan iki asyr öň hakyky magaryfçy bolandygyny, 
onuň dini we dünýewi kitaplary türkmen diline terjime etdirip, Balkan 
etrabyndaky ili sowatly we düşünjeli etmäge çalşandygyny, onuň 40 düýe 


250
berip, Köneürgençdäki Şyh Şeref atly ahuna terjime etdiren “Muin-al-
mürid” (“Müritler üçin gollanma”) atly kitabynyň Ärsarydan soň ençeme 
asyryň dowamynda türkmenler tarapyndan ürç edip öwrenilendigini 
belleýär.
Ynha, şu taryhy şahs (Ärsary) XIII asyryň birinji ýarymynda 
mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilen türkmenleriň galan-
gaçanlaryny daşyna jemleýär, bu ile-de Ärsarynyň ili diýen at galýar. 
Elbetde, bu il bir taýpanyň wekili bolman, ol orta asyrlarda sanalýan 
24 türkmen taýpasynyň köpüsinden ýygnanandyr diýip çak edýäris, 
ýöne onuň özenini salyrlar ýa-da salyr diýen taýpa birleşiginie giren 
türkmenler düzüpdir.
Biz “Sary, saryk, saryja” diýen makalada XI asyrda sary diýen 
gadymy türki taýpanyň Maňgyşlak, Balkan etraplarda ornaşandygyny 
belläpdik. Ärsarynyň raýatyna üýşen ile şol döwürde salyrlar hem diýlen
bolsa gerek, çünki sary sözi bilen gelýän etnik atlar türkmenlerde juda 
köp (ol barada ýatlanan makala serediň). Şu ile baştutanlyk eden şahsa-
da Ärsary diýen at “Sary iliniň äri, gerçegi, howandary” diýen manyda 
soň dakylypdyr diýip çaklaýarys, çünki birinjiden, Mekgä haja gidip, 
Gulhajy adyny alan we yslamy öz ýörelgesi edinen dini sowatly adam öz 
ogluna yslam we pygamberler bilen baglanyşykly at dakmaly. Ikinjiden, 
türki halklarda, şeýle-de araplarda hökümdarlara derejesine, at-abraýyna, 
jemgyýetde tutýan ornuna görä öz iliniň ady bilen baglanyşykly täze at 
dakmak däbi ýörgünli bolupdyr. Nyzam ul-mülk (“mülki tertipleşdiriji”), 
Iltüzer (“ili düzüji”), \türiýäniň birinji prezidenti Mustafa Kemalyň 
Atatürk (ýagny “türkleriň atasy”) diýen ikinji ady muňa mysal bolup 
biler. Sarylaryň uly iline baş bolansoň, Ärsara-da şeýle adyň dakylmagy 
bolup biljek zatdyr. Soňra onuň birinji, hakyky ady ýatdan çykarylypdyr. 
Owganystanyň Meňejik etrabynyň Ketdeharyn obasynda ýaşaýan şahyr 
Magtymguly Harynyň beren maglumatyna görä, Ärsarynyň hakyky ady 
Gulmämmet bolmaly.
Sözümiziň ahyrynda, garagalpaklaryň maňgyt taýpasynda-da ärsary 
diýen urugyň bardygyny belleýäris.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   221   222   223   224   225   226   227   228   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish