Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


ýasyr etnoniminiň getirilmegi hem tassyklaýar  (ýazyr diýen at 5-nji orunda gelýär).  Ýas



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet228/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   224   225   226   227   228   229   230   231   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ýasyr
etnoniminiň getirilmegi hem tassyklaýar 
(ýazyr diýen at 5-nji orunda gelýär). 
Ýas
ýa-da 
as
diýen at gadymy 
alanlaryň ikinji ady bolup, ol igdirleriň 
asa
ýa-da 
ýasa
tiresiniň adynda 
hem duş gelýär (bu sözler barada Olam we Esgi makalalaryna-da 
serediň). Şu pikir dogry bolsa, onda etnonimiň gurluşy şeýle bolmaly: 
ýaz (-ýas –as)
we –
yr
diýen gadymy türki köplük goşulmasy. Manysy: 
“ýaz ili”, “ýaz taýpasy”.
Taryhçy alym S. G. Agajanow 
ýazyr
diýen taýpa adyny “ýazy är”, 
ýagny “ýazyda, sährada ýaşaýan il” diýip düşündirýär we ony gadymy 
sul
diýen taýpa adynyň düşnükli sözler bilen terjime edilen (kalkalaşdyrylan) 
görnüşi hasaplaýar. 
Sul
sözi “çöl” sözüniň fonetik öwüşginidir. Sullar 
V—VI asyrlarda Balkan etraplarynda ýaşapdyrlar. Küşt boýunça ort 
asyrlarda dünýä çempiony bolan meşhur türkmen küştçüsi as-Suly hem 
şu taýpadan bolupdyr.
Mary tekeleriniň düzümindäki 
ýazy
tiresiniň ady hem ýazyr diýen 
etnonimiň gysgalan görnüşi bolsa gerek (şahyr Mollanepes şu tireden 
bolupdyr). 
Ýaz
sözüniň yzyna goşulan –y goşulmasynyň köplük sanyň 
başga bir formasy bolmagy-da mümkindir, ol göki, gyrgy, barani, gaýy, 
garrawy, gunny ýaly etnonimlerde hem duş gelýär.
Ýazy
sözi Mary tekeleriniň düzümindäki 
ýazyýusup
tiresiniň 
adynda hem bar.
Sözümiziň ahyrynda ýazyrlaryň geçmişine degişli käbir zatlary 
ýatlalyň. Mongol çozuşlarynyň edil öň ýanynda bu taýpa Ahalda 
tas özbaşdak döwlet gurmak we özbaşdak halk bolmak derejesine 
ýeteňkirläpdir. Olaryň paýtagtyna ilki Tak, soňra Takýazyr diýen at 
berilýär. Bu gadymy şäheriň harabalary häzir Bäherden raýonynda 
bolup, ol Şähryslam diýen at bilen bellidir. Ýazyrlaryň ýurduna bolsa 
Ýazyr ili ýa-da Ýazyrystan diýlipdir.
Hazirki garadaşly diýen türkmen taýpasy hem ýazyrlardan döräpdir. 
(
Garadaşly
makalasyna serediň). Mongol çozuşlaryndan soň, ýazyrlar 
dumly-duşa dargap, olaryň köp bölegi Kiçi Aziýa ýurtlaryna göçüpdir.


254

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   224   225   226   227   228   229   230   231   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish