Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


Ýajy urugynyň ady  ýaýçy



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet230/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   226   227   228   229   230   231   232   233   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Ýajy
urugynyň ady 
ýaýçy
etnoniminiň gysgalan görnüşidir. Ýaýçy 
etnoniminiň ýüze çykyşy barada alymlar dürli rowaýatlary getirýärler. 
Hakykylygyna ynanmasak-da, olaryň birini şu ýerde ýatlap geçeliň. 
Etnograf Ýa. R. Winnikowyň ýaýçyly urugynyň wekillerinden ýazyp 
alan rowaýatynda ýaý atmaga we aw etmäge ökde Çyly diýen adamyň 
ady tutulýar, ol Salyr Gazanyň bir agtygy hasap edilýär (ýaý-Çyly—
ýaýçyly).


255
ÝAKALYBAMYLY 
Garadaşlylyaryň 
ýakalaybamyly
diýen tiresiniň ady bu etnik 
toparyň geçmişdäki göçüp-gonan ýerleri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. 
Atdan belli bolşy ýaly, olar ilki Kaspi deňziniň ýakasynda, soňra hem 
häzirki Bäherden raýonynyň Bamy obasynda oturypdyrlar. Tekeler 
Ahaly eýeländen soň, olar Daşhowuz etraplaryna göçüpdirler.
ÝAKA TÜRKMENI
Kaspi deňziniň ýakasynda ýaşaýany üçin, söýünhany diýen taýpalar 
birleşigine giren taýpalara (gökleňlere, eýmirlere, salyrlara we oklulara) 
ýaka türkmeni hem diýlipidr. Taryhçy alym G.E.Markowyň bellemegine 
görä, çeşmelerde XVI asyrdan başlap duş gelýän bu etnik at diňe Eýran 
taryhçylarynyň işlerinde ulanylypdyr, olar Eýran bilen araçäkde—Etrek, 
Gürgen we Balkan etraplarynda ýaşaýan türkmenlere ýaka türkmeni 
diýipdirler. Türkmenleriň özi bu topara söýünhany diýip at beripdir.
ÝALAWAÇ
Salyr taýpasyny emele getirýän 4 bölümiň biri ýalawaçlardyr 
(beýlekileri akman, garaman we kiçiaga). Gadymy türki dillerde 
ýalawaç sözi “wekil”, “ilçi” we “pygamber” manylarynda ulanylypdyr. 
Bu adyň ýalawaç sözüniň şol manylarynyň haýsy hem bolsa biri bilen 
baglanyşykly ýüze çykan bolmagy ähtimaldyr.
Geçmişde ýalawaç lakamly taryhy şahslar hem bolupdyr. Meselem, 
horezmli Mahmyt ýalawaç taryhda yz galdyran şahs hökmünde 
bellidir. Çingiz han ony 1218-nji ýylda Horezm şasy Muhammet şanyň 
huzuryna ilçi edip iberýär. Soňra ol Pekinde ilçi bolýar we 1254-
nji ýylda şol ýerde ölýär. Mahmyt ýalawajyň ogly Masut beg Orta 
Aziýanyň ekerançylyk bilen meşgullanýan ülkelerine häkim bellenipdir. 
Myhmydyň aslynyň salyr bolmagy hem mümkindir, çünki Pekiniň 
ýakynynda salar türkmenleri häzir hem bar, olaryň uly topary bu ýere 
Samarkant etraplaryndan 1370-nji ýyldan öň göçüp gelipdirler. Belki, 
olar bu ýerde öňden oturan garyndaşlaryny penalap gelendirler. Ýalawaç 
urugynyň adynyň daşary ýurtlarda ilçilik eden şeýle şahslaryň biriniň 


256
tituly bilen baglanyşykly ýüze çykan bolmagy hem ähtimaldyr. Ýöne bu 
pikire nakgaş-ýazyjy Juma Hudaýgulyýew düýbünde garşy çykýar (ser.: 
Çaklamaňam çaky çagşy.—Edebiýat we sungat.—1991, 4-nji oktýabur.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   226   227   228   229   230   231   232   233   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish