1. Gündelik hasabat. Bu okuwçylaryň bilimini her sapakda, her bir mowzuk bilen baglylykda hasaba almakdyr. Gündelik hasabat okuwçyny has tijendirmelidir. Ony
öwrenen maglumatlary berk, düýpli özleşdirmäge gönükdirmelidir.
2. Jemleýji hasabat. Bu hili hasabat möçberi boýunça uly eser, edebi mowzuklar öwrenilip gutarylandan soň ýa-da bir okuw çärýegi, ýarym ýyly, bütin okuw ýylynyň dowamynda öwrenilen edebi maglumatlar boýunça okuwçynyň bilim derejesini jemlemek-hasaba almakdyr. Jemleýji hasabat okuwçyny öwrenilen edebi maglumaty yzygiderli, hemişe gaýtalap, ýatlap durmaga, ony gündelik durmuşda ulanmaga ruhlandyrýar. Mugallym jemleýji hasabaty, esasan, gürrüň usulynda geçirse, netijeli bolar. 1.Geçilenleri gaýtalamak Geçilenleri gaýtalamak okuwçylara edebiýatdan yzygiderli bilim bermegiň we
II - BAP Geçilenleri gaýtalamak, hasabat
Geçilenleri gaýtalamagy dogry guramak bilen, mugallym edebiýatdan okuwçylaryň bilimlerini berkitmelidir we çuňlaşdyrmalydyr.
IV – VIII synplarda edebiýat teoriýasyny öwrenmek. IV – VIII synp okuwçylaryny edebiaýat teoriýasyndan maglumatlar sistemaly hemde olaryň bilim derejelerine laýyklykda berilmelidir. Bu synplarda edebiýat teoriýasyndan degişli maglumatlar bermek meselesinde edebiaýat maksatnamasynda IV – VIII synp okuwçylaryna aýry – aýry çeper eserleri, eserlerden bölekleri öwretmeklik, ýazyjy – şahyrlaryň terjimehalyna degişli maglumat bermek bellenilýär. IV – VIII synplaryň her birinde eseriň üstünde işlenende, edebiýat teoriýasynyň – edebiýatyň özboluşly aýratynlygyna-da, eseriň düzüm böleklerine-de, çeperçiligine-de, diline-de, žanr aýratynlygyna-da, eserderňelende, şol meseleler boýunça okuwçylarda sistemaly düşünje döretmek zerur. Okuwçylarda edebi – teoriki düşünje döretmek işinde mugallym ýuwaş – ýuwaşdan çylşyrymlaşdyrmak ýörelgesine esaslanýar. Ol IV synpda edebiýat teoriýasyndan okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna, bilim derejelerine laýyklykda deslapky maglumatlary berse, V synpda şol maglumatlary giňeldýär. VI – VII synplarda olary ýene-de giňeldýär we çuňlaşdyrýar. VIII synpda bolsa şol maglumatlaryň üstüni doldurýar, anyklaýar we sistemalaşdyrýar. IV – VIII synplaryň okuwçylaryna edebiýat teoriýasyny öwretmekligiň dürli usullary, tärleri, etaplary bolýar. Bu meselede tutuşdan böleklere ýa-da böleklerden tutuşa geçmek bilimi hem-de pedagogika nukdaýnazardan has amatly usullardyr. Edebiaýat sapaklarynda teoretiki maglumatlar edebi eseri derňew ermek bilen berk baglanyşykda öwrenilýär. Sebäbi eseri dreňew etmek üçin edebiýat teoriýasyny düýpli bilmek, edebi – teoretiki düşünjäni gowy özleşdirmek üçin bolsa eseri derňew etmek hökmandyr. Edebiýat sapaklarynda teoretiki maglumatlar edebi eseri derňew etmek bilen berk baglanyşykda öwrenilýär. Sebäbi eseri derňew etmek
üçin edebiýat teoriýasyny düýpli bilmek, edebi – teoretiki düşünjäni gowy özleşdirmek üçin bolsa eseri derňew etmek hökmanydyr. Edebiýat teoriýasy sapakda sistemaly öwrenilmelidir, şol sebäpli mugallym her bir sapagynda – eseri derňände, edebiýat teoriýasyny öwrenmäge üns bermelidir. Geçilenler gaýtalanýan döwürde bolsaedebiýat teoriýasyny öwrenmeklige ýörite wagt bermek hem bolýar. IV – VIII synplarda edebiýat teoriýasy öwrenilende, esasy şeýle ýörelgelere esaslanmaly:
1. Öwrenilýän edebi – teoretiki düşünjäni edebi eser bilen baglanyşdyrmak. Bu tärde esaslananda, mugallym edebiýat teoriýasyndan maglumatlary her bir eseri derňew etmek bilen baglanyşykda öwrdýär. Mugallym eseri derňew eden wagtynda, edebi –teoretiki düşünjeleri-de degişli ýerinde ýatlaýar, ony her bir klasda okuwçylaryň edebiýat teoriýasyndan düşünjelerini nazara alyp düşündirýär, şol eserdäki edebi faktlar bilen ony delilleşdirýär. Şeýlelikde, şol edebi – teoretiki düşünjäni okuwçylaryň uzak wagtlap ýatlarynda saklamaklaryny gazanýar. Şonuň ýaly-da, okuwçylaryň edebi eseriň wakalaryna has çuňňur derňew berip bilmek endiklerini öadürýär.
2. Öwrenilen edebi – teoretiki düşünjäni ýuwaş – ýuwaşdan giňeltmek. Edebi – teoretiki düşünjeler okuwçylara bir eser geçilende ýa-da belli bir synplarda öwredilmek bilen çäklenilmeýär. Bu meselede dowamlylyk, şol edebi – teoretiki düşünjäni degişli eser öwrenilende, gaýtalap giňeltmek, çuňlaşdyrmak, aýry – aýry synplarda täze – täze edebi faktlar bilen onuň üstüni doldurmak, ahyrda hem sistemalaşdyrmak örän ähmiýetlidir. Edebiýat maksatnamasynda IV – VIII synplarda edebiýat teoriýasyndan öwrenilmeli maglumatlar synplar boýunça aşakdaky ýaly bölünip berilýärler: IV – VIII synplarda: halk döredijiligi: erteki, matal, nakyl, aýdym, läle, monjugatdy, hüwdi, rowaýat, epos, şorta söz, dessan, drama, basnýa, goşgy, poema, hekaýa. oçerk... V – VIII synplarda: eseriň temasy, ideýasy, fantaziýa, keşp, edebikeşp, gepleşik, goşgy formalary, edebi gahryman, epik eser, halkylyk,realizm, edebi tip, däp, täzelikçilik, prototip, edebi žanrlar, sýužet, çeper
edebiýat, edebi akymlar...VIII synplarda: edebiýat teoriýasy boýunça öwrenilenleri jemlemek we sistemalaşdyrmak üçin 4 okuw sagady berilýär. Okuw maksatnamasynda edebiýat teoriýasyndan öwrenilmeli maglumatlaryň synplar boýunça ýokardaky ýaly bölünmegi mugallymy çäklendirýär diýip düşünmeli däl. Edebiýat teoriýasynyň okuw maksatnamasynda her synp boýunça şeýle berilmegi haýsy eser geçilende, nähili edebi-teoretiki düşünje berilmelidigini anyklamaga ýolgörkezmedir. Mugallym okuw maksatnamasynda ol ýa beýleki edebi-teoretiki düşünjäniň bir synpda görkezilip, beýlekisinde görkezilmeýändigini nazara almak bilen, IV-V synplarda ýönekeýje – deslapky maglumat berip, VI-VIII synplarda bolsa olaryň üstüni täze edebi faktlar bilen ýuwaş-ýuwaşdan doldurýar. Meselem: mugallym IV synpda şygyrlary derňew edende, goşgy formalary barada gysgaça maglumat berýär
Do'stlaringiz bilan baham: |