1.2 Bilimleri berkitmek.
umumylaşdyrmagy talabalaýyk guramak bilen, mugallym öz okuwçylaryna edebiýatdan düýpli bilim we ynsanperwer terbiýe bermegi üpjün etmelidir. Geçilenleri gaýtalaamk. IV-IX synplarda geçilenleri gaýtalamak okuwçylara edebiýatdan tertipli bilim bermegiň we alnan bilimleri berkitmegiň esasy görnüşleriniň biridir. Edebiýatdan okuw maksaynamasy geçilenleri gaýtalamak üçin IV-VI synplarda ýörite okuw sagadyny bermeýär. VII-IX synplarda ''Edebiýat nazaryýeti boýunça öwrenilenleri jemlemek we tertipleşdirmek'' 3 sagat berilýär. IX synpda bolsa ―Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş eýýamlary boýunça ähli öwrenilenleri gaýtalamak üçin we umumylaşdyrmak‖ üçin ýörite 7 okuw sagady berilýär. Şonuň üçin mugallym bu meselä örän
oýlanyşykly çemeleşmelidir. Ol diňe bütin okuw ýylynyň dowamynda öwrenilenleri yzygiderli gaýtalamak netijesinde okuw maksatnamasynyň maglumatlaryny okuwçylaryň aňly-düşünjeli
özleşdirmekelrini gazanyp biler.
Edebiýatdan geçilenleri, esasan, şeýle basgançaklarda gaýtalamak bolar:
1. Öňki geçilenleri täze maglumat bilen baglanyşykly
gaýtalamak. Şeýle gaýtalamak her bir sapakda ulanylýar.
Munda mugallym edebiýatyň belli bir eýýamy ýa-da ýazyjynyň ýaşaýşy we döredijiligi, belli bir eser hakynda berýän maglumatlaryny öňki geçilen mowzuklaryň degişli ýerleri bilen baglanyşykly düşündirip, olaryň aňyna täze mowzuk öwrenilende, her bir sapak geçilende, öňki öwrenilen maglumatlardan nämäni gaýtalajakdygyny (ony neneňsi baglanyşdyrjakdygyny öňünden, meýilnamalaşdyryşda) taýýarlap görkezmelidirTäze maglumat öwredilende bolsa gaýtalanan maglumatyň many baglanyşykda bolmagyny gazanmaly. Meselem: V synpda ―Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen sungatynda‖ diýen mowzuk barada
eser okalanda, öwredilende, IV synpda geçilen B.Hudaýnazarow ''Serdar'', G.Şamyýewiň ''Türkmenbaşy'' diýen goşgularyny okamak, ýatlamak netijeli bolar. Meňzeş mowzukdaky eser (''Sen çölüň'', ''Bu daglar''...), çeper
keşp (Zöhre-Şasenem, Tahyr-Garyp...), edebi adalgaalr (hekaýakyssa eser, goşgy-şygyrýet...) öwrenilende, öňki synplarda
geçilenleri deňeşdirme üsti bilen gaýtalamak gerek. Şonda mugallym çeper eser, gahrymanyň çeper keşbi, edebiýat nazaryýeti boýunça täzemaglumaty okuwçylaryň aňly-düşünjeli kabul etmegini gazanýar.¹ 2. Edebiýatyň belli taryhy ösüş eýýamy ýa-da ýazyjynyň ömri we döredijiligi doly geçilipgutarylandan soň gaýtalamak.Mysal üçin, VIII synpda Magtymgulynyň ömri we döredijiligini öwrenmäge okuwmaksatnamasynda 15 sagat, IX synp ''Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiligini'' öwrenmäge 17 sagat... berilýär. Bu mowzuklar bir aý ýa-da ondan-da köpräk wagt dowamynda öwrenilýär.
--------------------------------------------
¹O.Ýazymow,P.Jumaýewa“Türkmenedebiýatyny okatmagyň usulyýeti” Türkmenabat – 2010.
Şoňa görä-de okuwçylaryň şu uzak wagtyň dowamynda öwrenen maglumatlaryny tertipleşdirmek hem-de berkitmek maksady bilen mugallym öwrenilenleri gaýtalamagy yzygiderli geçirmeli. Şunda hemme geçilenler jikme-jik gaýtalanylman,ýazyjy-şahyryň döredijiliginiň ýa-da edebiýatyň belli bir döwürdäki ýagdaýynyň esasy meselelerini gaýtalamak göz öňünde tutulmalydyr. Mysal üçin, Magtymguly barada geçilenler gaýtalananda, esasan, şu meselelere üns bermek bolar: Magtymgulynyň ýaşan döwründäki ykdysady-syýasy ýagdaý, şahyryň alan terbiýesi, ylmy, kesp-käri, halkyň durmuşynyň şahyryň döredijiligine esasy çeşme bolşy, Magtymgulynyň esasy döredijilik mowzuklary, onuň döredijiliginde synpy deňsizligiň görkezilişi, şahyryň il-ýurduny söýşi, türkmen halkyny birleşdirmek, agzybir ýaşamak hakyndaky pikirleri, Magtymgulynyň ulanan çeperçilik serişdeleri, şygyr düzüş görnüşleri, şahyruň döredijiliginiň Altyn eýýamymyz üçin ähmiýetli. . 3. Edebiýatyň taryhy we nazaryýeti bilen baglanyşykly ýörite gaýtalamak sapagyny guramak. Edebiýatdan bu hili gaýtalamak sapagynda şeýle mowzuklary almak mümkin: IX synpda: Çeper edebiýat, durmuş. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Onuň Atalyk okuw kitaplary. Türkmen edebiýatynda ahlaklylyk, watançylyk, gahrymançylyk. Türkmen halk döredijiligi we nusgalyk edebiýat. Şu hili gaýtalamak üçin okuw maksatnamasynda IX synpda ýörite 7 okuw sagady berilýär. Şol okuw sagatlaryny mugallym netijeli peýdalanmalydyr. Her çärýegiň we okuw ýylynyň ahyryndaky gaýtalamagy mugallym meýilnama esasda guraýar. Meýilnama esasynda gaýtalamakda mugallym öz okuwçylarynyň bilim derejesine esaslanýar, aýry-aýry ýazyjylaryň döredijiligndäki aýratynlyklara, meňzeş taraplaryna: mowzuk, many, çeper keşp... üns berilýär. ²Şonuň netijesinde okuwçylar belli meseleler boýunça hertaraplaýyn düşünje alýarlar we maglumatlary aňly özleşdirýärler. Her synpyň ýagdaýyna garap, mugallym gaýtalanyljak maglumatlary öňünden saýlap alýar we olary nähili
gaýtalajakdygyny meýilnamalaşdyrýar. ² VII-IX synplarda edebiýatdan geçilenleri gaýtalamaklygy meýilnamalaşdyranda, esasan, gysgaça syn söhbeti nazarda tutmak
gerek. Gysgaça syn söhbeti gysga bolmalydyr. Mugallymyň gysgaça syn söhbeti. Mugallym edebiýatdan geçilenleri gaýtalamakda özüniň gysgaça syn söhbetinde
deňeşdirmäni işjeň ulanmalydyr. Belli bir ýazyjynyň döredijiligi boýunça-da gysgaça syn söhbeti geçirmek bolar. Mysal üçin, ''Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda A.Kekilowyň döredijiliginiň tutýan orny'' diýen mowzuk boýunça gysgaça syn söhbete başlamazdan öň, mugallym öz söhbetiniň mazmunyny okuwçylara ýazmagy maslahat berýär. Edebiýatdan geçilenler gaýtalananda, okuwçylary özbaşdak işletmäge aýratyn üns bermek gerek. Okuwçylar özbaşdak işlänlerinde (nutuk ýazanlarynda) diňe okuw kitabynyň maglumatlary bilen kanagatlanman, eýsem, şonuň bilen birlikde, ýazyjylaryň çap edilýän makalalardan hem peýdalanmalydyr. Mugallym gaýtalamak boýunça gysgaça syn söhbeti geçirenden soň, öý işi hökmünde okuwçylara seneler boýunça çyzgy düzmegi
hem tabşyryp biler. Geçilenleri gaýtalamakda okuwçylara nutuklar taýýarlamak
hem uly ähmiýete eýedir. Nutuklaryň mowzugy düşnükli, okuwçylar üçin güýçýeterlik we bütin synpa peýda edip bilerlik bolmalydyr. Mugallym okuw maksatnamanyň maglumat soraglar üsti bilen gaýtalamaga-da aýratyn ähmiýet bermelidir. Ol beriljek soraglary öňünden okuwçylara bildirýär, okuwçylar bolsa şol soraglara ýazuw üsti bilen jogap taýýarlaýar. Edebiýatdan geçilenler gaýtalananda, ýazuw işlerine hem üns bermek gerek. Düzme üçin hödürlenýän mowzuk köplenç jemleýji häsiýetde bolmalydyr. Geçilenleri gaýtalamagy dogry guramak bilen, mugallym edebiýatdan okuwçylaryň bilimlerini berkleşdirmelidir we çuňlaşdyrmalydyr. Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary we olar bilen işlemek. IV-IX synplarda türkmen edebiýatyny okatmakda, öwretmekde okuw kitaplary esasy çeşmedir. Edebiýatdan okuw kitaplary her synp üçin aýratynlykda hem-de üç hili görnüşde düzülýär: 1. IV-IX synplar üçin türkmen edebiýatyndan okuw kitabygollanma.2. VII-IX synplar üçin türkmen edebiýatyndan okuw kitaby. 3. VII-IX synplar üçin türkmen edebiýatyndan gollanma.
Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary we gollanmalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda düzülýär. Okuw kitaplary Milim ministrligi tarapyndan seçgi yglan etmek ýa-da ökde hünärmen ýazarlara tabşyryp ýazdyrmak bilen döredilýär. 1. IV-VII synplar üçin türkmen edebiýatyndan okuw kitabygollanmalar. Bu okuw kitaplarynda çeper eserleriň ýazgysy hem-de olara gysgaça derňew berilýär. Şonuň üçin bu synplaryň edebiýatdan okuw kitaplary ''Türkmen edebiýatyndan okuw kitaby-gollanma'' diýlip atlandyrylýar. Her synp üçin edebiýatdan okuw kitaby-gollanma okuw maksatnamanyň talaplaryna laýyk sapakda okadylmaly, öwrenilmeli we goşmaça okamaly çeper eserleriň ählisi (käbiri gysgaldylyp) ýerleşdirilýär. ³ Ýazgylary gysgaldylyp alnan eserleriň doly ýazgysyny we goşmaça okamak üçin hödürlenýän eserleri okuwçylar öýde okamalydyrlar. Okuw kitaby gollanmada çeper eseri öwrenilýän ýazyjy-şahyr
--------------------------------
³ O.Ýazymow,P.Jumaýewa“Türkmenedebiýatyny okatmagyň usulyýeti” Türkmenabat – 2010.
barada terjimehal güwänama, ýatlama, hekaýa görnüşli maglumat, ýazyjy ýa-da onuň eseri barada aýdylan sözler-berlen baha, dürli bölekler we nakyllar, okuw kitabynda atlary agzalan adamlaryň kimdigini aňladýan ''Gysgaça güwänama'' hem berilýär. Bu maglumatlar üçin ýörite okuw sagatlary berilmän, olar çeper eser okalanda, öwrenilende, goşmaça maglumat hökmünde ulanylýar. Okuw kitaby-gollanmada her bir eseriň, onuň bölümleriniň soňunda dürli soragdyr ýumuşlar berilýär. Bu sorag we ýumuşlar çeper eseri derňemek, eseriň mazmunyny özleşdirmek, ony özbaşdak aýdyp bermek, eseriň gahrymanlaryny häsiýetlendirmek, olara baha bermek, okuwçylaryň dil we ýazuw sözleýişlerini ösdürmek üçin hödürlenýär. Soraglar we ýumuşlar öz maksatlary boýunça dürli-dürli berilýär. Çeper eseriň soňundan berilýän soraglary we ýumuşlary mugallym okuwçyny öýde özbaşdak işlemekde, oňa dilden we ýazuw üsti bilen jogap taýýarlamakda, şonuň bilen okuwçylaryň özbaşdak oýlanmak endiklerini ösdürmekde hem peýdalanýar. Mugallym öz ýerli ýagdaýlaryna, okuwçylaryň taýýarlygyna esaslanyp, gerek hasaplasa, käbir soragy we ýumuşy üýtgedip-de biler. Okuw kitaby-gollanmada çeper eserlerdäki okuwçylara düşnüksiz ýa-da düşünmesi kyn bolar diýip hasaplanan sözlere we söz düzümlerine şol sahypanyň aşagynda sözlük we düşündiriş berilýär. Çeper ýazgynyň mazmuny özleşdirilende, sözlük üstünde işlenende, şol sözlüge we düşündirişe esaslanmak gerek. Okuwçy
eseri özbaşdak peýdalanyp bilmelidir. Sözlük we düşündirişler okuwçylaryň ''Edebiýatdan öwrediji iş depderlerine'' ýazdyrmagyň geregi ýok. Okuw kitaby-gollanmada çeper ýazgylaryň yzyndan okuw maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda esere gysgaça derňew, düşündiriş, ylmy makala berilýär. Edebiýat nazaryýetinden käbir deslapky maglumatlar hödürlenýär. Kitapda berlen ylmy maglumatlary, makalalary öwrenmek üçin ýörite okuw sagady berilmeýär. Bu ylmy maglumatlar, makalalar çeper eser bilen baglanyşykda öwrenilýär. Sapakda olardan bölekler okalyp, tutuşlugyna bolsa öýde özbaşdak okamaga tabşyrylýar. Çeper esere baha bermegi, ony derňew edip bilmegi öwrenmäge nusga hökmünde getirilýär. Olary mugallym hem okuwçylar döredijilikli peýdalanmalydyrlar. Okuw kitaby-gollanmada ýazyjy-şahyrlaryň käbir çeper eseriň mazmunyna degişli suratlar (meselem: ''Göroglynyň döreýşi'' bölümine degişli suratlar) berilýär. Kitapdaky suratlar çeper eseri döreden ýazyjy bilen tanyşmaga, onuň keşbini göz öňüne getirmäge, suratda şekillendirilen pursaty ýazgydan tapyp, ony deňeşdirip okamaga, mazmuny berk ýatda saklamaga, suratçynyň sungatyna degişli baha bermäge ýardam edýär. Çeper eser okalýan, öwrenilýän wagtda mugallym kitapda berlen suratlardan ýerlikli peýdalanmak bilen okuwçylarda ýazyja, çeper esere, söz
sungatyna söýgini ösdürmäge çalyşmalydyr. 2. VIII-IX synplar üçin türkmen edebiýatynyň okuw kitaby. Bu synplaryň türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary her synp üçin aýratynlykda hem-de okuw maksatnamalaryna laýyklykda degişli bölümlere, mowzuklara bölünip ýazylýar. Edebiýatyndan okuw kitaplarynda türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş eýýamlary boýunça okuw maglumatlary-edebi-taryhy eýýama gysgaça syn, ýazyjy-şahyryň ömür we döredijiligine we aýry-aýry çeper eserine derňew berilýär. Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplarynda ýazyjy-şahyrlaryň suratlary, ussat şahyrlaryň golýazmalarynyň suratlary, her bir bölümden, mowzukdan soň okuwçylary özbaşdak işlemäge gönükdiriji soraglar-ýumuşlar hödürlenýär. Okuw kitaplarynyň maglumatlary okuwçylar üçin düşnükliedebi dilde ýazylmalydyr. Olarda jedelli deliller, dürli garaýyşlar, ikiuçly, gümürtik pikirler bolmaly däldir. Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary many-mazmun taýdan durnukly, usuly taýdan dogry, durmuşa bap, okuwçylara edebiýatdan bilim, ynsanperwer terbiýe beriji bolmalydyr. 3. VIII-IX synplar üçin türkmen edebiýatyndan gollanma. Türkmen edebiýatyndan gollanmalar hem her bir synp üçin aýratynlykda düzülýär. Türkmen edebiýatyndan gollanmalar okuw maksatnamasynda okamak, öwrenmek üçin bellenilen çeper eserleriň ýazgylary (kiçi eserler tutuşlugyna, uly eserlerden bölekler), çeper edebiýat barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty, taryhy kararlar, ýazyjy-şahyrlar barada ýatlamalar ýerleşdirilýär. Türkmen edebiýatyndan gollanmada alnan eserlerde okuwçylar üçin düşnüksiz bolar diýip hasaplanan sözlere, söz düzümlerine çykgytda sözlük, düşündiriş berilýär. Çeper ýazgylaryň yzyndan onuň mazmunyny, manysyny okuwçylar özbaşdak özleşdirer ýaly soraglar we ýumuşlar hem görkezilýär.
Türkmen edebiýatyndan gollanmalarda ýazyjy-şahyrlaryň suratlary, olar barada aýdylan dana sözler, çeper eserleriň mazmunyna laýyk suratlar hem berilýär. Türkmen edebiýatyndan gollanmalar sapakda okalýan, öwrenilýän çeper eserleriň ýazgysyny, syýasy-ylmy maglumatlary okuwçylaryň okap öwrenmegi üçin ähtibarly gollanma bolmalydyr. Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary bilen işlemek. Edebiýatdan çuňňur bilim almak, öwrenilen maglumatlary pugta özleşdirmek üçin okuwçylar okuw kitaplary we gollanmalar bilen özbaşdak işläp bilmelidirler. Mugallym öz okuwçylaryna kitap bilen özbaşdak işlemegi şular ýaly işleriň üsti bilen öwredip biler: 1. Türkmen edebiýatyndan okuw kitaplarynyň we
gollanmalarynyň gurluşy, düzülişi barada pikir alyşmagy guramak.
2. Kitapda çeper eser boýunça berlen soraglara dilden ýa-da ýazuw üsti bilen jogap bermek.
3. Eseriň mazmuny, gahrymanlary boýunça çyzgylar düzmek.
4. Kitapdaky suratlar boýunça dilden aýdyp bermegi guramak.
5. Eseriň mazmuny boýunça meýilnama düzmek. Şol meýilnama esasynda dilden we ýazuw üsti bilen mazmuny beýan etme.
6. Çeper eserden mugallymyň ýumşy boýunça gerekli maglumaty (nakyllary, dana sözleri, gahrymanyň suratyny, dil aýratynlygyny, düşnüksiz sözleri...) tapmak we olaryň üstünde özbaşdak işlemek.⁴
-----------------------------------------
⁴ Abdyllaevv Ö. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. - Aşgabat
Mugallym türkmen edebiýatyndan okuw kitaplary bilen özbaşdak işlemegi talaba laýyk öwretmek bilen öz okuwçylaryny çeper eseriň mazmunyna, manysyna, çeper keşplerine çuň düşünmäge, çeper eseri özbaşdak derňemegi öwrenmäge ruhlandyrýar. Hasabat. IV-IX synp okuwçylarynyň türkmen edebiýatyndan bilim hem endiklerini ösdürmekde hasabat örän ähmiýetli. Hasabat edebiýaty okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrýar. Türkmen edebiýatyndan okuwçylaryň bilim we endikleriniň hili hasaba alnanda: a) olaryň çeper ýazgyny okaýyşlaryna; b) dilden jogap berişlerine; ç) ýazuw işlerine... baha goýulýar,a) okuwçynyň eseri okaýşyna baha berlende, onuň sözleri edebi dilde aýdyşyna, sözüň manysyna düşünip, dogry, täsirli, labyzly okaýşyna goýulýar,
b) edebiýatdan okuwçynyň berlen soraga dilden jogap berşine we eseriň mazmunyny dilden aýdyşyna baha goýlanda, onuň soraga yzygiderli we edebi dilde dogry jogap berşi, eseriň mazmuny boýunça öz pikirini, garaýşyny ýüze çykaryp bilşi nazara alynýar,
c) edebiýatdan okuwçynyň ýazuw işlerine (beýannama, düzme...) bahalar bolsa, ''Baha ölçegleriniň'' esasynda goýulmalydyr. Türkmen edebiýatyndan okuwçylaryň bilim we endiklerini hasaba almak, esasan, iki hili bolýar:
Do'stlaringiz bilan baham: |