2.1 Gündelik hasabat
Bu okuwçylaryň bilimini her sapakda, her bir mowzuk bilen baglylykda hasaba almakdyr. Gündelik hasabat okuwçyny has tijendirmelidir. Ony öwrenen maglumatlary berk, düýpli özleşdirmäge gönükdirmelidir.
2.2 Jemleýji hasabat
Bu hili hasabat möçberi boýunça uly eser, edebi mowzuklar öwrenilip gutarylandan soň ýa-da bir okuw çärýegi, ýarym ýyly, bütin okuw ýylynyň
dowamynda öwrenilen edebi maglumatlar boýunça okuwçynyň bilim derejesini jemlemek-hasaba almakdyr. Jemleýji hasabat okuwçyny öwrenilen edebi maglumaty yzygiderli, hemişe gaýtalap, ýatlap durmaga, ony gündelik durmuşda ulanmaga ruhlandyrýar.. Bu synpda mugallym goşgy formalarynyň diňe bir dörtleme (murapbag) we bäşleme (muhammes) ýaly görnüşleri bilen okuwçylary tanyşdyrýar. VIII synplarda bolsa goşgy formalarynyň beýleki, has çylşyrymly görnüşleri barada degişli eserlerderňelende, doly hem yzygiderli maglumat berilmelidir.IV-VIII synp okuwçylaryna goşgy formalaryny synplar arasynda şeýleräk bölüp öwretmek mümkin:IV synpda goşgulardan başlap, onuň prozadan, ýönekeý sözleşikden aratapawudy, goşgynyň diňe daşky görnüşi boýunça däl-de, sazlaşyklylygy, ritmliligi boýunça-da kyssadan tapawutlanýandygyny saýgarmak, bent hem goşgy-şygyr diýip nämä aýdylýandygyny kesgitlemek öwrenilýär.V synpda okuwçylaryň bent, goşgy, goşgynyň ritmliligi baradaky düşünjeleri gaýtalanýar – giňeldilýär. Bu synpda olar goşgudaky bogun ölçegi barada hem maglumat alýarlar.VI-VII synplarda goşgy düzüliş formalary boýunça okuwçylaryň öňki düşünjeleriniň üsti täze faktlar bilen doldyrylýar. Goşgy düzmekde kapyýanyň roly, onuň görnüşleri barada giň düşünje berilýär.VIII synpda okuwçylaryň türkmen edebiýatynda goşgy düzüliş formalary boýunça öwreneleri gaýtalanýar, täze faktlar bilen giňeldilýär we sistemslsşdyrylýar.Bir synpda öwrenilen edebi-teoretiki düşünjeleri beýleki synplardaýuwaş-ýuwaşdan giňeltmek ýörelgesi edebiýat teoriýasyny öwrenmekde edebiýat ylmynyň we pedagogikanyň talaplaryny doly ödeýän ýörelge hasaplanýanlygy üçin ähmiýetlidir.
3. Edebi – teoretiki düşünjäni dili we ýazuw sözleýşi ösdürmek bilen baglanyşykda öwrenmek. Edebiýat sapaklarynda öwrenilýän teoretiki maglumatlar okuwçylaryň dil we ýazuw sözleýşini ösdürmekde de uly rol oýnaýar. Şonuň üçin mugallym bu meselä aýratyn üns bermelidir. Edebiýat teoriýasyny düýpli öwrenmek okuwçynyň edebi
döredijilik işiniň esasy özeni bolýar. Şonuň ýaly-da okuwçynyň edebi döredijilik işi bilen meşgullanmagy onuň edebi – teoretiki düşünjelere hertaraply düşünmegine, olary düýpli özleşdirmegine ýardam berýär. Okuwçylaryň dil we ýazuw sözleýşini ösdürmek işi bilen baglanyşykda edebiýat teoriýasyny öwrenmek üçin mugallym öz okuwçylarynyň edebiýat teoriýasy boýunça bilim derejelerini we ýaş aýratynlyklarynynazara almalydyr. Meselem, IV synpda ertekiler, matallar, tapmaçalar we şuňa meňzeşler öwrenilende, mugallym okuwçylaryna özlerinden birnäçe matal, tapmaça we ş.m. düzüp gelmeklerini tabşyrýar. Şeýle ýumuşlar, birinjiden, okuwçylary edebi döredijilik işine ugrukdyrsa, ikinjiden, olaryň şol öwrenen edebi –teoretiki düşünjeleriniň nämedigine anyk göz ýetirmeklerini üpjün edýär. Edebiýat teoriýasyny öwrenmegiň esasy etaplary. Mugallym edebiýat sapaklarynda VI – VIII synp okuwçylaryna edebiýat teoriýasyny şu aşakdaky ataplarda öwredip biler:
1. Eser derňelende, okuwçylarda edebi – teoretiki düşünje döretmek. Okuwçylarda edebi – teoretiki düşünjeleri döretmek işi dowamly hem-de sistemaly bolmalydyr. Bu mesele, esasan, çeper eseri analizlemek üsti bilen amala aşyrylýar. Her bir eserderňelende, okuwçyda edebiýat teoriýasy boýunça belli derejede düşünje döredilmelidr. Mugallym tekst üstünde analitik iş layp baranda: meýilnama düzmek, eseriň ideýa – mazmunyny ýüze çykarmak, gahrymanlary häsiüetlendirmek, eseriň çeperçiligini derňemňk we şulara meňzeş işleri ýerine ýetirdýär. Eser derňelende aýdyp berme, beýanetme, häsiýetnama, gepleşik we ş.m. eseri düzýän esasy elementleriň manysynyň aýdyňlaşdyrylmagy örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin, ilki bilen IV synpda aýdyp bermeden – eseriň wakalaryny aýdyp bermegi öwretmekden başlamak gerek. IV synp okuwçylary eseriň gahrymanlaryny we wakalary aýyl – saýyl etmegi başarmalydyrlar. Eseriň gahrymanlaryny belgilendirmek üçin: keşp, adam – hereket edýän adam, häsiýet diýen ýaly manydaş adalgalar ulanylýar. IV synpda “gahryman” diýen adalgany ulanmak amatlydyr. Ýöne okuwçylara ilki bilen bu sözüň göçme manyda ulanylýandygyny düşündirmek gerek. ⁷
IV synp üçin edebiýatdan okuw maksatnamasynda ertekiler we başga-da şular ýaly bir topar hekaýa etme häsiýetli eserler bar. Bular geçilende, gahrymanlar hem wakalar ýörite adalgalar bilen däl-de şol eseriň derňew bilen baglanyşykly, amaly öwredilýän A.Gowşudowyň “Dordepel” hekaýasyndan başlap bolsa, ýörite adalgalar ulanylyp başlanýar. Meselem, A.Gowşudowyň “Dordepel” hekaýasy derňelende, şunuň ýaly ýörite adalgalary talap edýän soraglary ulanmak bolar:
____________________
² O.Ýazymow, P.Jumaýewa "Türkmen edebiýaty öwretmegiň nazara we usulýeti" Aşgabat 2010 104-sah
1. Hekaýa gatnaşýan gahrymanlar kimler, olary özara nähili topara bölmek mümkin?
2. Nyýazmyrat aganyň başyndan geçen wakalary aýdyp beriň we ş.m. Mundan soňky eserler derňelende bolsa, okuwçylaryň her bir gahrymany eserde tutýan ornuna görä tapawutlandyryp bilmek, olaryň baş gahrymany bolandygyny anyklamak, onuň durmuşyndaky esasy wakalary aýdyp hem düşündirip bilmek endikleri yzygiderli ösdürilmelidir. V synpda öwrenilýän –derňelýän ilkinji eserlerden başlap, beýanetmäniň görnüşleri barada ýönekeý düşündirişler berlip ugralýar we VI synpda bu mesele boýunça okuwçylara doly düşünje berilýär. IV synpda ilkinji sýužetli eserler (hekaýa etme häsiý etli ertekiler we başgalar) derňew edilen wagtda, okuwçylar aýdyp berme (hekaýa etme) barada düşünje alýarlar. Aýdyp berme bilen birlikde beýanetmäni (gahrymany, tebigaty,zady...) hem IV synpda öwredip başlamaly. Eser derňew edilen wagty, ýazyjynyň we gahrymanyň portretini, onuň ýaşaýan, hereket edýän ýeriniň tebigatyny, gahrymana degişli ýa gahryman bilen baglanyşykly zatlary – beýanetmäni okuwçylaryň göz öňüne getirmäge çalyşmaly. X. Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly” diýen eseri beýanetme boýunça mugallyma köp material berilýär. Bu eserler derňelen wagtda, gahrymanyň portretini, tebigaty we dürli zatlary ýazyjynyň hertaraplaýyn suratlandyryp görkezmeginiň näme ähmiýetiniň bardygy okuwçylaryň aňyna ýetirilýär. Şonuň ýaly-da şeýle beýanetmeleriň manysyny okuwçylaryň düşündirip bilmeklerini gazanmak ugrunda yzygiderli iş alyp barmaly. Çeper eserderňelende, edebi – teoretiki maglumatlar ýuwaş –ýuwaşdan çylşyrymlaşdyrylýar. Eseriň esasy elementleri aýdyp berme we beýanetme hakynda maglumat berlenden soň, monolog, gepleşik hem häsiýetnama barada düşünje bermäge geçilýär. Eserde gahrymanyň duýgy – düşünjesi, onuň nähili adamdygy wakalarda aňladylyşy bilen barabar monolog, gepleşik we häsiýetnama barada düşünje berilýär. VI synpdan başlap monolog, gepleşik –gahrymanlaryň gepleşigi-de sistemaly öwrenilmelidir. Ýazyjy häsiýetnamada gahryman barada maglumat berýär. Şol maglumata laýyklykda biz gahrymanyň keşbini göz öňüne getirip bilýäris.
VI synpda N.Saryhanowyň “Kitap” we ş.m. eserlerderňelende, häsiýetnama barada okuwçylara ýönekeýje düşünje berilse, VII synpda “Sona”, “Alnan aganyň maşgalasy”, VIII synpda “Keýmir kör”, “Şirin”, “Şükür bagşy” we ş.m. iri eserler derňelende bolsa, häsiýetnama - häsiýet, tip – keşp boýunça dolyrak düşünje bermek bolar. Çeper eser derňew edilende, gahrymanlaryň häsiýetnamasyny sistemaly düşündirmek, häsiýet, tip – keşp, waka portret, tebigat ýaly düşünjeleriň özara tapawutlaryny açyk kesgitlemek, eseriň bu elementleriniň arabaglanyşyklaryny aýdyňlaşdyrmak ýoly bilen üstünlik gazanmak bolar. VI – VIII synplarda eseri düzýän esasy elementler baradaky düşünjeler has giňeldiler. Eseriň gahrymanlary, tip, gahrymanyň tipikligi ýaly düşünjeler girizilýär. Eseri düzýän ähli elementler tipiklik nukdaýnazardan garalýar. VI – VIII synplarda edebi eserlerderňelende, eseri düzýän esasy elementleriň üsti sýužet, kompozisiýa, häsiýetnamanyň iki görnüşi, awtoryň häsiýetnamasy we gahryman barada eseriň beýleki gahrymanlaryň pikirleri, gahrymanyň özboluşly dili we ş.m. täze düşünjeler bilen doldurylýar.
1. Öňki geçilenleri täze maglumat bilen baglanyşykly
gaýtalamak. Şeýle gaýtalamak her bir sapakda ulanylýar.
Munda mugallym edebiýatyň belli bir eýýamy ýa-da ýazyjynyň ýaşaýşy we döredijiligi, belli bir eser hakynda berýän maglumatlaryny öňki geçilen mowzuklaryň degişli ýerleri bilen baglanyşykly düşündirip, olaryň aňyna täze mowzuk öwrenilende, her bir sapak geçilende, öňki öwrenilen maglumatlardan nämäni gaýtalajakdygyny (ony neneňsi baglanyşdyrjakdygyny öňünden, meýilnamalaşdyryşda) taýýarlap görkezmelidirTäze maglumat öwredilende bolsa gaýtalanan maglumatyň many baglanyşykda bolmagyny gazanmaly. Meselem: V synpda ―Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen sungatynda‖ diýen mowzuk barada
eser okalanda, öwredilende, IV synpda geçilen B.Hudaýnazarow ''Serdar'', G.Şamyýewiň ''Türkmenbaşy'' diýen goşgularyny okamak, ýatlamak netijeli bolar. Meňzeş mowzukdaky eser (''Sen çölüň'', ''Bu daglar''...), çeper
keşp (Zöhre-Şasenem, Tahyr-Garyp...), edebi adalgaalr (hekaýakyssa eser, goşgy-şygyrýet...) öwrenilende, öňki synplarda
geçilenleri deňeşdirme üsti bilen gaýtalamak gerek. Şonda mugallym çeper eser, gahrymanyň çeper keşbi, edebiýat nazaryýeti boýunça täzemaglumaty okuwçylaryň aňly-düşünjeli kabul etmegini gazanýar. 2. Edebiýatyň belli taryhy ösüş eýýamy ýa-da ýazyjynyň ömri we döredijiligi doly geçilipgutarylandan soň gaýtalamak.Mysal üçin, VIII synpda Magtymgulynyň ömri we döredijiligini öwrenmäge okuwmaksatnamasynda 15 sagat, IX synp ''Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiligini'' öwrenmäge 17 sagat... berilýär. Bu mowzuklar bir aý ýa-da ondan-da köpräk wagt dowamynda öwrenilýär. Şoňa görä-de okuwçylaryň şu uzak wagtyň dowamynda öwrenen maglumatlaryny tertipleşdirmek hem-de berkitmek maksady bilen mugallym öwrenilenleri gaýtalamagy yzygiderli geçirmeli. Şunda hemme geçilenler jikme-jik gaýtalanylman,ýazyjy-şahyryň döredijiliginiň ýa-da
edebiýatyň belli bir döwürdäki ýagdaýynyň esasy meselelerini gaýtalamak göz öňünde tutulmalydyr. gaýtalamak. Şeýle gaýtalamak her bir sapakda ulanylýar.
Munda mugallym edebiýatyň belli bir eýýamy ýa-da ýazyjynyň ýaşaýşy we döredijiligi, belli bir eser hakynda berýän maglumatlaryny öňki geçilen mowzuklaryň degişli ýerleri bilen baglanyşykly düşündirip, olaryň aňyna täze mowzuk öwrenilende, her bir sapak geçilende, öňki öwrenilen maglumatlardan nämäni gaýtalajakdygyny (ony neneňsi baglanyşdyrjakdygyny öňünden, meýilnamalaşdyryşda) taýýarlap görkezmelidirTäze maglumat öwredilende bolsa gaýtalanan maglumatyň many baglanyşykda bolmagyny gazanmaly. Meselem: V synpda ―Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen sungatynda‖ diýen mowzuk barada
eser okalanda, öwredilende, IV synpda geçilen B.Hudaýnazarow ''Serdar'', G.Şamyýewiň ''Türkmenbaşy'' diýen goşgularyny okamak, ýatlamak netijeli bolar. Meňzeş mowzukdaky eser (''Sen çölüň'', ''Bu daglar''...), çeper
keşp (Zöhre-Şasenem, Tahyr-Garyp...), edebi adalgaalr (hekaýakyssa eser, goşgy-şygyrýet...) öwrenilende, öňki synplarda
geçilenleri deňeşdirme üsti bilen gaýtalamak gerek. Şonda mugallym çeper eser, gahrymanyň çeper keşbi, edebiýat nazaryýeti boýunça täzemaglumaty okuwçylaryň aňly-düşünjeli kabul etmegini gazanýar. 2. Edebiýatyň belli taryhy ösüş eýýamy ýa-da ýazyjynyň ömri we döredijiligi doly geçilipgutarylandan soň gaýtalamak.Mysal üçin, VIII synpda Magtymgulynyň ömri we döredijiligini öwrenmäge okuwmaksatnamasynda 15 sagat, IX synp ''Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiligini'' öwrenmäge 17 sagat... berilýär. Bu mowzuklar bir aý ýa-da ondan-da köpräk wagt dowamynda öwrenilýär. Şoňa görä-de okuwçylaryň şu uzak wagtyň dowamynda öwrenen maglumatlaryny tertipleşdirmek hem-de berkitmek maksady bilen mugallym öwrenilenleri gaýtalamagy yzygiderli geçirmeli. Şunda hemme geçilenler jikme-jik gaýtalanylman,ýazyjy-şahyryň döredijiliginiň ýa-da
edebiýatyň belli bir döwürdäki ýagdaýynyň esasy meselelerini gaýtalamak göz öňünde tutulmalydyr.
--‐--------------------------------------
⁹ Ýazymow O., Jumaýewa P. Türkmen edebiýatyny okatmagyň usulyýeti. Türkmenabat, 2010 37-sah
Netije
Türkmen edebiýatyny okatmakda, öwretmekde okuwçylaryň edebiýatdan öwrenen bilimlerini olaryň aňynda berkitmek örän ähmiýetlidir. Edebiýatdan öwrenilen maglumatlary berkitmek mowzugynyň aýratynlygyna, möçberine,onuň maksadyna bagly bolýar. Bilimleri berkitmek, esasan, gürrüň, okuw, okuwçynyň özbaşdak işi ýaly usullaryň we dürli tärleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Täze mowzuk boýunça, meselem, V synpda ýazyjynyňterjimehaly barada güwänama berlenden soň, ony berkitmek üçin okuw kitabynyň degişli bölümini okuwçylara özbaşdak okatmak ýa-da meýilnama düzdürmek netijeli bolar.Edebiýaty okatmagyň usulyýeti türkmen mekdeplerinde çeper edebiýaty okatmak, öwretmek, şahyrana sözüň üsti bilen okuwçylara bilim, ynsanperwer terbiýe bermegiň usul hem tärlerini salgy berýän özboluşly ylymdyr. Mekdepde edebiýaty okatmagyň usulyýeti dünýä akyldarlarynyň taglymaty hem görnükli usulyýetçileriniň ideýalary esasynda döreýär, ösýär we kämilleşýär.Türkmen edebiýaty ylmyň we medeniýetiň ösmegi bilen mekdepde özüniň ýörite ders hukugyna (1939) eýe bolýar. Türkmen edebiýatyny okatmagyň usulyýeti täze ylmy ýörelgeler, dialektiki usullar esasynda kemala gelýär. Mekdepde türkmen edebiýatynyň okadylyş taryhy özüniň ösüş ýolunda dürli döwürleri geçýär. Ilki edebiýat – çeper eserler diňe ene dili dersi bilen baglanyşykda – düşündirişli okuw görnüşinde okadylýar. Türkmenistanda doly däl orta mekdepleriň – V-VII synplaryň açylmagy bilen edebiýat ýörite edebi okuw, orta mekdepleriň – VIII-X synplaryň döremegi bilen hem edebiýat sapagy hökmünde okadylmaga başlanýar. Türkmen edebiýatyny okatmak boýun-ça okuw maksatnamalary, okuw kitaplary döredilýär, ylmy-usuly maglumatlar ýazylýar. Muňa türkmen mekdepleri üçin edebiýatdan okuw maksatnamalarynyň düzüliş ýörelgeleri, N. Aşyrowyň “Edebi okuwyň usuly” (1947, 1950), O. Ýazymow we A. Myratdurdyýewiň “Edebiýaty okatmak usulyýeti” (1964) we başgalar mysal bolup biler. Edebiýaty okatmagyň usulyýetiniň nazary, didaktiki, metodologiki, psihologiki esaslary bar. Olaryň ählisi hem dünýä akyldarlarynyň taglymatyndan ugur alýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |