G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования



Download 3,26 Mb.
bet8/49
Sana21.01.2017
Hajmi3,26 Mb.
#789
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   49
1.5. Taşlanýan obýektleriň beýan edilmeleriniň görnüşleri we olaryň toparlara bölünmesi.
Taşlanýan obýektleriň gutarnykly beýan edilmesi, konstruktorçylyk remileşdirmeleriň umumylaşdyrylan ulgamy (KRUU) boýunça resmileşdirilen hem-de bu obýekti taýyn etmek we ulanmak prosesinde peýdalanmak üçin niýetlenen shemalaýyn, konstruktorçylyk we tilsimat resminamalarynyň doly toplumydyr. Şeýle hem KRUU boýunça käbir aralyk taslama çözgütleri resmileşdirilýär. Ýöne, taslama döwründe ulanmak üçin niýetlenen aralyk çözgütler üçin, häzirki taslama düzmek ulgamynda kabul edilen aňladylmalaryň ýörite ýönekeýleşdirilen görnüşleri peýdalanylýar. Hususan-da, beýan edilmeler dürli dil formasyny kabul edip bilerler we ATDU-nyň dürli ýatda saklaýjy gurluşlarynda ýerleşerler. Bu beýan edilmelerde taslanýan obýektleriň matematiki modelleri uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, awtomatlaşdyrylan taslama düzmekde taslama proseduralaryny ýerine ýetirmeklik matematiki modellere esaslanýar.

Tehniki obýektiň matematiki modeli(MM) - obýektiň käbir häsiýetlerini aňladýan matematiki ululyklaryň (sanlaryň, üýtgeýänleriň, massiwleriň, köplükleriň we ş.m.) we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ulgamydyr. Taslama döwründe inženeriň nukdaý nazaryndan ähmiýetli bolan, obýektiň esasy häsiýetlerini aňladýan matematiki modeller ulanylýar.

Berlen iyerarhik derejäniň, şol san-da MM-iň, beýan edilmelerinde aňladylýan obýektiň häsiýetleriniň arasynda ulgamyň, ulgamyň elementleriniň we obýektiň ýerleşýän daşky sredasynyň häsiýetlerini tapawutlandyrýarlar. Bu häsiýetleriň mukdar taýdan aňladylmasyny-parametrler diýlip atlandyrylýan ululyklar arkaly belleýärler. Ulgamyň, onuň elementleriniň we daşky sredanyň häsiýetlerini aňladýan ululyklara, degişlilikde, çykyş, içki we daşky parametrler diýip at berýärler.

Mysallar:

a)Porşenli kompressorlar üçin:



çykyş parametrleri-kompressoryň öndürijiligi, hereketlendirijiiň kuwwaty, ýangyjyň harç edilmesi we ş.m.-dir;

içki parametrleri- sürtülme koeffisiýentleri, klapanlaryň ýozulma(истечения) koeffisiýentleri we ş.m.-dir;

daşky parametrler: daşky sredanyň temperaturasy, tüsse çykmagyna garşylyklar we ş.m.-dir.

b)Elektron güýçlendirijiler üçin:



çykyş parametrleri- goýberiş zolagy, giriş garşylygy, ýaýramaklyk kuwwaty we ş.m;

içki parametrleri: kondensatorlaryň göwrümleri, tranzistorlaryň parametrleri we ş.m;

daşky parametrler: iýmitlendirme çeşmeleriniň bady(naprýaženiýesi), zor salmanyň (нагрузкаnyň) garşylygy, möçberi we ş.m.-dir.

Çykyş, içki we daşky parametrleriň mukdarlaryny, degişlilikde, m,n,l harplary bilen, bu parametrleriň wektorlaryny bolsa:




Download 3,26 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   49




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish