95
öz adyna Salyr sözüni hem goşupdyr (Salyr gazan ýa-da Gazan Salyr).
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda Gazan atly
taryhy şahslaryň ikisiniň ady tutulýar. Olaryň biri Gazan beg bolup, ol
orta asyrlarda Syrderýa boýlaryndan Maňgyşlaga göçen türkmenlere
(esasanam, salyrlara) baştutanlyk edýär. Ikinjisi salyr ilinden Enkeş
diýen adamyň Jäjekli diýen aýalyndan doglan Gazan Salyr ýa-da Gazan
alpdyr. Şeýle maglumatlara salgylanyp, alymlaryň aglabasy gazan
diýen türkmen taýpasyna Gazan diýen tirebaşynyň adynyň geçendigini
tassyklaýarlar. Ärsary we salyr dialektlerinde Gazan diýen erkek adynyň
häli-häzire çenli ýörgünlidigini, tatar we Altyn Orda hanlyklarynda-da
Gazan atly hanlaryň
bolandygyny hazara alsak,
bu pikir hakykatdan
juda üzňe-de däl. Ýöne gazak alymy A.Abdyrahmanow we tatar dilçisi
G.F. Sattarow dagy gadymy türklerde
gaz
(ýa-da
haz
) diýen taýpanyň
bolandygyny, bu sözleriň
gazak
we
hazar
etnonimleriniň düzüminde
duş gelýändigini belleýärler. Bu pikire esaslansak,
gazan
diýen etnonim
gaz
sözünden we jemi, köpçüligi bildirýän
–an
goşulmasyndan durýar.
Ýokardaky pikirleri tassyklamaga ýa-da inkär etmäge biziň elimizde
tutaryk ýok, ýöne Wolga boýunda ýaşan gadymy bulgarlaryň düzüminde-
de gazan diýen taýpanyň bolandygy mälim. Gazan diýen taýpanyň ýa-da
urugyň ady bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlary Krymda-da duş gelýär. Orus
alymlaryI.N. Lezina we A.W.Surepanskaýanyň tassyklamaklaryna görä,
bu toponimler hut türkmenleriň
gazan
taýpasynyň adyny göterýärler.
Eýsem, gadymy Bulgrystana we Kryma gazanlar nähili düşdükä? Muňa
jogap bermäge synanyşalyň.
Biziň pikirimizçe, Beýik Türk Kaganaty (imperiýasy) dagandan
soň, beýleki türki taýpalar bilen birlikde gazan türkmenleriniň bir
bölegi (belki, ulu bölegi) Wolga boýlaryndaky Bulgarystana aralaşýar.
Soňra olar häzirki tatar, bolgar ýaly halklaryň arasyna siňip gidýärler.
Tatarystanyň paýtagtyna Gazan (orusça Kazan) diýilmegi ýöne ýerden
däl. Bu şäheriň adynyň manysy barada dürli çaklamalaryň bardygyna
seretmezden, oňa gadymy Bulgariýa aralaşan gazan türkmenleriniň
adynyň geçendigine şübhe bolup bilmez. Muny tatar taryhçysy H.W.
Ýusupow gös-göni ykrar edýär.
Taryhy işlerden mälim bolşuna görä, seljuklaryň hereketi döwründe
Türkiýä we Kawkaza aralaşan türkmenleriň (esasan hem salyrlaryň)
bir bölegi 1263—1264-nji ýyllarda Saltyk babanyň baştutanlygynda
96
Kryma aralaşýar. Muny bu ýerdäki Salgir (Salyr) diýen derýänyň
ady we salyrlaryň tire adyndan emele gelen beýleki
toponimler hem
tassyklaýarlar. Şol salyrlaryň arasynda
gazan
urugynyň wekilleri hem
bolandyr diýip çaklamak gerek. Soňra bu ýere gelen salyrlar we beýleki
türkmen taýpalary türki we türki däl taýpalar bilen gatyşyp, Krym
tatarlary diýen diýen etnik topary emele getirýärler. Krym tatarlarynyň
diliniň türkmen diline juda ýakynlygyny hem Krym tatarlarynyň
düzüminde türkmenleriň uly ornu eýeleýändigi bilen düşündirmek bolar.
Diýmek, häzirki ärsary, salyr we saryk taýpalarynyň düzüminde
duş gelýän gazanlaryň iňňän gadymy türki (türkmen) taýpasydygyny
bellemek bilen, onuň türkmen ganyny tatar (esasan hem Krym tatarlary),
bolgar, belki-de çuwaş, wengr halklarynyň gany bilen gatyşdyranlygyny,
garyndaşlaşdyranlygyny unutmaly däldiris.
Do'stlaringiz bilan baham: