Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet27/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   33
Bog'liq
Suray

Iki egniňden gum sowurmak - Gara güÿjüň bilen işlemek, agyr, fiziki işe meşgullanmak. Iki egnimden, gum sowrup, zähmet çekdim (A. Soltanmyradow). 2. Bir zady halys boýun almazlyk, şerraýlyk etmek, keskelläm boýun almazlyk. Ol-a: «Teý, men bilýän däldirin» diýip, iki egninden gum sowrup oturandyr.

Iki egniňden dem almak — 1. Gazaba münüp, gaharlanyp sojamak, gaharyňa baş gelmezlik. Sürüde sakar işşegiň-de ýogy mälim bolandan soň, iki egninden dem alýan gynyr hojaýynyň alaran gözleri çolugy iýerli göründi. Mämmediň göwnünde ýaman niýeti, gara gözleriniň agy köpeldi. Iki egninden dem alýanyň görensoň, päliniň betligin Aýlar hem bildi (B. Kerbabaýew). 2. Halys tapdan düşmek, dem almagyň kynalmak, ölümiň öňüsyrasynda bolmak. Berkeli aga iki egninden dem alyp oturyşyna agtygyna ýüzlendi (A. Gurban).

Il bolmak — 1. Obadaş, ýurtdaş, goňşy bolup ýaşaşmak. Il bolup Rahym han bile, Haýdar soltandan aýryldyk (Seýdi). 2. Ylalaşyga gelmek, barlyşmak, oňuşmak. Bulara urşup alaç edip bolmaz, «il bolmak gerek» diýip, köp töwellalar edip nama ýazdyrdy (Magrupy).

J

Jan almak— 1. Herekete gelmek, oýanmak. Çeşmäňden janalyp deşti Badahşan, Al-ýaşyl geýinýär özüni besläp (M. Seýidow). Sözsüz hekaýalar dilden alyp jan, Aýdym derýalary bolup akýarlar (R. Seýidow). 2. Erkine, gününe goýmazlyk, gyssamak. Baý ülpet, senem «çaý iç» diýip janymy aldyň (Ö. Abdyllaýew).



Jan bermek — 1. Aradan çykmak, ölmek, ýogalmak. Ahyrynda «enem» diýip jan beren, Ýüzün görüp doýmanyňdan aýryldyň (Seýdi). 2. Gaty yhlas etmek, jan paralamak , kekenek bolmak. — Batyr jan! Ejeň-ä seniň üstüňde jan berýär (B. Kerbabaýew). 3. Herekete getirmek, ruhlandyrmak, galkyndyrmak, oýarmak. Dünýä berdim gözellik, tebigata jan berdim (M. Seýidow). Eý, Moskwa adalatyň galasy, Seň güneşiň bagt berdi, jan berdi (A. Kowusow).

Janyny almak — 1. Öldürmek. Ýalan aýtma, eşek, dogryňdan gel, ýogsam-da janyňy alaryn (A. Durdyýew). Işçiler ýetip derrew ara aldylar, Uzaklaşman, bogup janyn aldylar (G. Gurbangylyjow). 2. Ýürege düşmek, irizmek. Halypa sen maňa ýazylganlyk bermediň aýt, iňir-iňir edibem halys janymy aldyň.

Janyň agyrmak — 1. Gynanmak, janyň ýanmak, gaharlanmak. Jany agyrlylyk bilen jogap berdi (N. Saryhanow). 2. Dözmezlik etmek, nebsiň agyrmak. Durmaz seniň üçin jany agyryp, Nahar berseň, oňa käte çagyryp (Ata Köpekmergen).

Janyň çykmak — 1. Ölmek. Bäş ýyldyr, synamda köpdür armanym, Çykar boldy indi tenimden janym («Şasenem—Garyp»). Watanyň bähbidi, halkymyň hatyrasyna tä tenimden janym çykýança, güýç gaýgyrman işlärin. 2. Gaty gorkmak, howsala düşmek. Ol ekzamenden geçip bilmez öýdüp janym çykdy.


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish