Kakynyň (jynyň) düşmek—1. Däli ýaly bar pikiriňi bir işe bermek, bir zada küýüň düşmek, ürç etmek. Onuň şu günler kitaba kakyny düşüpdir. 2. Jynyň almazlyk, ýek ýigrenmek. Onuň maňa kakyny düşdi.
Kelle göçmek — 1. Bir zada gyzygyp göterilmek, kelle gyzmak. Tolkun atyp duran gelin-gyzlaryň topary bagşynyň-da, gyjakçynyňda, oturan mähelläniň-de kellesini göçürdi. Ol atyň jylawyny deňledi, bu süýji arzuwlaryň netijesinde birden kellesi göçdi-de, alaňdan aşyp gidenleriň yzyndan atyny gorduryp sürdi (B. Seýtäkow). 2. Galmagal; gykylyk, şowhun zerarly kelläň ýadamak, halys irmek. Maşynlaryň şowhuny kelläni göçürip barýar.
Kelle ýeňlemek — 1. Akylyň, pähimiň kemelmek, durmuşa, ýagdaýa ýüzleý, pähimsiz garamak; 2. Serhoş bolmak. Çakyr içip, kellesi hem bir neme ýeňlän Wüşi kel kiçijik gözlerini gyrpyldatdy (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |