Mum-helim bolmak — 1. Ýumşak hala öwrülmek, gaty owranmak, myžžygy çykmak. Gaty demirler, Mum-helim bolsun, Orak-pil ýasa, Daýhanlar alsyn (B. Kerbabaýew). 2. Erkygtaýaryny aldyryp gowşamak, mylaýym bolmak. Gör, indi mum-helim bolşuna seret, ýagşy gygyrjagyny gygyrýar-da, onsoň hem: — Meni bagyşlaň!—diýen bolýar (A. Gowşudow).
Mürehet etmek — 1. Bir zada, ýere çagyrmak. Geleweriň-de, geçeweriň! — diýip mürehet etdi (B. Kerbabaýew). Myraly, seniň bir sapar hem önüne murehet edeniňe men miýesser gelmedim («Myraly»). 2. Hödür-kerem etmek, hödürlemek. Ýör, çaý-çörek iýeli — diýip, oňa mürehet etmegi ýadyna hem salman, öýüne girip gitdi (N. Pomma)
Mähek ýaly — 1. Örän düşbi, akylly, dogumly; 2. Owadan görmegeý. Onsoň hem Meňliniň on ýaşynda mähek ýaly ogly bardy («Sowet edebiýaty»).
Do'stlaringiz bilan baham: |