Hondan bärisi bolmak — 1. Gopbamsylyk etmek, özüňi uly tutmak. Ol ýeý hakyny unutdyda, hondan bärsi ýaly bolup, zülplerini sypady (B. Kerbabaýew). Nina-da biziň başymyza hondan bärsi bolup, bize akyl berjekmiş (K. Berdiýew). 2. Göwni galkmak, gop berlen ýaly bolmak, begenmek. Oglunyň sözüne Ogsoltan eje hondan bärsi boldy (R. Allanazarow).
I
Iýeniň awy (zäher) bolmak — 1. Agyr ýagdaýa düşmek, agyr durmuşa sezewar bolmak, hasratly durmuşy başdan geçirmek. Kakama kän ýalbardym, Eşitmedi nalyşym. Iýenim awy boldy. 2. Iýeniň iniňe siňmezlik, minnetli hezzetiň tagamyny bilmezlik. Iýeniň awy bolsun, içýanyň zäheri (B. Kerbabaýew).
Iki bükülmek — 1. Agyr iş, jebir-jepa, zulum zerarly horlanmak, biliň bükülmek. Elhenç köne adat onuň boÿnuna kündesini salyp, iki büküpdir (B. Seýtäkow). 2. Biriniň garşysynda öz mertebäňi kiçeltmek, ýalynjaňlyk etmek, ýaýaplamak. — Onuň aty bar, serdar aga — diýip, ol iki bükülip, Gulamaly hana baş egdi (T. Tagapow).
Do'stlaringiz bilan baham: |