1.Şu gün okalga men gitjek.
2.Men okalga şu gün gitjek.
3.Men şu gün okalga gitjek.
Nygtalýan
taktyň
dogry
kesgitlenilmezligi, säginmäniň
nädogry
goýulmagy jümläniň manysyna zeper ýetirip biler. Meselem:
Akylly bol ataň ýaly, akmak bolma!
Akylly bol, ataň ýaly akmak bolma!
Sözlemleriň birinjisinde atasy, ikinjisinde ogly akylly bolup görünýär.
Şahyrana eserlerde logiki basym düşýän takt, köplenç, setiriň
soňuna süýşürilip, inwersiýa hadysasynyň döremegine sebäp bolýar:
Nadan myhman duşsa diýer öýüm ýok(Zelili).
Bu pikir şeýle berilse, has dogry bolardy:
Myhman duşsa, nadan diýer: ”Öýüm ýok”.
Do'stlaringiz bilan baham: |