Amaly sapak üçin ýumuşlar:
1. Goşgy bendini jümlelere bölüp göçürmeli, olaryň haýsy intonasiýada
aýdylýandygyny kesgitlemeli:
Baýguş aýdar: “Derdim bar,
Tesbihym bar, werdim bar.
Weýranada ýurdum bar
Zar-y girýan içinde” (Magtymguly).
2. Her jümlede näçe taktyň bardygyny, logiki basym düşýän - nygtalýan
esasy takty hem-de jümle basymy düşýän takty anyklamaly. Dyngy belgileriň
hyzmatyny düşündirmeli.
32
KOMBINATOR SES ÜYTGEMELERI
Gepleýiş akymynda jümledäki sesler artikulýasiýa taýdan goşulyşyp
aýdylýarlar. Jümledäki sesler biri-biriniň täsiri netijesinde artikulýasiýalarynyň
omy, hili we owaz gatançlary taýdan üýtgeýärler. Sesleriň bilelikdäki
artikulýasiýasy ýüze çykýar. Muňa dil biliminde
Do'stlaringiz bilan baham: