2.8. Strukturalaýyn sintez meselelerini çözmeklige çemeleşmeler.
Eýerarhik derejeleriň her birinde strukturalaýyn sintez meselelerini çözmek üçin: saýlama, yzygider sintezleme, dürli aspektleriň beýanlaryny getirme ýaly çemeleşmeleriň birini ulanýarlar.
Strukturalaýyn sintez algoritmleriniň toparlara bölünmesi sur. 2.11-de getirilendir:
Saýlama algoritmleri diňe gutarnykly taýyn strukturalaryň wariantlaryny bahalandyryp bilmek mümkinçilikleri bilen häsiýetlendirilýärler. Şeyle strukturalar öňunden döredilip, maglumatlar bazalarynda saklanýarlar, bolmasa elementleriň berlen ýygyndysyndan ol ýa-da beýleki düzgünler boýunça geňerirlenýärler. Doly saýlama diňe ýönekeý ýagdaýlarda mümkindir. Saýlama, köplenç, bölekleýin ýerine ýetirilýär. Saýlama algoritmleri: nobatdaky wariýanty saýlama ýa-da generirleme; warianty bahalandyrma çözgüdi kabul etme ýaly böleklere bölünýärler.
Bölekleýin saýlamada warianty saýlama algoritmleri tötänleýin saýlama, kompýuter bilen dialog reziminde adamyň tebigy ukybyny ulanma, strukturany häsiyetlendirýän käbir parametrleriň korrelýasiýasyny kesgitlme ýaly usullara esaslanýar.
Maglumatlar bazasyndan saýlanan ýa-da täze generirlenen strukturanyň wariantynyň bahalandyrmasy parametrik sinteziň we analiziň proseduralary arkaly ýerine yetirilýär.
Saýlamada çözgüdi kabul etmek strukturanyň nobatdaky wariantyny bahalandyrmagyň netijesini öň seredilen strukturalaryňky bilen deňleşdirmek we gowsyny saýlamak esasynda alnyp barylýar. Şeýle deňeşdirme üçin, köpnyşanly ýagdaýlarda bölek nyşanlary birleşdirýän käbir skalýar ( san bahaly) nyşan saýlanmalydyr.
Saýlama algoritimlerinde diskret matematiki maksatnamalama (DMM) algoritimlerine hem aýratyn orun berilýär.Bu algoritimleri, haçanda, strukturalaýyn sinteziň meselelerini DMM meselesi:
, D-diskret köplük
ýaly tasa getirilen bolsa ulanýarlar. Bu meselelerde, mukdar taýdan aňladylýan strukturalaryň nyşanlary, bu nyşanlaryň funksiýalary aýratyn düzgün boýunça gözlenip, ol düzgün boýunça bir wariantyň beýleki wariantdan artykmaçlygy kesgitlenýär. Şeýle nyşanlary X wektorynda jemleýärler, F(X) artykmaçlyk funksiýasy bolsa maksat funksiýasy bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, X wektoryň komponentlerini düzýän xi parametrler, strukturadaky käbir tipdäki elementleriň mukdaryny ( diýmek, xi – bütin sanlar) ýa-da strukturadaky käbir häsiýetiň bardygyny - ýokdygyny ( diýmek, xi – bar (1), yok (0) bahalary alýan logiki (bulew) ululyk ) aňladyp biler.
Ýöne, meseläni DMM meselä getirmeklik, çözügiň üstülikli alynjagyna girew bolmaýar. Sebäbi, DMM meseleleri çözmek üçin bar bolan usullaryňa uniwersallyk ygtybarlylyk derejeleri pesdir.
Do'stlaringiz bilan baham: |