G. Gutlyýew Awtomatlaşdyrylan taslama düzmegiň ulgamlary Системы Автоматизированного проектирования


Analiz meselelerini goýmak we ony çözmegiň ýollary



Download 3,26 Mb.
bet20/49
Sana21.01.2017
Hajmi3,26 Mb.
#789
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   49
2.4. Analiz meselelerini goýmak we ony çözmegiň ýollary.
Analiz meseleleriniň tipli taslama proseduralarynyň matematiki beýan edilişlerine seredeliň.

Obýektleriň funksionirlenmeginiň dinamiki prosesleriniň analizi ADDU- ny çözmek arkaly ýerine ýetirilýär. Umumy ýagdaýda bu ulgam anyk däl görnüşde, berlen başlangyç şertlerde



(*)

ýaly aňladylýar; bu ýerde - faza üýtgeýänleriň wektorydyr, t- wagtdyr. Ulgamy çözmek üçin anyk däl aňladylýan usulda



ornuna goýmany ulanýarlar, bu ýerde integrirleme usulynyň tertibine we t üýtgeýäni diskretleşdirmäniň ädiminiň ululygyna (integrirleme ädimine) baglydyr;

Mk ululygyň bahasy öň ýandaky ädimlerdäki Uk-nyň bahalaryna laýyklykda alynýar.

(*) ulgamyny sanly integrirlemäniň anyk usulynda çözmek üçin



ululygyň Uk bilen baglanyşygyny

formula arkaly aňladýarlar, bu ýerde -ululygyň bahasy -ädimiň ululygyna, k-nyň bahasy bolsa -ädime hem-de öň ýanyndaky ädimlerde integrirlemede U wektoryň bahalaryna baglydyr. Şeýlelikde, ADDU-ny çözmeklik V-faza üýtgeýänleriň wektorynyň t ululyga baglanşygyny tablisa görnüşinde almaga ýardam edýär.

Obýektleriň statiki ýagdaýlarynyň analizi hem (*) deňlemeler ulgamyny integrirlemek arkaly amala aşyrylyp bilner, ýöne bu ýerde bolany üçin şeýle analiz F(V)=O görnüşdäki algebraik deňlemeler ulgamyny çözmeklige getirýär. Munuň üçin bolsa dürli iterasion usullary peýdalanmak bolar.

Käbir meselelerde çykyş parametrleriniň bölegini ýygylyk häsiýetnamalarynyň analizi arkaly kesgitleýärler. Şeýlelikde (*) ulgamy çyzyklaşdyrylyp:



görnüşe getirilýär, bu ýerde A,B,C,D-hemişelik ýa-da wagta bagly koeffisiýentli matrisalardyr; Ugiriş(t)- analizlenýän obýekte daşky täsiri häsiýetlendirýän wektor-funksiýadyr.Şeýlelikde, obýektiň giriş nokatlarynyň birine sinusoidal daşky täsiri bermek hem-de algebraik birlesdirme üçin Furýe öwürmelerini ulanmak bilen kompleks koeffisientli

algebraik deňlemeler ulgamy alynýar, bu ýerde we - Furýe boýunça özgerdilen we wektorlardyr.

Bu deňlemeler ulgamyny çözmekde, adatça, W-ýygylygyň bahalarynyň hatary üçin Gaussyň usulyny ulanýarlar. Şeýlelikde, tapylan (w) bahalar obýektiň rezonans ýygylygy, goýberme zolagy diýen ýaly ýygylyk hasiyetnemalaryny kesgitleýär.

Awtomatlaşdyrlan dolandyryş ulgamlary taslanýan döwründe durnuklylyk analizini geçirmek hem hökmandyr. Şeýle analiz, ADDU-ny gös-göni integrirlemek ýa-da, degişlilikde, belli durnuklylyk nyşanlary boýunça derňemek arkaly amala aşyrylyp bilner.

Duýujylyk analizini geçirmek, esasan, içki xi (i=1,2,3…,n) parametrleriniň çykyş yj (j=1,2,…,m) parametlerine tasirini kesgitlemekden ybaratdyr. Bu täsiriň mukdar taýdan bahalandyrmalary, elementleri (duýujylyk koeffisientleri) formula boýunça tapylýan, A matrisasy arkaly berilýär. A matrisanyň j-nji setiriniň yj (X) funksiýasynyň gradiýentidigini belläliň, ýagny:
Aj= grad yj (X)=()
xi parametrler barada statistik maglumatlar berlen ýagdaýynda, yj parametrleriniň paýlanyşy baradaky ol ýa-da beýleki maglumatlary almak maksady bilen statistik analiz ýerine ýetirilýär. Statistik analiziň netijeleri yj parametrleriň paýlanyşynyň gistrogrammasy, paýlanmalaryň san häsiýetnamalarynyň (matematiki garaşmanyň, dispersiýanyň, kwantilleriň) bahalandyrmalary görnüşinde aňladylýar. ATDU-da statistik analiziň esasy usuly – statistik synaglar usulydyr (Monte – Karlo usuly).

Görşimiz ýaly, analiz meseleleriniň köpüsi algebraik ýa-da adaty differensial deňlemeler ulgamynyň çözülmegine getirilýär.

Çyzykly däl algebraik deňlemeler ulgamyny çözmek üçin, Nýutonyň usuly ýaly iterasion usullardan peýdalanýarlar. Çyzykly algebraik deňlemeler ulgamyny çözmekde, esasan, Gaussyň näbellileri yzygider ýok etmek usulyny ulanýarlar.

ADDU-ny sanly integrirlemekde, anyk we anyk däl usullary ulanylýar. Anyk usullardan: Runge-Kuttanyň, Adams-Başfortyň usullaryny köp peýdalanýarlar. ATDU-da sanly integrirlemekde, islendik h>0 ädimde hasaplamalaryň durnuklylygyny üpjün edýän, anyk däl usullar köp ulanylyp başlandy.

xi parametrler barada statistik maglumatlar berlen ýagdaýynda, yj parametrleriň paýlanyşy baradaky ol ýa-da beýleki maglumatlary almak maksady bilen statistik analiz ýerine ýetirilýär. Statistik analiziň netijeleri yj parametrleriň paýlanyşynyň gistrogrammasy, paýlanmalaryň san häsiýetnamalarynyň (matematiki garaşmanyň, dispersiýanyň, kwantilleriň) bahalandyrmalary görnüşinde aňladylýar. ATDU-da statistik analiziň esasy usuly – statistik synaglar usulydyr (Monte – Karlo usuly).

Görşümiz ýaly, analiz meseleleriniň köpüsi algebraik ýa-da adaty differensial deňlemeler ulgamynyň çözülmegine getirilýär.




Download 3,26 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   49




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish