Türkmen diline häsiýetli bogun tipleri:
Çekimli sesleri V (wokal), çekimsizleri K (konstant) harplary bilen
belgiläp, türkmen diline häsiýetli bogun tiplerini
şertli ýagdaýda şeýle
görkezmek bolar:
1. V gurluşly bogun: e-ne, a-ta, i-ni...
2. VK gurluşly bogun: el, iý, aş-lyk...
3. VKK gurluşly bogun: erk, ünş, aýt-dy...
4. KV gurluşly bogun: bu, §u, ba-ba, ka-ka, da-ýym...
5. KVK gurluşly bogun: men, gün, ýyl-dyz...
6. KVKK gurluşly bogun: berk, görk, bagt-ly...
Bu bogun tipleri ulanylyşlary taýdan özara tapawutlanýarlar.
Bognuň soňunda-da, başynda-da iki we ondan köp çekimsiziň
ýanaşyp gelmegi türkmen dili üçin häsiýetli
däl. Olar, esasan, alynma
sözleriň düzüminde duş gelýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |