5.5. Jemgyýetçilik durmuşynda subýektiwliligiň we obýektiwliligiň mynasybeti
Jemgyýetçilik durmuşy – wagtyň we giňişligiň çäginde hereketdäki materiýanyň iň ýokary we iňňän çylşyrymly formasydyr. Jemgyýetiň taryhy tebigatyň taryhyndan düýpgöter tapawutlanýar. Bu aýratynlyk 8. Sargyt № 114 jemgyýetiň taryhyny adamlaryň özleriniň döredýänligi bilen baglydyr. Adamlardan beýleki biologik organizmleriň hemmesi özlerini gurşap alýan daşky gurşawa diňe uýgunlaşmaklygy başarýarlar, adamlar bolsa daşky gurşawy özleriçe üýtgedip bilýärler. Başgaça aýdylanda, tebigatyň taryhy bolup geçýär, jemgyýetiň taryhy bolsa döredilýär. Amala aşyrýan işlerini adamlar öz isleglerine we niýetlerine görä ýerine ýetirýärler, haýsydyr bir arzuwlaryny ýa-da maksatlaryny amal etmeklige özleriçe çemeleşýärler. Aýratyn adamlaryň hereketleri halk köpçüliginiň, synplaryň, partiýalaryň, hökümetleriň hereketleriniň içine goşulyşyp gidýär. Jemgyýetçilik ýaşaýyş durmuşynda progressiw we reaksion, öňe gönükdiriji we yza tesiji, çyn we galat ideýalar yzygiderli ýüze çykýar we göreşýärler. Jemgyýetçilik durmuşy üçin birek-birege goldaw bermek, birek-birege duşmançylykly garamak ýaly gapma-garşylykly duýgular hem mahsus. Garaz, jemgyýetçilik durmuşy durşy bilen subýektiwliklerden ybarat. Emma beýle diýildigi jemgyýetçilik durmuşy üçin obýektiwliligiň häsiýetli däldigini aňlatmaýar. Jemgyýetçilik durmuşy üçin hem adamlaryň erkine we islegine bagly bolmadyk obýektiw kanunlar (olaryň adamlaryň özleri tarapyndan döredilenligine garamazdan) hereket edýär. Adamlaryň jemgyýete täzeden aralaşýan her bir nesli öňki nesilleriň miras galdyran şertlerinde ýaşap başlamaklyga mejbur bolýarlar. Öňki nesilleriň miras galdyran jemgyýetçilik gatnaşyklary, dürli görnüşli edaralary, zähmet serişdeleri, ahlak we hukuk düzgünleri, dili, edebiýaty we sungaty, dini garaýyşlary täze nesiller üçin obýektiw barlyk hökmünde çykyş edýärler. Emma şol bir wagtyň özünde her bir täze nesil öňki nesillerden miras hökmünde galan gatnaşyklarydyr edaralary, kadadüzgünleri we ş.m. zatlary özüçe ýaşaýyş durmuşlarynyň talaplaryna laýyklykda, üýtgedip, özgerdip bilýär. Bu bolsa jemgyýetçilik taryhy üçin subýektiwligiň has köp derejede mahsuslygyny aňladýar. Jemgyýetiň taryhy belli bir umumy kanunalaýyklyklara hem tabyndyr. Olara ylmy dilde “jemgyýetçilik kanunalaýyklyklary” diýilýär. Ýadyňyzda bolsa, biz kitabyň barlyk hakyndaky bölüminde kanunlara “hadysalaryň arasyndaky obýektiw, zerurlaýyn, yzygiderli, durnukly arabaglanyşyklar” diýip, kesgitleme beripdik. Şeýle obýektiw häsiýetli arabaglanyşyklar jemgyýetçilik durmuşy üçin hem häsiýetlidir. Mysal üçin, maddy we ruhy baýlyklaryň barha artmak lygy adamlaryň islegleriniň hem artmagyna itergi berýär. Önümçiligiň ösmekligi öndürilen önümleriň sarp edilişiniň derejesini artdyrýar. Jemgyýetiň progressiw ösüşi taryhy prosesde subýektiw faktoryň rolunyň barha ýokarlanmaklygyny şertlendirýär. Bularyň hemmesi kanunalaýyklyklardyr. Emma jemgyýetçilik taryhynda öz beýanyny tapýan kanunalaýyklyklar, obýektiw häsiýetdeligine garamazdan, tebigatyň kanunalaýyklyklaryndan tapawutlydyr. Bu ýerde, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik durmuşynyň obýektiw häsiýetli kanunalaýyklyklarynyň jemgyýetiň döremekligi bilen baglanyşykly ýüze çykanlygyny we olaryň müdimi däldigini bellemek zerur. Ikinjiden, ýokarda belläp geçimiz ýaly, tebigatyň kanunlary bolup geçýär, jemgyýetiň kanunlary bolsa emele getirilýär. Adamzat taryhy elmydama dowamly ösüşde. Taryh hiç haçan gaýtalanmaýar. Birbada göräýmäge bir-birlerine meňzeş taryhy wakalaryň arasynda tapawutly aýratynlyklar bar. Mysal üçin, hemme uruşlaryň tebigatynyň meňzeşligine garamazdan, her bir aýratyn uruş beýleki uruşlardan tapawutlydyr. 1917-nji ýylda patyşa Russiýasynda bolşewikler partiýasy tarapyndan amala aşyrylan “Beýik oktýabr rewolýusiýasy”, ondan birneme öňräk bolup geçen Fransuz rewolýusiýasyndan tapawutlydyr. Adamzat taryhy jemgyýetçilik ösüşiniň, hakykatdan-da, göni çyzyk görnüşinde däl-de, spirallaýyn häsiýetde ýüze çykýanlygyny subut edýär. Adamzat jemgyýetiniň her bir täze basgançagy öňki basgançagy gaýtalamaýar, ony inkär edýär, emma şol bir wagtyň özünde hem öňküden gözbaş alyp gaýdýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň kanunlaryna ylmy taýdan akyl ýetirmek işi dürli kynçylyklara sezewar bolýar. Şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmaklygyny jemgyýetçilik durmuşynyň ummasyz çylşyrymlylygy bilen düşündirmek mümkin. Ylmy teoriýanyň gymmaty, esasan, onuň öňdengörüjilik başarnygy bilen baglanyşdyrylýar. Ol ýa-da beýleki bir hadysanyň geljekki ösüşini öňünden aňlamak üçin degişli kanunalaýyklary bilmek zerur. Degişli kanunlara esaslanyp, astronomlar kometalaryň peýda boljaklygyny, Günüň we Aýyň tutulmasyny hem-de beýleki astronomik hadysalaryň haçan ýüze çykjaklygyny birnäçe ýyl öňünden kesgitläp bilýärler. Emma jemgyýetçilik durmuşynyň köp hadysalaryny öňünden ölçäp, olaryň geljekki ösüş ugurlaryny takyk kesgitlemek kyn. Mysal üçin, önümçilik gatnaşyklarynyň häsiýetiniň öndüriji güýçleriň ösüş derejesine laýyk gelmezligi, olaryň arasynda gapma-garşylygyň döremekliginiň jemgyýetçilik durmuşynyň üýtgemegine getirýänligi belli. Emma şeýle üýtgeşmeleriň haçan we nähili görnüşlerde ýüze çykjaklygyny welin, öňünden anyk aýtmak aňsat mesele däl. Adamzat jemgyýetiniň taryhy sosial durmuşda dürli hili mümkinlikleriň ol ýa-da beýleki bir görnüşlerde hasyl bolup bilýänligini, käbir hasyl bolaýmaly mümkinlikleriň bolsa, tersine, hakykata öwrülmän galýanlygyny subut edýär. Ol ýa-da beýleki bir mümkinlikleriň hakykata öwrülmekligi jemgyýetdäki degişli obýektiw şertler we jemgyýeti emele getirýän adamlaryň aňy, erk-islegleri bilen baglanyşyklydyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |