Nji mowzuk. Usullar, kanunlar we pelsepe kategoriýalary 1


Jemgyýetiň esasy gurşawlary



Download 110,36 Kb.
bet3/11
Sana08.06.2022
Hajmi110,36 Kb.
#645153
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Bog'liq
3 Lekciya

5.3. Jemgyýetiň esasy gurşawlary
Gadymy döwrüň akyldarlary jemgyýete aýratyn adamlaryň ýönekeý köplügi hökmünde düşünipdirler. Hakykatda welin, jemgyýetiň düzümi iňňän çylşyrymly. Oňa adamlaryň dürli göwrümli, ululy-kiçili toparlary girýär. Olara umumylykda sosial toparlar diýilýär. Jemgyýetiň iň kiçi düzüm bölegi maşgala hasaplanylýar. Her bir täze dünýä inen çaga ilki maşgala kollektiwine girýär, soňra ol barha ulaldygyça, haýsydyr bir okuw we zähmet kollektiwine, dürli görnüşli resmi we resmi däl toparlara girip başlaýar. Islendik kollektiwde hem oňa girýän adamlaryň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklar emele gelýär. Mysal üçin, maşgalada ene-atalary bilen olaryň çagalarynyň arasyndaky gatnaşyklar, mekdep kollektiwinde – mugallymlar bilen okuwçylaryň arasyndaky gatnaşyklar. Uly sosial toparlar biri-birlerinden ol ýa-da beýleki bir alamatlary boýunça tapawutlandyrylýar. Mysal üçin, jynsyna görä adamlar aýallara we erkeklere, synpy aýratynlyklaryna görä gullara, gul eýelerine, daýhanlara, hünärmentlere, işçilere, milli aýratynlyklaryna görä – dürli halklara we milletlere degişli edilýär. Adamlaryň dürli toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň dürli görnüşleri ýüze çykýar. Jemgyýet – bu adamlaryň özara gatnaşyklarda bolan umumylygydyr. Jemgyýeti gatnaşyklarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gatnaşyklara umumy häsiýetde jemgyýetçilik gatnaşyklary diýilýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklary dürli-dürlüdir. Mysal üçin, harytlary öndürmek, ýerlemek we alyş-çalyş etmek ýaly gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň görnüşleri bolsa, milletleriň, nesilleriň, ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklar sosial gatnaşyklaryň görnüşleridir.
Sosial filosofiýada jemgyýete sistema hökmünde garalýar we bu sistemanyň esasy elementleri hökmünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bolup geçýän dört sany gurşawy, ýagny jemgyýetçilik durmuşynyň dört sany gurşawy (tarapy) – ykdysady gurşaw, syýasy gurşaw, sosial gurşaw we ruhy-medeni gurşaw kabul edilendir. Ykdysady gurşawa, köplenç halatda, beýleki gurşawlara görä esasy, has dogrusy, kesgitleýji rol degişli edilýär. Ykdysady gurşaw öz içine senagat we oba hojalyk önümçiligini, adamlaryň arasynda maddy önümçilik prosesinde bolup geçýän dürli gatnaşyklary (eýeçilik, alyş-çalyş, paýlaýyş ýaly gatnaşyklary) alýar. Syýasy gurşaw öz içine adamlaryň syýasy we hukuk gatnaşyklaryny alýar. Sosial gurşawyň çägi has giň bolup, ol öz içine dürli sosial toparlaryň özara gatnaşyklaryny (synplarara, nesillerara, milletara gatnaşyklaryny), maşgala, bilim, saglygy goraýyş ýaly meseleleri alýar. Ruhy-medeni gurşaw öz içine ylmy, ahlagy, dini, sungaty, ylmy edaralary, dini guramalary we bu ugurlara degişli jemgyýetçilik gatnaşykaryny alýar. Bu gurşawlar biri-birleri bilen özara aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mysal üçin, ýurtda ykdysady gatnaşyklaryň kämil bolmaklygy üçin önümçilige gatnaşýan taraplaryň hukuklaryny kepillendirýän, olaryň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kada-kanunlaryň bolmaklygy ikuçsuzdyr. Şeýle kada-kanunlary bolsa, esasan, syýasy gurşawyň esasy elementi bolan döwlet häkimiýeti işläp düzýär.

Download 110,36 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish