5.4. Jemgyýetiň ösüş basgançaklary
Ylym adamzat jemgyýetiniň uzak asyrlaryň dowamynda birnäçe basgançaklary geçenligini subut edýär. Eger-de adamlaryň özleri üçin zerur bolan maddy nygmatlary öndürmek bilen baglanyşyklylykda ulanan serişdelerinden we şeýle önümçiligiň amala aşyrylmagynda gazanan praktiki tejribesinden çen tutulyp baha berilse, onda taryhy ösüşde üç sany basgançagy, ýagny adaty (agrar), industrial we postindustrial basgançaklary aýdyň saýgarmak mümkin. Adyndan görnüşi ýaly, birinji – adaty jemgyýet diýlip atlandyrylýan basgançak üçin ykdysady önümçilik, başgaça aýdylanda, natural önümçilik mahsus bolupdyr. Gadymy dünýäniň we orta asyr eýýamynyň 113 jemgyýetlerinde ilkinji şäherler peýda bolupdyr, senetkärçilik, söwda, pul, ýazuw ýaly zatlar ýüze çykypdyr. Jemgyýetiň esasy ykdysady birligi maşgala bolupdyr, obşinalaýyn däpdir dessurlar agalyk edipdir. Ilatyň esasy bölegi oba ýerlerinde ýaşapdyrlar. Hut şol jemgyýetlerde adamyň adam tarapyndan ekspluatasiýa (bir adamyň başgalary golastynda saklap, olaryň özlerini we zähmetini özüçe ulanyp bilmekligi, hatda ezilişe sezewar etmekligi manysynda) edilmekligi ýüze çykypdyr. Ikinji – industrial basgançakda, adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhynda düýpli öwrülişikler bolup geçipdir. Bu basgançak üçin ykdysady durmuşda senagat, ýagny industrial önümçiligiň agalyk etmekligi häsiýetli bolupdyr. Industrial jemgyýetleriň döremekligi, köplenç halatda, Günbatar ýurtlarynda XVIII asyrda bolup geçen senagat rewolýusiýasynyň netijesinde ýüze çykan hadysalar bilen baglaşdyrylýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň bu basgançagy üçin ykdysadyýetde senagat önümçiliginiň agalyk etmekligi, şäher ilatynyň sanynynyň oba ilatynyňkydan agdyklyk etmekligi, sosial gatnaşyklarda agalyk edijilik rol maýda we iri ýer eýeleriniň elinden senagat kärhanalarynyň eýeleriniň – kapitalistleriň eline geçmekligi häsiýetlidir. Bu jemgyýetde iri maşyn önümçiligi, haryt önümçiliginiň göwrüminiň barha artmaklygy, bilimleri özleşdirmeklige bolan höwesiň ýokarlanmaklygy ýaly hadysalar ýüze çykyp başlaýar. Senagat önümçiliginiň ykdysadyýetdäki ornunyň gitdigiçe ýokarlanmaklygy oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekýän ilatyň san taýdan azalmaklygyna sebäp bolýar. Türkmenistandaky häzirki jemgyýeti hem köp babatda (oba ilatynyň san taýdan şäher ilatyndan köplügini hasaba almanymyzda) industrial jemgyýet hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Dünýäniň ykdysady taýdan has ösen ýurtlary hasaplanylýan ABŞ, Ýaponiýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly ýurtlardaky jemgyýetler jemgyýetçilik ösüşiniň üçünji – postindustrial basgançagyna aýak basan jemgyýetler hökmünde mysal getirilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |