Nji mowzuk. Usullar, kanunlar we pelsepe kategoriýalary 1


Jemgyýetiň ösüş basgançaklary



Download 110,36 Kb.
bet9/11
Sana08.06.2022
Hajmi110,36 Kb.
#645153
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Bog'liq
3 Lekciya

5.4. Jemgyýetiň ösüş basgançaklary
Ylym adamzat jemgyýetiniň uzak asyrlaryň dowamynda birnäçe basgançaklary geçenligini subut edýär. Eger­de adamlaryň özleri üçin zerur bolan maddy nygmatlary öndürmek bilen baglanyşyklylykda ulanan serişdelerinden we şeýle önümçiligiň amala aşyrylmagynda gazanan praktiki tejribesinden çen tutulyp baha berilse, onda taryhy ösüşde üç sany basgançagy, ýagny adaty (agrar), industrial we pos­ tindustrial basgançaklary aýdyň saýgarmak mümkin.
Adyndan görnüşi ýaly, birinji – adaty jemgyýet diýlip atlandyryl­ ýan basgançak üçin ykdysady önümçilik, başgaça aýdylanda, natural önümçilik mahsus bolupdyr. Gadymy dünýäniň we orta asyr eýýamynyň jemgyýetlerinde ilkinji şäherler peýda bolupdyr, senetkärçilik, söwda, pul, ýazuw ýaly zatlar ýüze çykypdyr. Jemgyýetiň esasy ykdysady birligi maşgala bolupdyr, obşinalaýyn däpdir dessurlar agalyk edipdir. Ilatyň esasy bölegi oba ýerlerinde ýaşapdyrlar. Hut şol jemgyýetlerde adamyň adam tarapyndan ekspluatasiýa (bir adamyň başgalary golastynda sak­ lap, olaryň özlerini we zähmetini özüçe ulanyp bilmekligi, hatda ezilişe sezewar etmekligi manysynda) edilmekligi ýüze çykypdyr.
Ikinji – industrial basgançakda, adamzat jemgyýetiniň ösüş tary­ hynda düýpli öwrülişikler bolup geçipdir. Bu basgançak üçin ykdysady durmuşda senagat, ýagny industrial önümçiligiň agalyk etmekligi häsi­ ýetli bolupdyr. Industrial jemgyýetleriň döremekligi, köplenç halatda, Günbatar ýurtlarynda XVIII asyrda bolup geçen senagat rewolýusiýa­ synyň netijesinde ýüze çykan hadysalar bilen baglaşdyrylýar. Jemgyýet­ çilik ösüşiniň bu basgançagy üçin ykdysadyýetde senagat önümçiliginiň agalyk etmekligi, şäher ilatynyň sanynynyň oba ilatynyňkydan agdyk­ lyk etmekligi, sosial gatnaşyklarda agalyk edijilik rol maýda we iri ýer eýeleriniň elinden senagat kärhanalarynyň eýeleriniň – kapitalistleriň eline geçmekligi häsiýetlidir. Bu jemgyýetde iri maşyn önümçiligi, haryt önümçiliginiň göwrüminiň barha artmaklygy, bilimleri özleşdir­ meklige bolan höwesiň ýokarlanmaklygy ýaly hadysalar ýüze çykyp başlaýar. Senagat önümçiliginiň ykdysadyýetdäki ornunyň gitdigiçe ýokarlanmaklygy oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekýän ilatyň san taýdan azalmaklygyna sebäp bolýar.
Türkmenistandaky häzirki jemgyýeti hem köp babatda (oba ilatynyň san taýdan şäher ilatyndan köplügini hasaba almanymyzda) industrial jemgyýet hökmünde häsiýetlendirmek mümkin. Dünýäniň ykdysady taýdan has ösen ýurtlary hasaplanylýan ABŞ, Ýaponiýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly ýurtlardaky jemgyýetler jemgyýetçilik ösü­ şiniň üçünji – postindustrial basgançagyna aýak basan jemgyýetler hökmünde mysal getirilýär.

Download 110,36 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish