9
eýýamlarda ulanan sözlerini, dilini, hojalyk şertlerini, aragatnaşyk eden
halklaryny, meşgullanan kärlerini we ş.m. öwrenmekde etnonimler
bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşme hasaplanýar, çünki olar ençeme
asyry, hatda müňýyllyklary öz üstünden geçirseler-de, dilimiziň gadymy
sözlerini mizemez görnüşde biziň biziň günlerimize ýetiripdirler. Hut
şonuň üçin alymlar tire-taýpa atlaryny ähmiýeti boýunça gadymy ýazuw
ýadygärlikleri bilen deň tutup, olary öwrenmeklige ulu üns beripdirler.
Türki etnonimler barada ençeme maglumatlary 2000 ýyl çemesi
mundan öň ýazylan hytaý senenamalaryndan, gadymy grek alymlarynyň
galamyna degişli taryhy işlerden tapmak mümkin.
Türkmen taýpalrynyň 24-niň we olaryň ençeme uruglarynyň adyny
ilkinji gezek derňän, olaryň ýerleşiş tertibini we tagmalaryny görkezen
alym Mahmyt Kaşgarydyr. XI asyryň beýik dilçisi hasplanýan Mahmyt,
alymlaryň tassyklamagyna görä, oguzlaryň kynyk taýpasyndan bolup,
Kaşgarda doglupdyr we şol etrapda (Sinszýanda) hem aradan çykypdyr.
Ol özüniň 1072—1074-nji ýyllarda ýazyp gutaran “Diwan
lugat at-
türk” (“Türki sözler diwany”) diýen uly göwrümli, üç tomluk eserinde
şeýle ýazýar: “Türkler aslynda 20 taýpadyr... Her taýpanyň sansyz
uruglary bar.
Men bulardan esasylaryny, ýagny ene uruglary ýazdym,
olaryň şahalaryny (bölümlerini) taşladym. Ýöne oguz-türkmenleriniň
maýda (ownuk) uruglaryny hem, olaryň mallaryna goýulýan belliklerini
(tagmalaryny) hem ýazdym, çünki damlarda bulary bilmäge zerurlyk
bardy. Gündogardan başlap, her bir taýpanyň oturýan ýerini tertip bilen
yzygider görkezdim”.
Hormatly okyjy! Eliňizdäki kitapda siz Mahmyt Kaşgarynyň adyna
köp duş gelersiňiz. Türkmen taýpa-tireleriniň atlaryny düşündirmekde
biz onuň “Diwanyny” gymmatly çeşme hökmünde köp paýdalandyk.
Kitapda Reşideddin, Abylgazy, Ýazyjy-ogly, Salar Baba ýaly meşhur
alymlaryň ady hem köp gaýtalanýar. Şonuň üçin bu şahslar we olaryň
ýazan eserleri barada gysgaça ýatlamagymyz gerek.
Eýranyň Hemedan şäherinde 1247-nji ýylda doglan görnükli taryhçy
alym Fazlallah ibn Reşideddin (ölen wagty 1318) özüniň “Jem-i at-
tawaryh” (“Taryhyň jemi”) diýen üç tomluk ajaýyp eserini 1300—1310-
njy ýyllarda Eýrandaky mongol hökümdaryna bagyşlap,
pars dilinde
ýazýar. Türki we mongol halklarynyň taýpa bölünişigine bagyşlanan
2-nji tomda Reşideddin türkmenleriň 24 taýpasynyň orunlaryny,
10
atlarynyň manysyny, ongonlaryny (totemlerini) we tagmalaryny ýekän-
ýekän sanaýar.
Ýazyjy-oglunyň XV asyrda ýazan “Taryh-y aly Seljuk” (“Beýik
seljuklar taryhy”) atly eseri Stambulyň Topgapy muzeýinde saklanýar.
Bu eser Reşideddiniň eseri esasynda türki dilde ýazylyp, onda dürli
“Oguznamalardan” ýerlikli paýdalanylypdyr. Bu eserde-de türkmen
taýpalary, olaryň aňladýan manysy, her taýpanyň guşy (ongony, totemi),
tagmasy, mal soýlanda olara degişli ülüşler yzygiderli görkezilýär.
Asly nusaýly Salar Baba Gulaly ogly Harydarynyň “Oguznama”
diýen eseri hem Reşideddiniň ýatlanan kitaby esasynda 1555-nji ýylda
türkmen dilinde ýazylyp, onda-da türkmen taýpalary ýokarky terzde
derňelipdir.
Hywa hany Abulgazy Bahadyr han (1603—1664) türkmenlere
garşy gazaply syýasat ýöredip, olary köp gyrýar. Ömrüniň ahyrynda öz
etmişine ökünip, türkmenleriň öňündäki günäsini ýuwmak üçin, 1659—
1661-nji ýyllarda “Şejere-ýi terakime” (“Türkmenleriň nesil daragty”)
diýen kitabyny ýazýar. Abulgazy hem Reşideddiniň kitabyndan ymykly
peýdalanypdyr, çünki ol Yspyhanyň ýakynyndaky Tabarek galasynda 10
ýyllap agöýli edilip (girewine) saklanýar, şol döwürde-de Reşideddiniň
eseri bilen tanyşýar. Bu barada awtoryň özi habar berýär.
Türkmen taýpa-tireleriniň atlary barada diňe bir bu awtorlaryň
eserlerinde däl, eýsem rewolýusiýadan öňki we soňky Ýewropa hem-
de orus alymlarynyň ýazan kitaplarynda
gymmatly maglumatlara
duş gelmek bolýar. Soňky ýyllar içinde türkmen etnograflary hem bu
babatda köp işler etdiler. Olaryň arasynda ilki bilen G.I. Karpowyň ady
ýatlanmaga mynasypdyr, çünki bu alym baryp 20-nji ýyllarda türkmen
taýpa-tireleri barada maglumat ýygnamaga girişdi, 1925-nji ýylda bolsa
“Plemennoý i rodowoý sostaw turkmen” (“türkmenleriň taýpa we urug
gurluşy”) diýen kitabyny çap etdirdi. Soňky ýyllarda ol türkmen urug-
taýpalary barada köp maglumat toplap ýa-da dürli işgärlere topladyp,
aglaba taýpalar barada makalalar ýazdy, olaryň ençemesini “G.I.Karpow”
diýen at bilen ýa-da “Hoşgeldi Bagtyýarow” diýen türkmen lakamy bilen
dürli žurnallarda neşir etdirdi.
Türkmen etnonimleri barada taryh ylymlarynyň doktorlary Sergeý
Atajanowyň, Ata Jykyýewiň we Annadurdy Orazowyň bitiren hyzmatlary
hem bellenmäge mynasypdyr.