Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


Türki etnonimleriň arasyndaky umumylyk we aýratynlyklar



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Türki etnonimleriň arasyndaky umumylyk we aýratynlyklar 
barada
Mälim bolşy ýaly, dünýä halklarynyň ählisi öz ösüşiniň belli bir 
pursatynda taýpa-tire bňlünişigini başdan geçiripdir. Şeýle bölünişik 
çarwa halklarda, meselem, gazaklarda, gyrgyzlarda, garagalpaklarda, 
başgyrtlarda, türkmenlerde we beýleki ençeme türki halklarda has 
uzak saklanypdyr. Ir döwürlerde oturymlylyga geçen azerbaýjan, tatar 
halklarynda, Özbegistanyň aglaba ülkelerinde taýpa-tire bölünişigi kem-
kemden ýatdan çykarylypdyr.
Türkmenlerde taýpa-tire bölünişiginiň uzak we berk saklanmagynyň 
ýene bir sebäbi olaryň daşyny gurşap alan feodal döwletleriň (Hywa 
hanlygynyň, Buhara emirliginiň we Eýran şalygynyň) bu halka garşy 
alyp baran basybalyjylykly syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Türkmen 
topragyna göz gyzdyran we onuň edermen halkyny dyza çökermäge 
ymtylan bu hökümdarlar “bölüşdir-de höküm sür” diýen kolonial şygary 
baýdak edinip, türkmen taýpalaryny (we dürli türki halklary) biri-biriniň 
garşysyna goýup, olaryň arasynda duşmançylyk oduny tutaşdyrypdyrlar. 
Beýle ýagdaýda merkezleşen döwleti bolmadyk türkmenler diňe 
öz taýpadaşlaryndan, urugdaşlaryndan haraý gözläpdir. Bu hem öz 
gezeginde tire-taýpa bölünişigini çuňlaşdyryp, onuň uzak saklanmagyna 
getiripdir.
Umuman, tire-taýpalaryň döremegi halkyň biri-birine garaşly 
ululy-kiçili böleklere bölünmegi we olaryň hersine aýry-aýry atlaryň 
dakylmagy taryhy zerurlyk netijesinde ýüze çykýar. Bu bölünişikde we 
olaryň atlarynda bolsa geçmişiň taryhy wakalary hem-de däp-dessurlary 
öz şöhlelenmesini tapýar. Başgaça aýdanda, tire-taýpalara bňlünmeklik 
we olara at dakmaklyk däbi öz döwrüniň jemgyýetçilik gurluşyndaky 
aýratynlyklara esaslanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde türkmen 
taýpalarynyň 24-e bölünmek däbini ýatlamak hem ýeterlikdir (orta 
asyr alymlary, şeýle-de gadymy “Oguznamalar” türkmenleri 24 
taýpadan ybarat il edip görkezýärler). Bu däp gadymy gunlaryň harby-
administratiw bölünişigi esasynda ýüze çykypdyr. Mälim bolşy ýaly, gun 
goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdirler. Her ganat üç şahadan, her 
şaha hem 4 bölümden ybarat eken (jemi 24 bölüm). Taryhy çeşmelerde 
uly bölümleriň hersiniň özüniň mahsus atynyň (gyr at, dor at, ak at, gara 


12
at, ala at) bolandygy hem bellenilýär. Gunlaryň döwründäki bu bölünişik 
däbi türkmenleriň 24 taýpa bölünmek däbinde we etnonimiýasynda şu 
wagta çenli saklanypdyr.
Diňe bir etnonimiýada däl, eýsem halkyň maddy we ruhy 
medeniýetiniň dürli gatlaklarynda bu däbiň saklanyp galandygy barada 
Ahmet Bekmyradow şeýle ýazýar: “Edil hunlaryň keçe-halysyndaky 
ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda 
ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli dörtden alty hatara 
ýa-da 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbiniň ýörgünlidigini 
aýtmalydyrys. Bu däpler hem hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan 
oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly. 24 göli dörtden alty hatara 
bölmek Oguz hanyň alty ogly hem olaryň hersiniň dört oglundan emele 
gelen türkmen taýpalarynyň birleşigini aňlatsa, 24 göli 12-den iki hatara 
bölüp salmak hem Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi 
baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr”

(durmuşyň 
dürli ugurlarynda 24-e bölünmek däbiniň duş gelşi barada “ýigrimidört” 
diýen makalada giňden gürrüň berildi) 
Türkmen tire-taýpalary we olaryň atlary dürli döwürleriň önümidir. 
Dörän wagtlaryna görä türkmen etnonimlerini biz 5 topa böldük. Olaryň 
birinji (iň irki) gatlagy gadymy türki ýazuw ýadygärliginde we hytaý 
çeşmelerinde duş gelýän alpan, bürgüt, war, gun, gyzan, gypjak, daz, 
dowlat, dokuz, däli (tele), sabyr, suwar, sakar, giç ýaly etnonimlerinden 
ybarat. 
Häzirki Türkmenistanyň (umuman, Orta Aziýanyň) territoriýasynda, 
bu etrapa entek türki halklaryň gelmezinden has owal, sak, massaget, 
tohar, alan ýa-da as, gürgen, teber (tabur), parnlar, sogdular, dahlar, 
margianalar, amurdlar (amardlar) ýaly öňden oturymly we göçme halklar 
ýaşapdyrlar. Dörän wagty nukdaýnazardan olary ýokarda sanalan türki 
halklardan we taýpalardan giçkidir çaklamak nädogry bolar, çünki bu 
etnonimleriň aglabasy 2, hatda 3 müň ýyly öz üstünden geçiren atlardyr. 
Ýöne weli bu atlar bilen belli bolan etnik toparlaryň türki halklaryň 
düzümine aralaşan döwri gadymy türki etnonimleriň ýüze çykan 
eýýamyndan soňky döwre degişlidir.
Orta asyr alymlarynyň (Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin, Ýazyjy-
ogly, Salar Baba, Abulgazy dagynyň) eserlerinde agzalýan türkmen 
1
Bekmyradow Ahmet. Andalyp hem oguznamaçylyk däbi.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish