Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


SOWRANLY Gökleňleriň  sowranly



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet180/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   176   177   178   179   180   181   182   183   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

SOWRANLY
Gökleňleriň 
sowranly
tiresiniň ady tire wekilleriniň orta asyrlarda 
ýaşan gadymy mekanynyň – Sowran şäheriniň ady bilen baglanyşyklydyr. 
Oguz türkmenleriniň esasy mesgenleriniň biri bolan Sowran (Sauran, 
Sabran) şäheri Syrderýanyň aşak akymynda, häzirki Türküstan şäheriniň
ýakynynda ýerleşipdir. Onuň harabalary şu wagta çenli saklanypdyr, ol 
Sauran diýen demir ýol stansiýasyndan uzak däl. Bu stansiýa hem şol 
gadymy şäheriň ady geçipdir.
Öz gezeginde, Sowran şäherine sabyr diýen gadymy türki taýpanyň 
ady dakylypdyr (bu taýpa barada 
Sabyr
diýen makala serediň), -an bolsa 
köplük sany aňladýan türki goşulmadyr (alpan, gyzan, imren, çakan ýaly 
etnonimlerde-de bu goşulma duş gelýär). Sowranly etnonimiň yzyndaky
-ly goşulmasy tire wekilleriniň gadymy mesgenini, degişliligi bildirýär 
(edil ahally, maryly etnonimlerde bolşy ýaly).
SOLTAN, SOLTANLY
Saryklaryň we tekeleriň düzümindäki
soltan
, alilileriň hem-de 
ýemrelileriň arasyndaky 
soltanly
diýen urug-tireler orta asyrlarda uly 
türkmen taýpasyny emele getiren soltanlylaryň galyndylarydyr. Bu 
taýpa, okly, gökli we agar taýpalary bilen birlikde XI asyrda Syrderýanyň 
boýlaryndan Balkan etraplaryna göçüp gelipdirler. Ýöne häzirlikçe bu
taýpa adyny geçiren soltanyň kimdigi belli däl.
SORT
Etrek derýasynyň boýunda Sortgala diýen ýere öz adyny geçiren 
bu tire günbatar ýomutlaryň düzümine girýär. Türkmenstanyň YA-nyň 
habarçy çleni, arheolog Ýe.Atagarryýew bu ady “gyzyl” manysyndaky 
surh diýen pars sözi bilen baglanyşdyrýar. Ýöne bu pikir ynandyrmaýar, 


198
çünki adyň yzyndaky h sesiniň t sesi bilen çalşygyny fonetik taýdan 
tasa getirmek mümkin däl. Biz bu ady Özbegistandaky şäherde ýaşap, 
köplenç söwda bilen meşgullanan ýerli ilatyň sart diýen etnik adyndan 
çaklaýarys, çünki sort aýtamgaly diýen tire Samarkant welaýatyndaky 
Nurata türkmenleriniň düzüminde-de duş gelýär.
SÖÝÜNJAJY
Çowdurlar, igdirler bilen birlikde Stawropol türkmenlerini düzýän 
we Maňgyşlakdan 1667—1670-nji ýyllarda şu etrapa göçüp gelen üç 
taýpanyň biri söýünjajylardyr (a sesi uzyn aýdylýar). Garabekewül 
ärsarylarynyň togaçy urugynda-da söýünjajy diýen tire bar. Söýünjajy 
diýen at iki sözden durýar: Söýünç—urugbaşynyň ady, ajy—hajy 
sözüniň (Mekkä haja gidip gelen adamyň dini adynyň) gysgalan görnüşi. 
Stawropol türkmenleri goşma atlaryň ikinji sözüni düzýän hajy sözüniň 
h sesini taşlap, a sesini uzyn aýdýarlar (a:jy).
Taryhda Söýünç diýen şahslar hem bolupdyr. Meselem, Abylgazy 
Tatar iliniň mongollara garşy gaýduwsyz göreşen 9-njy hanyň adyny 
tutýar. Etnonimiň şu hanyň ady bilen baglanyşykly bolmagy hem 
mümkindir. Belki, tekeleriň we ýomutlaryň düzümindäki söýünjek, 
ärsary we sakarlaryň 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   176   177   178   179   180   181   182   183   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish