Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet179/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   175   176   177   178   179   180   181   182   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

SELJUKLAR
Alymlaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, oguz türkmenleriniň 
gaty uly we iňňän kuwwatly taýpalar birleşigini emele getiren seljuklara 
olara ýolbaşçylyk eden serkerdäniň ady dakylypdyr. Seljuklar birleşigi 
X asyrda Gyrgyz sähralarynda, Syrderýanyň orta akymlarynda emele 
gelýär. Oňa ilki asly gynyk diýen oguz-türkmen taýpasyndan bolan 
Tukak (belki, Tuwak) diýen serkerde, soňra bolsa onuň ogly Seljuk (ýa-
da Seljik) ýolbaşçylyk edýär. Seljuk 100 ýa-da 107 ýaşap, 992-nji ýa-da
1009-1010-njy ýyllarda aradan çykýar, ony Jent diýen oguz şäherinde 
jaýlaýarlar.
Şol galagoply eýýamda Syrderýa oguzlary demirgazyk (ýa-da 
Ýaňykent) oguzlary we günorta (ýa-da seljuk) oguzlary diýen iki uly 
topara bölünipdirler. Gündogar ýurtlaryň alymlary Ýaňykent toparyna 
oguzlar, seljuklara bolsa türkmenler diýip at beripdirler. Soňky toparyň 
(seljuk türkmenleriniň) uly bölegi XI asyrda Syrderýa boýlaryndan 
Maňgyşlaga, Balkana, Saragta, Mara gelip, şu ýerleriň üsti bilen Eýrana, 
Kawkaza, Türkiýä, Yraga, Siriýa we beýleki ýurtlara aralaşýarlar, bu 


196
ýurtlary ýüzugra boýun egdirip, Akgoýunly, Garagoýunly ýaly ençeme 
döwletleri hem döredýärler. 
Seljuk türkmenleri ýaly äpet uly etnik birleşige adyny geçiren 
şahsyň Seljuk diýen adyny alymlar dürlüçe düşündirmäge synanyşýarlar. 
Meselem, O.I. Senkowskiý Seljuk diýen ady saljyk (“gaýyjak”) sözünden
çaklaýar, çünki, bu alymyň pikiriçe, Seljuk ýaşlykda Amyderýada 
gaýykçylyk edeni üçin, şeýle at alypdyr. Akademik W.A. Gordlewskiý 
bolsa türk dilinde seljuk görnüşinde ulanylýan bu etnik ady sel (“sil”) 
sözi we –çik diýen türkmen goşulmasy bilen baglanyşdyrýar. Bu alym 
Garategin (Pamir) oguzlarynyň Seltaudaky (Sildagdaky) buzlugy baryp
XI asyrda-da bilendigi üçin, olara şeýle adyň dakylandygyny belleýär.
Beýle düşündirişler adyň hakyky manysyny açyp bilmeýär. 
Biz Seljuk diýen taryhy şahsyň bolandygyny asla inkär etmezden,
serkerdelik derejesine ýetenden soň oňa öz taýpasynyň seljuk din ady 
dakylandyr diýip çaklaýarys, çünki oguzlarda (umuman, türki halklarda) 
serkerdelere öz taýpasynyň etnik adynyň dakylmasy adaty zat bolupdyr. 
Muňa Ärsary, Atatürk (Türkiýäniň birinji prezidenti Mustafa Kemalyň 
“türkleriň atasy” diýen manyda soň dakylan ady) ýaly atlar hem mysal 
bolup biler.
Eger şu çaklamany hakykat hökmünde kabul etsek, onda seljuk 
diýen etnonimiň aslynda saljyk (a sesi gysga) ýa-da salçyk bolandygyny 
ynamly aýtmak bolýar. Bu ýerde sal sözi gadymy gunlaryň sal diýen 
taýpasynyň adyndandyr (ol barada Salak diýen makala serediň), -jyk we –
çyk bolsa goşma affiks bolup, -çy (degişliligi bildirýän –ly goşulmasynyň 
hyzmatynda) we köplügi bildirýän -k goşulmalaryndan durýar.
Seljuk etnoniminiň saljyk sözündendigine şübhelenýänleri 
ynandyrmak üçin, iki sany degerli delil getirmekçi. Birinjiden, Seljuk 
we onuň atasy Tukak gynyk taýpasyndandyr. Gynyk sözüne bagyşlanan
makalada gürrüň berşimiz ýaly, gynyk diýen at gadymy gunlaryň gun 
diýen etnik adyndan we –yk goşulmasyndan durýar. Diýmek, Seljugyň 
asly gunlara, belki, olaryň sal taýpasyna direýär, şonuň üçinem oňa Saljyk
diýen at dakylypdyr. Ikinjiden, gunlar bilen goňşulykda ýaşan, has 
gadymy geçmişde bolsa olar bilen bir halky emele getiren mongollaryň 
düzüminde saljyut diýen taýpa bolup, onuň adynyň yzyndaky –yt 
goşulmasy (edil saljykdaky –k goşulmasy ýaly) köplügi aňladypdyr. 
Şu iki ýagdaý seljuk diýen adyň aslynda saljyk (saljuk) bolandygyny 


197
tassyklaýar.
Diýmek, seljuk diýen etnik at “sallar”, “sal taýpasy”, “sal ili” diýen 
manyda bolup, ol salak, salyk, salyr, saltyk ýaly taýpa atlary bilen bir 
semantik hatary düzýär.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   175   176   177   178   179   180   181   182   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish