Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet137/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   133   134   135   136   137   138   139   140   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

JAGAL, JAGALBAÝ
Ärsarylaryň abdal urugynyň 
jagal
we gyzylaýak urugynyň 
jagalbaý
atly tireleriniň asly bir bolup, olara jagalbaý (rusça debnik) 
atly ýyrtyjy guşuň ady dakylypdyr. Şu atdaky urug-tireler ençeme türki 
halklarda hem bar, ýöne olaryň ady her halkyň dil aýratynlygyna görä 
biraz üýtgeşme bilen ulanylýar. Meselem: başgyrtlarda we özbeklerde 
ýagalbaý
, garagalpaklarda 
jagaltaý
, gazaklarda 
jagalbaýly
. Başgyrt 
alymy R.G. Kuzeýew degişli taýpasyny görkezmezden, 
ýagaltaý
diýen 
tiräniň türkmenlerde-de bardygyny ýazýar. S.M Abramzon we R.G. 
Kuzeýew ýaly alymlaryň pikirine görä, jagalbaý ýa-da ýagalbaý diýen 
topar orta asyrlarda Aral ýakalarynda ýaşan türki halklaryň arasynda 
döräp, oňa tagmasynyň şekiline görä, şeýle at dakylypdyr. Bu taýpanyň 
tagmasy, dogrudan-da, öz awynyň yzyndan batly kowup, uçup barýan 
guşy ýatladýar. Onuň formasy ýaýyň peýkamyna meňzeşdir.
JAGYLJOGUL
Nohurly taýpasynyň 
jagyljogul
taýpasy we onuň ady ençeme 
alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Meselem, türkmen dilindäki 
makalalaryna Hoşgeldi Bagtyýarow diýip gol çeken alym G.I.Karpow 
bu ady jagyl-jugul diýen ses meňzetmesinden hasaplaýar we ony urug 
wekilleriniň galmagalçydygy bilen baglanyşdyrýar. Belli türkmen 
dilçisi A.P. Poseluýewskiý bolsa bu etnonimi jagyl jöhit, ýagny “nadan 
jöhit” diýip düşündirýär, emma öz pikirini delillendirmeýär. Moskwaly 
alym G.P. Wasilýewa bu çaklamalaryň jagyljogullylar tarapyndan hem 
aýdylýanlygyny, ýöne olaryň hakykata dogry gelmeýänligini belleýär. 
Etnonimiň manysy barada häzirlikçe başga maglumat ýok.
JANGURBAN//JANGURBANLY
Giçki orta asyrlarda Eýrandaky türki halklardan, esasan hem 
dürli türki taýpalaryndan emele gelen uly etnik topara 
jangurban
ýa-
da 
jangurbanly
diýlipdir. Göräýmäge manysy düşnükli ýaly bolsa-da, 
etnonimiň türkmen sözleri bilen dahyly ýok. Ol Eýranda mongollaryň 
agalygy döwründe ýüze çykýar. Jangurbanly taýpasynyň serkerdeleri 
şu ýurtdaky mongol (oýrat) hökümdary Argun-aganyň ýakyn 


150
hemaýatçylary bolup, öz taýpasyna-da at hökmünde şu ýerde ulanylýan 
harby-adminastratiw adalganyň—
dzaun-gurban
diýen mongol sözüni 
saýlap alýar. Bu söz türkmençä geçirilende, “goşunyň çep ganatynyň üç 
bölümi” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan-da, bu taýpanyň wekilleri 
Argun-aganyň goşunynyň çep ganatynda üç esasy düzüpdir. Manysy 
düşnüksiz dzaun-gurban sözi soňra jangurban diýen türkmen sözleri 
bilen çalşyrylýar. XVI asyrda Eýranda mongol şalygy ýykylandan 
soň, Mary, Abywerd (Kaka) we Nusaý jangurbanlylaryň eline geçýär. 
Soňra bu taýpa Eýranda we Türkmenistanda dürli taýpalaryň arasyna 
siňip gidýär. Häzir ol gökleňleriň gaýy bölüminiň bit tiresi hökmünde 
Garrygala raýonynda saklanyp galypdyr.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   133   134   135   136   137   138   139   140   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish